Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyrlara ene bolan ynsan aradan çykdy


Gülnabat daýza
Gülnabat daýza

Bize ajy habar gelip gowuşdy. Uly şahyr Gurbannazar Ezizowyň ejesi Gülnabat daýza 95 ýaşynda aradan çykypdyr.

Gubannazar Eziz aganyň hem Gülnabat daýzanyň ýalňyz zürýady – ýeke ogludy. Ýöne Magtymgulynyň “il-ulusdyr dosty-ýary ýekäniň” diýşi ýaly, Gurbannazar hiç wagt ýeke bolmandy, onuň dostlary köpdi, töweregi mydama ýoldaşlydy. Ol şol ýoldaşlary bilen Gülnabat daýzanyň saçagynyň başynda jemlenerdi. Şonuň üçin Gülnabat daýza diňe Gurbannazaryň däl, ähli şahyrlaryň – edebiýaty söýüji intelligensiýanyň ejesi ornundady.

Gurbannazar Ezizow ejesi - Gülnabat daýza bilen
Gurbannazar Ezizow ejesi - Gülnabat daýza bilen

Beýleki tarapdan bu ynsan Ikinji Jahan urşuna giden esgeriň wepaly ýoldaşydy. Geçen Watançylyk urşuna gatnaşan Eziz Hümmet ogly söweşde ýesir düşüp, Mauthauzen türmesinde örän agyr şertleri başdan geçiripdir. Gülnabat daýza ojagyny hem ýalňyz ogluny saklap bilipdir, soňra uruşdan gelen we ençeme yzarlanmalara, dürli soraga çekilen esgeri goramagy-da başarypdyr.

Olaryň gapysy hemmeler üçin açykdy. Gülnabat daýza gelen adamy açyk ýüz bilen garşy alýardy. Gurbannazaryň deň-duşlary hem ondan kiçiler bu mähriban enä ‘Gül daýza’ diýýärdiler. Onuň häsiýeti hem adamçylygy şol ada laýykdy.

Şahyr Gurbannazar soňky goşgularynyň birinde şeýle ýazdy.

Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,

Nämüçindir arzuwyň däl, nämüçindir tagaşyksyz...

Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem.

Ene ogluna hem onuň dostlaryna mähir bilen çaý-nahar berse-de, bela-beterden gorap bilmedi. 1975-nji ýylyň güýzünde Gurbannazar heläkçilige uçrady. Şondan soň olaryň gapysynyň gelim-gidimi azaldy. Bir ýyl geçip-geçmän, Eziz aga-da aradan çykdy. Ýöne Gurbannazaryň ogly ýedi ýaşyna ýetende, şol gelim-gidimli gapyda uly toý berip, “indi ýasyň yzy kesilsin, bu öýe Gurbannazar bar wagtyndaky ýaly gelip duruň” diýdi.

Öz howlusyndan belli modern hudožnik Tokar Tugura jaý berdi. Tokary öz ogly orunda sylady hem hormatlady. Edebiýaty söýüjiler, Gurbannazaryň poeziýasyna hormat goýýanlar mydama Gül daýzalara baryp durdular.

Ol şahyryň çagalarynyň enesi boldy hem olardan çowluk gördi. Bu mähriban ene hemmeleri goramaga çalyşdy. Öz ömrüni başgalara görelde etdi. Şahyr şeýle diýipdi.

Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder,
Soňra ýatlar aýalyň...

Jaýyň jennetden bolsun, Gülnabat eje.

Makalada öňe sürülýän pikirler awotryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG