Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Korrupsiýa garşy göreşijiler üçin täze baýragynyň ikisi gyrgyz we ukrain raýatlaryna berildi


Bolot Temirow
Bolot Temirow

Blinken baýraklary yglan etmek bilen, korrupsiýanyň howpsuzlyga wehim salýandygyny, ykdysady ösüşe päsgel berýändigini, demokratiýa we adam hukuklaryna zyýan ýetirýändigini, döwlet edaralaryna bolan ynamy ýok edýändigini, transmilli jenaýatçylyga ýol açýandygyny... aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan korrupsiýa garşy çempion hökmünde ykrar edilen 12 adamyň arasynda gyrgyz derňew web sahypasynyň baş redaktory we Ukrainanyň öňki baş prokurory hem bar.

Täze, halkara korrupsiýa garşy çempionlar baýragynyň ýeňijileri 23-nji fewralda döwlet sekretary Antoni Blinken tarapyndan yglan edildi we ol bu baýragyň öz ýurtlarynda korrupsiýa garşy ýadawsyz göreşýän we köplenç duşmançylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlary ykrar edýändigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň “FactCheck” derňew web sahypasynyň baş redaktory Bolot Temirow we geçen ýyl parlamentde ynamsyzlyk ses berişliginde Ukrainanyň baş prokurory wezipesinden boşadylan Ruslan Rýaboşapka hem täze baýraga mynasyp boldy.

“FactCheck” we açyk çeşmeli derňew guramasy bolan “Bellingcat” Gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raýimbek Matraýimowy we onuň Gyrgyzystandan bir milliard dollar töweregi pul çykarylmagy bilen baglanyşykly korrupsiýa dawasynyň merkezinde bolan garyndaşlaryny derňedi.

Matraýimow şu aýda korrupsiýa aýyplamalary esasynda gaýtadan tussag edildi we häzirki wagtda deslapky tussaghanada saklanylýar.

Temirowa 2020-nji ýylyň ýanwarynda, derňew çap edilenden soň, web sahypasynyň Bişkekdäki edarasynyň golaýynda hüjüm edildi we bu ýagdaý Birleşen Ştatlaryň hem-de birnäçe metbugat azatlygy guramasynyň gyrgyz häkimiýetlerini çalasyn we düýpli derňew geçirmäge çagyrmagyna alyp geldi.

Rýaboşapka Ukrainanyň gykylyk-galmagalyň öýjügine öwrülen Baş prokuraturasyny düzgün-tertibe salmak we has professional etmek ugrunda alyp baran tagallalary üçin korrupsiýa garşy aktiwistler tarapyndan gowy görülýärdi. Ol bu wezipede 2019-njy ýylyň 29-njy awgustyndan tä 2020-nji ýylyň 5-nji martynda, wezipesinden çetleşdirilýänçä baş prokuror bolup işledi.

Ruslan Rýaboşapka
Ruslan Rýaboşapka

Blinken baýraklary yglan etmek bilen, korrupsiýanyň howpsuzlyga wehim salýandygyny, ykdysady ösüşe päsgel berýändigini, demokratiýa we adam hukuklaryna zyýan ýetirýändigini, döwlet edaralaryna bolan ynamy ýok edýändigini, transmilli jenaýatçylyga ýol açýandygyny, döwlete we hususy pudaga degişli serişdeleri başga ugurlara akdyrýandygyny aýtdy.

"Baýden administrasiýasy bu meseleleri çözmekdäki üstünligiň diňe korrupsiýa garşy tagallalary goldaýan batyrgaý şahsyýetler we korrupsiýa garşy halkara ülňüleri baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin işleýän ýurtlar bilen bilelikde işlemek arkaly gazanyljakdygyny gowy bilýär" diýip, Blinken aýtdy.

Albaniýaly Ardian Dworani; ekwadorly Diana Salazar; mikroneziýaly Sofiýa Pretrik; gwatemalaly Huan Fransisko Sandowal Alfaro; gwineýaly Ibrahima Kalil Gueye; Hindistandan Anjali Bhardwaj; yrakly Dhuha Muhammet; liwiýaly Mustafa Abdullah Sanalla; filippinli Wiktor Sotto we sierra leonely Frensis Ben Kaifala dagy hem halkara korrupsiýa garşy çempionlar baýragynyň ýeňijileri boldy.

XS
SM
MD
LG