Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň tabşyrygyndan soň, Maryda pagtany ‘iň soňky hanasyna’ çenli ýygnamak işleri güýçlendi


Türkmen esgerleri pagta ýygýar. Arhiwden alnan surat
Türkmen esgerleri pagta ýygýar. Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynda pagta hasylyny “iň soňky hanasyna” çenli ýygnamak boýunça çäreler güýçlendirildi. Býujet işgärlerinden “ýygym üçin” nobatdaky gezek pul ýygnalyp, hakyna tutylan adamlar pagta ýygymyna iberilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlaryň häkimleriniň her birine gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylynyň 25-nji dekabra çenli doly ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny tabşyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

“Mary welaýatyndaky gowaça meýdanlarynyň ählisinde pagta hasylyny ýygnamaly diýip, welaýat häkimi etrap häkimlerine buýruk beripdir. Munuň bilen bagly, býujet işgärlerinden ýygym üçin ýene-de pul ýygnadylar. Şu hepde dekabryň aýlyklary raýatlaryň bank hasaplaryna geçirilenden soň, olar adam başyna 20 manady edara başlyklaryna tabşyrdylar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 20-nji dekabrda gürrüň berdi.

Habarçy bu pul serişdesiniň beýleki edara-kärhanalar bilen bir hatarda, hassahanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de banklaryň işgärlerinden ýygnalandygyny hem sözüni üstüne goşdy.

Onuň sözüne görä, işgärlere toplanan bu pula hakyna tutulan adamlaryň pagta ýygymyna iberilýändigini aýdypdyrlar.

"Adamlar iş ýerlerini ýitirmekden gorkup, sesini çykarman puly berýärler. Ýogsa, pagta meýdanlarynda ýygar ýaly pagta ýok. Hat-da pagta hasyly ýetişen döwründe-de, ýygar ýaly o diýen pagta ýokdy. Häzirki wagt meýdanlardaky gowaçalar çöplenýär" diýip, habarçy belledi.

Hakyna tutulan adamlara ýygan pagtasynyň her 1 kilogramyna 30 teňňe berilýär. Mundan başga-da, olara günde 10 manat hak tölenýär.

Ýatlatsak, Berdimuhamedow 8-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ähli oba hojalyk işgärleriniň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigini aýdyp, döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasylyň tabşyrylandygyny yglan etdi.

Muňa garamazdan, döwlet baştutany 16-njy dekabrda geçiren iş maslahatynda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylynyň 25-nji dekabra çenli doly ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny tabşyryp, Azatlyk Radiosynyň ýurtda pagta ýygymynyň dowam edýändigi we gowaça hasylynyň pes bolandygy baradaky maglumatlaryny gytaklaýyn tassyklady.

Azatlyk Radiosy ýurduň käbir regionlarynda gowaça hasylynyň pes bolandygy, mejbury pagta ýygymynyň we munuň üçin pul ýygnamak işleriniň dowam edýändigi barada awgust aýyndan bäri habar berip gelýär. Mejbury ýygyma býujet işgärleri bilen bir hatarda, esgerler hem gatnaşdyrylýar.

Awgust-sentýabr aýlarynda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan wideo ýazgylarda ýurduň käbir regionlarynda köreklemedik gowaçalaryň gunçalaryny dökýändigini görse bolýardy.

31-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi bu ýyl ýurduň pagta meýdanlaryndaky hasyl ýetmezçiligi bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde howsalaly ýagdaýyň dowam edýändigini gürrüň beripdi.

Bu habarlaryň fonunda, Ahal welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçileriň prokuraturada soraga çekilýändigi habar berildi. Olardan ýerine ýetirip bilmedik pagta plan borçnamasynyň öwezine pul tölemek talap edilýär.

Resmi metbugat ýurtda pagta borçnamasynyň ýerine ýetirilmegi mynasybetli Hasyl toýunyň uly dabara bilen bellenendigi we pagta planyny dolan kärendeçileriň sylaglanyşy barada reportažlary görkezse-de, ýokarda aýdylanlar hakda maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG