Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda okuwçy gyzlar “ahlak päkligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagyndan geçirilýär


Okuwçy gyzlar (Illýustrasiýa suraty)
Okuwçy gyzlar (Illýustrasiýa suraty)

Balkanyň häkimiýetleri ýokary synp mekdep okuwçylaryna gözegçiligi ýene güýçlendirdiler. Häkimiýet wekilleri okuwçy gyzlary “ahlak päkligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagyndan geçirýärler. Okuwçy oglanlaryň mobil telefonlary barlanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde 9-11-nji synp okuwçy gyzlar uçdantutma ginekologiýa barlagyndan geçirilýär. Jynsy gatnaşykda bolan gyzlaryň sany anyklanyp, olaryň sanawy polisiýa we MHM-niň ýerli edaralaryna tabşyrylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly bilim işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Häkimiýet wekilleri bu barlaglary geçirmek üçin okuwçy gyzlaryň razylygyny almaýarlar. Okuwçylaryň we ene-atalaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, olar bu barlagdan geçmäge mejbur edilýär.

Bilim işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri gyzlaryň kimler bilen jynsy gatnaşykda bolandygyny hem anyklap, olaryň telefon gepleşiklerini we hatlaryny yzarlaýarlar.

“Kanun goraýjylar bu işleriň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlar bilen jynsy gatnaşyga girýän raýatlara kanuny jeza bermek maksady bilen geçirilýändigini aýdýarlar. Häzir munuň bilen bagly welaýatda uly iş başlandy” diýip, bilim işgäri sözüne goşdy.

Häkimiýet wekilleri bu barlaglar we onuň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne bilim işgärleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, barlaglaryň geçirilip başlanmagyna Balkanabatda durmuşa çykmadyk alty sany okuwçy gyzyň göwrelidiginiň anyklanmagy sebäp boldy.

“Bu gyzlar şäheriň 2-nji, 4-nji, 8-nji we 11-nji mekdeplerinde 9-11-nji synplarda okaýar ekenler. Bu maglumat Aşgabada, ýagny Bilim ministrligine baryp ýetensoň, ýokardaky resmiler welaýat bilim müdirliginiň başlygyna berk nägilelik bildiripdirler. Munuň yz ýany, sebitiň iri şäherlerinde “ahlak päkligi” atlandyrylýan barlaglar geçirilip başlandy” diýip, bilim işgäri belledi.

Azatlygyň bu barada welaýat bilim müdirliginden, şeýle-de agzalýan mekdeplerden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary başa barmady.

Sebitiň bilim bölümleriniň ençeme işgäriniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, soňky birnäçe ýyllykda 15-16 ýaşly gyzlaryň göwreli galmagy ýaly wakalar köpelýär we bu günsaýyn agyr meselä öwrülýär.

“Bu gyzlaryň köpüsiniň ene-atasy daşary ýurtlarda işleýär. Bu ene-atalar ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik zerarly, eklenç gözleginde daşary ýurtlara işlemäge gidip, çagalaryny eklejek bolýarlar, ýöne olar uzak aralykda çagalarynyň terbiýesinden habar alyp, olara täsir edip bilmeýärler. Bu gyzlar uly ýaşly, ýagny 22-25 ýaşly oglanlaryň hilesine aldanýarlar” diýip, bilim işgäri belledi.

Soňky alty ýyl bäri Türkmenistanda häkimiýetler okuwçy gyzlary mejbury ginekologiýa barlagyndan geçirýärler. Bu çäreler käte ýylda bir gezek, käte-de ýylda iki gezek duýdansyz geçirilýär.

Habarçylarymyz munuň gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň we ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda ýetginjek gyzlaryň ten satmaga meýil etmegi ýaly wakalaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Bu habarlar, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, güzeran eklenji agyrlaşýan, dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň sanynyň göz-görtele artýandygy baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri şeýle meseleler barada habar bermeýärler we bulary aç-açan ara alyp maslahatlaşmaýarlar.

Bu aralykda, Türkmenbaşynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri orta mekdeplere duýdansyz aýlanyp, okuwçy oglanlaryň mobil telefonlaryny hem barlaýarlar.

“Olar duýdansyz synp otaglaryna girip, okuwçylaryň jübülerini, torbalaryny içgin barlaýarlar. Kanun goraýjylar telefonlarda Internetde pul salnyp oýnalýan humar oýunlaryny oýnaýanlary anyklamaga çalyşýarlar. Bu oýunlary oýnaýan okuwçylardan kimlerden pul alýandygy soralýar we olar hasaba alynýar” diýip, türkmenbaşyly mekdep mugallymy anonim şertde gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG