Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bu ýurtda näme üçin esger adam ornunda goýulmaýar?"


Türkmen esgerleri
Türkmen esgerleri

Bugun men Turkmenistanyñ hemme tarapdan bilinyan, yone kan agzalmayan tarapy hakda gurruñ bermekçi. Elbetde GULLUK.

Oz deñ-duşlarym tanyş tapyp pul berip gullukdan galdylar. Gullukdan galmak ücin berilen pullar yekeje manady hem hokumediñ hasabyna girenok. Hemmekimem bilyä muny. Name uchin beyleki yurtlar yaly ofisialnyy, hokumede girer yaly edenok şol puly? Sebabi parany ayyrmak niyeti yok yurtda! Bor...

Ozum Ahal/Kaka'da gulluk etdim 2 yyl. We içinde bolyan zatlary görseñiz, Amerikanyñ türmesindäkiler gowy yaşayalar gysgaça.

Ilkinji mesele NAHAR, ne arassaçylyk-gigiyena bar, ne naharda tagam bar. Esger pahyr ölmejek bolup, ayakda galmak uchin iyya o naharlary, bolmasa nahara seretseñ yuregiñ bulanya. Ozum şayat boldum bir gezek. Et getirenlerinde et karopkasynda 1998.yyl diyip durdy. Esgerler dostlaryndan, oyundakilerden telefona pul oklatdyryp gizlin şekilde wafli, mayonez-çörek, margarin-çörek alyp iyyardiler.

Ikinji mesele ofiserlaryñ, esgerden pul almasy. Ilki GÜBE hakda aydayyn, GÜBE diylen yer esgeri irdenden agşama çenli dynçsyz oturdyp yöredip, ylgadyp kösedilyän yer, yöretmek, durmak bolanok. eger diyleni etmeseñ zorlap kelläni tualeda sokyalar.

OL WATANA DÖNÜK DÄL, OL TÜRKMEN ESGERI.

Podpolkownik M... bardy, çalaja zat üçin gübä ugradardy, eşigiñ ütüksüz-GÜBE, nyzamly yöremediñmi-GÜBE, saçyñ-sakalyñ azyjyk ösgünmi-GÜBE, prezidentiñ doglan gününi bilmediñmi-GÜBE. Mundanam ofiserler gowy peydalanyadylar, esgeri gübä ugratjak dp gorkuzyp esgerden azyndan 200 manat alyadylar. Sen ofisera 1 ay pul bermänem göräy, ikinji ay gübä giderdiñ.

Esasanam mayor B... 300-den gowrak esgeri bardy. Esgeri kösemegi, puluny almagy gaty gowy goryadi. Seni serjant etjek dp yenede 200 manatdan bashlayady stawkasy. Uwalneniya gitmek üçin yenede pul. Pagta äkidilip işledilip, günlük tabşyrmaly limidini tabşyryp galanyny ofiserlar jübüsine uryadylar. Gysgasy, her zatda tapsa bolya esgerden pul almagyñ yoluny.

2 yylyñ icinde özüni asma synanşan, igne yuwudan, özüni pyçaklan, gaçmaga synanşan esger gördüm.

Sowukda buz yaly suwa düşürdip, ayagymy hiç gyzgyn suwa yuwup göremok, yuwmasañ olam bolanok. Güni bilen şol sapogy geyyañ.
Ene-ata näçe wagt o çagany yetişdirýä. 2 yyl gullukda tutuş zayalanyp gelyä ol esger.

Ertir-birgün uruş bolsa kim öz yurdy üçin söweşer? Näme üçin hiçkimiñ gözüne görnenok bu zatlar? Hemme bilyäkä şulary, näme üçin düzedilenok bu zatlar?

NÄME ÜÇIN ESGER ADAM YERINE GOYULANOK BU YURTDA?

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

--------------------------

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG