Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan içerki syýahat üçin kowid testini talap etmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan pandemiýa aladalarynyň arasynda girizen içerki hereket çäklendirmelerini gowşadýar. Şol bir wagtda, halkara uçar gatnawlarynyň artdyrylmagy bilen, ýolagçylaryň gelýän ýurduna görä, karantin düzgünleri hem üýtgeýär. Türkmen hökümeti ýurduň çäginde koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürmegini dowam etdirýär.

“15-nji oktýabrdan başlap Lebapdan Aşgabada we ýurduň beýleki künjeklerine gitmek üçin, ozal hökmany bolan, kowid testiniň 72 sagatlyk netijeleri indi talap edilmeýär. Bu düzgün ulag ýolagçylary üçin mundan bir aý töweregi ýatyrylan bolsa, uçar we otly bilen syýahat edýänler üçin geçen hepdäniň aýagynda aradan aýryldy” diýip, bu ýagdaýlary yzarlaýan ýerli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz, ozalky kada laýyklykda, biletiň bahasynyň üstüne, öz hasaplaryna goşmaça 120 manat pul çykaryp, testden geçmeli bolandyklaryny aýtdy.

“Indi artykmaç çykdajylarymyz azaldy” diýip, ol 17-nji oktýabrda belledi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň çägine daşary ýurtdan gelýänleriň karantin düzgünleri hem birek-bireginden tapawutlanýar. Ýatlatsak, Azatlyk daşary ýurtlardan dowamly uçar gatnawlary bilen gelýän türkmen raýatlary üçin ozal hökmany bolan karantin düzgüniniň şu aýyň başynda ýatyrylandygyny, şol bir wagtda daşary ýurt raýatlary üçin üzňelişdirmäniň saklanyp galýandygyny habar beripdi.

“Daşary ýurt raýatlary üçin hem karantin düzgüniniň ýatyryljakdygy baradaky ozal gürrüňi edilen taslama entek durmuşa geçirilmedi. Olar henizem hökmany üç gün karantinde bolmaly. Golaýda Hytaýdan [soňky iki ýylyň içinde] ilkinji uçaryň Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Emma bu dowamly däl-de, çarter uçary bolar. Şonuň üçin ol bilen geljek daşary ýurt firmalarynyň hünärmenleri bilen birlikde, türkmen raýatlary hem üç gün karantine ýerleşdiriler. Olar aeroportda ýa 10 dollar, ýa-da 120 manat pul töläp kowid testini hem tabşyrmaly bolarlar” diýip, Türkmenistandaky ygtybarly çeşmämiz belledi.

Şol bir wagtda, görnüşinden, türkmen häkimiýetleri Özbegistan tarapyndan ýurda girýän ýolagçylary, şol sanda türkmen raýatlaryny hem karantine ýerleşdirýär.

“Golaýda şahsy işlerim bilen Özbegistana gitmeli boldum. Türkmenistandan çykanymda we Özbegistana girenimde hiç hili mesele bolmady. Emma aradan 10 gün geçirip dolananymdan soň, Farap gümrügindäki resmiler karantine ýerleşmelidigimi aýtdylar” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Ejegül diýlip tutulmagyny soran söhbetdeşimiz belledi.

Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň ýokdugyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri, şol sanda Migrasiýa gullugy gelýän ýurduna we raýatlygyna görä ýolagçylaryň karantin düzgünleriniň tapawutlanýandygy barada aýdyňlaşdyryjy maglumat bermeýärler. Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.

Bu aralykda, ýakyndan Özbegistandan dolanan Ejegülüň sözlerine görä, serhetleriň açylmagy bilen, bu günler Özbegistana wiza almakçy bolýan türkmenistanlylaryň sany hem göz-görtele artypdyr. Ol serhetdäki Farap gümrükhanasyndan her gün azyndan 10 türkmenistanlynyň demirgazykdaky goňşy ýurda geçýändigine şaýat bolandygyny aýtdy. Soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary ýurtlara gidýänleriň we gitmek isleýänleriň sanynyň artýandygy barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler. Olar munuň esasy sebäplerini ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk ýeter ýetmezçiligi we gymmatçylygy bilen düşündirýärler. Türkmen häkimiýetleri bu problemalary ykrar etmeýärler.

Türkmenistan halkara uçar gatnawlaryny, koronawirus pandemiýasynyň arasynda, 2020-nji ýylyň martynda togtadyp başlapdy. Türkmen häkimiýetleriniň bu karary netijesinde, şeýle-de mundan soň raýatlaryny watanyna dolamak ugrunda ýeterlik tagalla etmändigi sebäpli daşary ýurtlarda, hususanda Türkiýede müňlerçe türkmenistanly agyr şertlerde galmaly bolupdy.

Türkmenistan şu ýylyň maý aýynyň aýagyndan başlap käbir dowamly halkara uçar gatnawlaryny ýola goýup başlady. Şu günki gün "Türkmenistan" awiakompaniýasy Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt, Minsk, galyberse-de Stambul şäherlerine yzygiderli uçar gatnawlary amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG