Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Awaza' şypahanasynda lukmanlar anyklaýyş enjamlaryny doly güýjünde ulanyp bilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" şypahanasynda lukmanlar anyklaýyş enjamlaryny işledip, olardan doly güýjünde peýdalanyp bilmeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň balkanly habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň onlarçasy aýdýar.

“Bu şypahanada EHG, EHO ýaly täze tehnikalar bar. Ýöne bu tehnikalary ulanyp bilýän ýekeje-de lukman ýok. Käbir anyklaýyş we fizioterapiýa apparatlary hem ýeterlik güýjünde ulanylmaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 28-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, näsaglar bu şypahanada saglygyny dikeltmek üçin 8 gününe 3 müň manat töleýärler. Bu resmi kursda $857, “gara bazaryň” kursunda $160 barabar. Muňa garamazdan, balkanly näsaglardan Balkanabat şäherindäki, regionlardan gelenlerden öz welaýatlaryndaky anyklaýyş merkezlerinde barlagdan geçip gelmek talap edilýär.

“Näsaglar millionlap serişdä satyn alnan enjamlaryň näme sebäpden işledilmeýändigi barada soranda, hassahana resmilerinden takyk jogap alyp bilmeýärler. Otaglardaky telewizorlar hem işlemeýär, şeýle-de ýorgan-düşek daşlaryny hem ençeme gezek aýdanyňdan soň, 8 günüň dowamynda diňe iki gezek çalyşýarlar” diýip, habarçy şypahanada saglygyna seretdiren näsaglaryň biriniň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosyna "Awaza" şypahanasy bilen habarlaşyp, ýokarda aýdylanlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Türkmenportal” neşiri “Awaza” şypahanasynyň Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Gollandiýanyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini aýdýar. Şeýle-de, neşir öz işine ussat lukmanlaryň halka ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny hödürleýändigini belleýär.

Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ykdysady kynçylyklaryň ýiti duýulýan wagtynda, raýatlaryň ençemesiniň ýurduň iň arzan hasaplanýan keselhanalarynda kadaly saglyk bejergisini almak mümkinçiliginiň hem çäklidigini aýdýar.

“S.A.Nyýazow adyndaky hassahanada aşgabatlylaryň biri garyndaşynyň indi ençeme gün bäri reanimasiýada ýatandygyny aýtdy. Ol garyndaşynyň her gün ulanjak dermanynyň 500-600 manada durýandygyny gürrüň berdi. Men ondan näme sebäpden dermanlaryň ählisini birde satyn alyp getirmeýändigini soranda, ol näsag ýogalan ýagdaýynda, garyndaşlarynyň öňünden dermanlary satyn alyp goýup, artykmaç çykdajy etmek islemeýändigini aýtdy” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda ýurt resmileri Türkmenistanda döwrebap lukmançylyk we sagaldyş merkezleriniň gurulýandygyny yzygiderli habar berýärler. Gurluşygyna millionlarça amerikan dollary möçberde maliýe serişdesi harçlanýan bu merkezlerde ilat üçin dünýä ülňüleriniň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterlidigi aýdylýar.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi täze gurulýan desgalarda talabalaýyk bejergi berilmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, olar ýerli lukmanlaryň näsaglara ýalňyş diagnoz goýmagy we olara bolmalysyndan düýpden başga bejergileriň bellenmegi ýaly wakalary nazara alanyňda, saglyk hyzmatlary barada entek edilmeli işiň kändigini nygtaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG