Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar


2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda betbagtçylykly harasat boldy. Arhiw suraty.
2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda betbagtçylykly harasat boldy. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda 2020-nji ýylda bolup geçen heläkçilikli harasatyň dördünji ýyl dönüminde, “Post-sowet dissidentleriniň Warşawa ýaranlygy” atly topar 27-nji aprelde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Warşawadaky Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirip, türkmen häkimiýetlerini harasat boýunça hasabat bermäge çagyryş etmäge taýýarlanýar. Bu barada toparyň Facebook sahypasynda bildiriş ýaýradyldy.

Bildirişe görä, aktiwistler türkmen häkimiýetlerinden harasatyň netijelerini boýun almagy, adam ýitgileri we zeper ýetmeler boýunça hem-de dikeldiş işleri barada hasabat bermegi we tupanda ejir çeken maşgalalara kompensasiýa tölemegi talap edýärler.

2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda adam ýitgilerine getiren heläkçilikli harasat boldy. Türkmen hökümeti we döwlet media serişdeleri bu harasat barada habar bermedi.

Forum

XS
SM
MD
LG