Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR, Gazagystanyň Daşary işler ministrligi akkreditasiýa meselesi boýunça ylalaşdy


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasy.

Gazagystanda hökümetiň garaşsyz mediany bogmaga çalyşýandygy barada dowam edýän howatyrlanmalaryň arasynda, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy özüniň bu ýurtdaky onlarça žurnalistiniň akkreditasiýa edilmegi boýunça ýurduň Daşary işler ministrligi bilen ylalaşyga bardy.

23-nji aprelde gazanylan ylalaşygyň jikme-jikligi bada-bat mälim bolmady.

“Biz Daşary işler ministrligi bilen ylalaşygy mübärekleýäris” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Kapus aýtdy.

“Bu prosesiň dowamynda, biziň bar isleýän zadymyz, kaýyl bolmazdan, öz žurnalistlerimiziň Gazagystanda öz işlerini howpsuz ýagdaýda dowam etdirip bilmekleri boldy. Biz öz auditoriýalarymyza garaşsyz, ygtybarly habarlar bilen hyzmat etmäge ygrarly galýarys we bu ylalaşyk bize edil şony berjaý etmäge mümkinçilik berer” diýip, ol belledi.

XS
SM
MD
LG