Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FBI Kremliň garşydaşynyň barlaghana netijeleri boýunça ümsümligi saklaýar


Orsýetli dissident Kara Murza
Orsýetli dissident Kara Murza

Federal derňew býurosy (FBI) geçen ýyl zäherlenendigi çaklanýan Kremliň garşydaşy Wladimir Kara-Murzanyň barlaghana analizleriniň netijelerini mälim etmeýär. Bu ýagdaý onuň Kongresdäki goldawçylaryny ynjalykdan gaçyrýar, şeýle-de onuň saglygynyň ýaramazlaşmagynyň aňyrsynda ýatan syrlar nämälimliginde galýar.

Federal derňew býurosy resmi derejede ümsümligi saklaýan wagty, ABŞ-nyň Orsýetli resmilere garşy sanksiýa girizmegini goldap çykyş eden Kara Murza özüniň barlag testleriniň netijelerini görmek üçin, häzirki wagtda maglumat azatlygyna degişli kanunlardan peýdalanmaga synanyşýandygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň iki barlaghanasy -olaryň biri FBI bilen ilteşikli - 2017-nji ýylyň fewral aýynda Moskwada hassahana düşen Kara Murzadan gan, saç we dokuma barlaglaryny aldy. Ol şoňa çenli soňky iki ýylyň dowamynda zäher alamatly ýarawsyzlyk zerarly rus paýtagtynda iki gezek saglygyny dikeltmek üçin goldaw almaly boldy. Fransiýada we Ysraýylda ýerleşýän başga-da iki laboratoriýa barlag geçirdi, ýöne olardan netije çykmady.

Orsýetiň liberal oppozisiýasynyň 37 ýaşly görnükli agzasy Kara Murza ýüze çykan iki hadysanyň-da ýörite matlaplydygyny, olaryň ikisiniň-de özüniň syýasy işjeňliginden, şol sanda 2012-nji ýylda kabul edilen Magnitsky aktynyň kabul edilmegi boýunça eden tagallalaryndan ar almak üçin amala aşyrylandygyny aýdýar.

Geçen ýyl rus lukmanlary onuň ýarawsyzlygynyň “näbelli zäherli jisimler” zerarly ýüze çykandygyny anykladylar.

Orsýetiň raýaty Kara Murza Birleşen Ştatlaryň kanuny ýaşaýjysy bolup, ol Kongresiň agzalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Birnäçe amerikan senatorynyň hem-de Wekiller palatasynyň azyndan bir agzasynyň ýardamy bilen, geçen ýyl Murzanyň hassahana ýatyrylmagyndan soň, FBI barlag netijeleri bilen üpjün edildi. Wekiller palatasynyň agzalýan agzasy bu mesele bilen bagly FBI-yň direktory Kristofer Wreýe ýüz tutupdy. Bu barada degişli tagallalardan gönüden-göni habarly adamlar aýdýar.

Olaryň aýtmagyna görä, amerikan kanun çykaryjylary hem-de kongresiň agzalary bilen şu ýylyň başlarynda geçirilen gepleşiklerde FBI-yň resmileri barlagyň käbir netijelerini aýan edip biljekdiklerini ýaňzytdylar. Ýagdaýdan gönüden-göni habarly adamlar bu waka bilen bagly jemgyýetçilikde çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň, olar hadysa bilen bagly anonim ýagdaýda gürrüň berdiler.

Ýöne näme üçindir FBI soňra Kongresiň agzalary bilen habarlaşyp, barlagyň netijelerini özleriniň äşgär edip bilmejekdiklerini aýtdylar. Bu ýagdaý wakanyň ähmiýetine ynanýan adamlary ynjalykdan gaçyrdy. Hatda bir senator FBI-a ýazan hatynda Kara Murzanyň keseline sebäp bolan jisimiň agentlik tarapyndan “syrly maglumatlaryň” hataryna goşulan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

“Nepis bolmadyk ejiz pena”

Kara Murza Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde duçar bolan düşnüksiz keseli barada derňew býurosynda nähili maglumatlaryň bardygyny anyklamak üçin Birleşen Ştatlaryň Maglumat azatlygy boýunça aktyna esaslanyp iýul aýynda FBI-a haýyş bilen ýüz tutandygyny habar berdi.

Ol özüniň 2015-nji ýylda zäherlenmegi bilen bagly hem FBI-da maglumatlaryň bardygyny aýtdy we “2015-nji ýylyň maý aýyndan bäri özüne býuroda bar bolan özüne degişli ähli dokumentleri, içerki ýazyşmalary we barlag netijelerini” haýyş edendigini mälim etdi.

“Soňky 3.5 ýylyň içinde Orsýetde kimdir biri meni iki gezek öldürmäge synanyşdy” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Men ýaňy ýakynda yzyma Orsýete dolandym. Men ol ýerde töwekgelçiligiň bardygyny bilýärin we meniň pikirimçe biziň bitirýän işimiz ähmiýetlidir. 2015 we 2017-nji ýyllardaky zäherleriň üstüniň açylmagy meni gorap biler” diýip, ol belledi.

“Men munuň yzyna bilesigelijilikden düşemok, ýöne bular maňa nepis bolmadyk ejiz gorag galkany hökmünde hyzmat eder” diýip, ol sözüne goşdy.

Kara Murza Maglumat azatlygy boýunça akt bilen bagly goýberen haýyşnamasynyň iberme belgisini Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna berdi. Agentligiň web sahypasynda bu haýyşnama jogap gaýtarylyp bilinjekdigi, gozgalan iş belgisiniň anyklanandygy we bu mesele bilen bagly hünärmeniň iş geçirýändigi aýdylýar.

Kara Murza laboratoriýa barlaglary bilen bagly hem-de bu meselä FBI-yň gatyşygy boýunça has köp maglumat bermekden saklandy. Agentligiň özi-de bu waka bilen bagly kommentariýa bermedi.

XS
SM
MD
LG