Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyş aýlaryndaky uruş. Sowuk Ukraina täsir edýärmi ýa-da Russiýa?


"Diňe sowuk we çyglylyk bolar, muňa hiç hili şübhe ýok” diýip, ABŞ-nyň pensiýa çykan generaly gyşky aýlarda Ukrainadaky uruş barada pikir ýöredýär.
"Diňe sowuk we çyglylyk bolar, muňa hiç hili şübhe ýok” diýip, ABŞ-nyň pensiýa çykan generaly gyşky aýlarda Ukrainadaky uruş barada pikir ýöredýär.

Takmynan 10 aýa golaýlap barýan wagtda, Orsýetiň Ukraina basyp girmeginiň täze – gyş möwsümi başlanýar. Gyş harby bölümlere täze jebir-azaplary getirýär hem ýaraglar bilen bagly kynçylyklary döredýär. Sowuk howa şertlerinde näme üýtgeýär we artykmaçlyk kimiň tarapynda bolar?

Gar ýagmazdan öň ýagmyr ýagyp, garymlary suwdan doldurýar. Käbir ýerlerde aýakgaplaryň aşagyndan sowuk suw geçip, esgerleriň aýagyny doňdurýardy. Bu päsgelçilik bejerilmedik ýagdaýynda, ol gangrena – teniň çüýräp akmagyna çenli elhenç netijelere eltýär.

Soňra ýer doňup, garym gazmak kynlaşýar.

On aýa golaý wagt bäri dowam edýän Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda, gyş pasly gelip ýetdi: iň gazaply söweş günortadan gündogara geçdi. Rus goşunlary Donbasa, Bahmuta hüjüm edýärler, Ukrainanyň Ýaragly Güýçleri demirgazyk tarapda öz orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar.

Howanyň sowamagy adamlaryň kösenmegine sebäp bolýar, uruş enjamlarynda we ulaglarda bökdençlik döreýär, söweş hereketleriniň gerimi kiçelýär.

Aýazly howa harby synçylarda çaknyşyklar ýaza çenli doňdurylarmy ýa-da taraplaryň biri ony peýdalanyp biljekmi diýen sorag döredýär.

Eger ukrainler hüjümi ele almagy başarsalar-da ýa-da ruslar goşmaça ýer eýeläp bilseler-de, ýerüsti söweşler iki tarapyň harbylary üçinem, birnäçe aýlap güzaply bolup galar.

“Bu bir güzaplyk, diňe sowuk we çyglylyk bolar, muňa hiç hili şübhe ýok” diýip, ABŞ-nyň pensiýa çykan goşun generaly Ben Hodžes aýdýar. Ol 2014-2018-nji ýyllar aralygynda Ýewropada, ABŞ-nyň güýçlerine ýolbaşçylyk edipdi.

“Howa – ol howa şerti, palçyk hem palçyk. Bu şertlerde, hatda tehnologiýa bilen hem köp zat edip bilmersiň. Emma bu ukrainlere garanda, ruslara has beter agyr düşer. Men muny maddy tarapdan aýdýaryn: rus esgerleri, ýaňy-ýakynda goşuna çagyrylanlar, doly enjamsyz we üpjünçiligi ýaramaz, ýolbaşçylyk hem ýok” diýip, Azatlyga beren interwýusynda sözüne goşdy.

GARYMLARDAKY SURNUKDYRYJY IŞ

Gar eýýäm Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryny we gündogary, ýagny Donbas töwereklerini örtdi. Ýurduň köp ýerlerinde howanyň temperaturasy noldan aşaga düşýär.

Russiýanyň yzygiderli raketa hüjümleri Ukrainanyň elektrik we ýylylyk üpjünçilik infrastrukturasynyň köp bölegini ýok etdi. Netijede, şäherlerde we oba ýerlerde millionlarça adam ýyladyş işlerinde kösençlik çekýär, telefonlaryny birikdirmek ýa-da jaýda bar bolan suwlary akdyryp mydar edýärler.

Adamlar gar ýagyp duran wagtynda, Kiýewiň merkezindäki köçeden barýarlar. 7-nji dekabr
Adamlar gar ýagyp duran wagtynda, Kiýewiň merkezindäki köçeden barýarlar. 7-nji dekabr

Bilermenler garymdaky ýagdaýyň mundan hem erbetdigini aýdýarlar.

“Esasy bökdençlik garymlarda bolýar. Oňa tomsuna-da, gyşyna-da iň ýarmaz ýer diýip bolar. Siz öz güýjüňizi odunyň bolrak ýerine bölmelisiňiz – diýip, Finlandiýanyň zapasdaky ofiseri we Helsinki şäherindäki Milli goranmak uniwersitetiniň öňki professory, polkownik Janne Makitalo aýdýar. — Garym gazmagy häzirki zaman söweşi diýip bolmaz, esasan hem suw sebäpli, diňe bir olam däl, daş-töweregiňde dronlar uçýarka, olardan gizlenip bolmaýar” diýip, sözüne goşýar.

Günbataryň aňtaw gullugynyň wekilleriniň pikirine görä, sowuk sebäpli söweşleriň ýygylygy peseler.

“Biz eýýäm çaknyşygyň depgininiň bir hili peselýändigini görýäris, muny geljek aýlarda-da göreris diýip tama edýäris” diýip, ABŞ-nyň Milli razwedka bölüminiň başlygy Awril Heýnes 3-nji dekabrda eden çykyşynda aýtdy.

Bu pikir bilen hemmeler ylalaşyp baranok.

Batgalyk doňdugyça, ýer gatap başlaýar, tanklara we zynjyrly agyr ýaragly tehnikalara hereket etmek aňsat bolar diýip, golaýda Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Gündogar bölüminiň sözçüsi Sergeý Çerewatyý aýtdy.

“Biz gyş möwsüminde boljak söweşlere taýýarlanmak üçin, elimizde baryny edýäris. Muňa öz enjamlarymyzy taýýarlaýarys – olary gyşda ulanyp boljak ýagdaýa geçirýäris, harby bölümleri ýörite egin-eşik we ok-däri bilen üpjün etmek hem olara ýylanmaga we dynç almaga mümkinçilik döredýäris” diýip, Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň “Army-Inform” habarlar agentligi bilen bolan interwýusynda mälim etdi.

Ukrainanyň tanky ýurduň gündogarynda bulamaga öwrülen palçykda hereket edýär, 28-nji noýabr.
Ukrainanyň tanky ýurduň gündogarynda bulamaga öwrülen palçykda hereket edýär, 28-nji noýabr.

“Gyş aýlary, adatça, Ukrainada mehanizmleşdirilen söweş üçin, iň amatly möwsüm, ýazda bolsa söweşiň muşakgatly wagty. Maýylganlyk wagtynda derýalar hem bulaklar kenaryndan çykyp, meýdanlar batgaly deňze öwrülýär. Ukrain goşuny batgalyk güýz aýlaryna garanyňda, hereket etmäge ýeňil bolar ýaly, ýeriň doňmagyndan peýdalanmaga taýýarlanýar” diýip, Waşingtondaky Urşy öwreniş institutynyň barlag merkeziniň 4-nji dekabrda geçiren gündelik hasabatynda aýdyldy.

Gyş şertleri meýdandaky goşunlar üçin, agyr kynçylyklar emele gelýär: garda garymlarda, yzlary tapmak ýeňil, tokaýdaky agaçlar ýalaňaç bolansoň, harby bölümleri we ýaraglary anyklamak üçin, dronlary ulanmak aňsat düşýär, şeýle hem agaçlaryň arasynda harby enjamlary ýaşyrmak kynlaşýar.

“Bar zat haýal hereket edýär. Sowuk ýadadýar, esgerleri halys irizýär hem surnukdyrýar” diýip, Ben Hodžes aýdýar.

Rus goşunlary barada aýdylanda bolsa, tassyklanmadyk maglumatlara görä, sowugyň artmagy bilen olarda ýeterlik galyň egin-eşigiň bolmazlygy we söweş enjamlarynyň göz öňünde tutulmandygy agyr kynçylyklary döredýär. 21-nji sentýabrda prezident Wladimir Putiniň buýrugy boýunça ýüz müňlerçe adamyň duýdansyz mobilizasiýasy sebäpli, goşun sanynyň artmagy bilen Orsýetiň aragatnaşyk ulgamlary we üpjünçilik zynjyrlary örän dagynak ýagdaýa düşdi.

Golaýda urşa sürlen rus harby gullukçylarynyň käbiri sosial ulgamynda, özüne gerek enjamlaryny, mysal üçin gyzdyryjy peç ýaly zatlary satyn almaly bolýandygyna närazylyk bildirdiler. Russiýa Demirgazyk Koreýanyň egin-eşik tikýän fabriklerinden, öz esgerleri üçin, gyşky egin-eşik we içki eşikleri tikmegi haýyş edendigi hakda habar bar.

Rus goşunlary tertip-düzgüniň ýoklugyndan hem-de goşun bölekleriniň bitewi dälliginden ejir çekýärler. Hatda aýlaryň dowamynda buýruga boýun egmezlik ýaly ýagdaýyň hem bolýandygy habar berilýär. Orsýetiň käbir media serişdeleri serkerdeleriň buýruklaryna ters gelýän rus birlikleriniň yza çekilmegini bökdemek üçin, “gabaw toparlarynyň” peýda bolandygy barada, habar berdiler.

“Siz sowukda teşnelikden gutulmak üçin, esgerlere hökman suw içmegi buýurýarsyňyz. Bölümler tertipsiz bolansoň, esgerler garymlarda özlerinde rahatlyk duýanlarynda, elbetde, keselçilik ýaýraýar” diýip, Hodžes belleýär.

Her nähili-de bolsa, Russiýa ýaza çenli öz eýelän ýerini saklamaga çalşar, sebäbi mobilizasiýa edilen 300 müňe golaý harbynyň hasabyna goşunlaryň sany artdyryldy, olar enjamlar bilen üpjün edilip, türgenleşik geçýärler.

“Rus esgeriniň çydamlylygyna kembaha garap bolmaz. Olaryň ýeňlişe hem agyr horluga duçar bolan uruşlary köp, her niçigem bolsa, olar saklanyp bildiler” diýip, Londondaky Korollyk harby barlaglar boýunça kollejiniň öňki professory Lorens Fridman ýaňy-ýakynda öz podkastynda aýtdy.

PEÇLER, ÇADYRLAR, ÄDIKLER, ELLIKLER

Şol wagtyň özünde, Günbatar ýaranlary Ukrainany diňe bir artilleriýa we ok-däri däl, eýsem gyşky şertlere enjamlaşdyrylan häzirki zaman üpjünçilik serişdeleri bilenem goldaýarlar. Şeýlelikde, Britaniýanyň Goranmak ministrligi ýaňy-ýakynda Ukraina 195 müň sany gyşky egin-eşik iberendigini habar berdi. Kanada bolsa ýarym milliona golaý gyşky harby eşik berýär.

Geçen aýda Pentagon Ukrainany 200-den gowrak elektrik generatory bilen üpjün edendigini aýtdy. Ondan öň ýany, çadyrlary, ýylydyjy enjamlary we sowuk howa üçin gerek boljak müňlerçe serişde ugradypdy.

Muňa garamazdan, Makitalo şeýle diýýär: “Rus tarapynyň tükeniksiz zapasy bar; ruslaryñ şeýle bir ýaragy köp, şeýle bir ulaglary köp, partlaýjy serişdeleri, raketalary şeýle köp bolansoň, ýagdaý örän agyr welin, Ukraina ýitgä sezewar bolýar”.

“Ukrainalylarda gyşky eşik, gyşky harby aýakgaplar, aşagy galyň rezin ädikler, gyş üçin ellikler ýetmeýär” diýip, ol sözüne goşdy.

“Ýerkümeleri ýylytmak üçin, olara peç bermeli, içini ýyladyp bolýan çadyrlar, ýatylýan düşekler möhüm. Sowuk ýerde ýatmazlyk üçin, ýere ýazylýan düşekçeler örän möhümdir. Akkumulýatorlary, öýjükli telefonlary, dolandyryş gurallaryny, dronlary işletmek üçin, generatorlar möhüm» diýip, ol aýdýar.

Has uly tehnika – gaubitsalar, sowutly ulaglar, tanklar, ýük ulaglary barada aýdylanda, bu ýerde harbylara enjamlaryň esasy abatlygyny saklamak bilen bagly ýönekeý kynçylyklar duş gelýär: sowuk aýazda ýag şepbeşik zada öwrülýär, hili pes kauçuk tigirleriň çatlamagy mümkin.

“Gyşda tehniki hyzmat işleri çylşyrymly hem kyn. Biziň artilleriýamyz üçin, dürli görnüşli çalgy ýaglary gerek. Siz tigirlerdäki basyşy ýeterlik derejesinde dogry saklamaly. Sizi goldaýan gowy aragatnaşyk ulgamy bolmaly” diýip, Hodžes aýdýar.

Gyşda gündelik meýdan tehnikalarynyň usullary hem üýtgeýär diýip, Makitalo belleýär: fin harby gullukçylary öz esgerlerine sowuk howa şertlerinde söweş türgenleşigini öwredenlerinde, çadyrdan çykyp, daşardaky sowuk bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan öňürti, ýaragyň gyzgyn nilindäki ähli ýagy süpürip aýyrmagy öwredýärler, ýogsa metalda kondensat peýda bolup, ol hem gatap, ýaragyň doňmagyna getirip biler.

“Ýerdäki şertleri göz öňünde tutmazdan, şu wagtda Ukrainada netijeli harby ýolbaşçy boljagyna şübhelenýärin” diýip, ol sözüne goşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG