Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli maşgalanyň 80 ýyl soň öwrenen ajy hakykaty


Dmitriý Greçuhin.
Dmitriý Greçuhin.

1938-nji ýylda kakasy Sowet diktatory Iosif Staliniň gizlin polisiýasy tarapyndan türmä basylanda Tamara Greçuhina 15 ýaşynda eken. Ondan az wagat soňra hem onuň ejesi inçekeselden gidýär. Maşgalanyň mal-mülki konfiskasiýa edilýär.

Otuz ýyla golaý soňra Nikita Hruşçewiň “maýlama” diýip atlandyrylan bölekleýin destalinizasiýa döwründe Greçuhina özüniň Polşadaky öýünden sowet häkimiýetlerine hat ýazyp, kakasynyň reabilitirlenmegini we onuň ykbaly hakda özüne maglumat berilmegini haýyş edýär.

Iberilen jogap hatynda oňa köp maglumat berilmän diňe Dmitriý Greçuhine NKWD diýip atlandyrylýan edaranyň gizlin polisiýa işleýärkä “sosialistik kanunylygy bozanlygy” üçin 1939-njy ýylyň fewralynda ölüm jezasynyň berlendigi aýdylýar.

Ondan bir nesil soňra 1988-nji ýylda Sowet Soýizynyň ýene bir lideri bolan Mihail Gorbaçewiň aç-açanlyk başlangyjy özüniň iň ýokary derejesine ýeten mahaly kakasy hakda jikme-jik maglumat soran Greçuhinanyň haýyşy bu gezek-de ret edilýär.

Greçuhina aradan çykanyndan soňra onuň gyz agtygy Agata Opyrhal öz babasy hakda hakykatyň anygyna bir gün ýeterin diýip umyt edipdir.

“Mamam aradan çykanda men 12 ýaşymdadym” diýip, Opyrhal AÝ/AR-nyň ors gullugyna beren interwýusynda aýdýar.

“Ol öz kakasynyň näme edenini ýa näme üçin tutulandygyny bilmän geçdi. Oňa näme üçin ölüm jezasynyň berlendigini bilmeýärdi. Men babamyň başyna gelen zatlaryň iru-giç anygyna ýetjekdigime hiç haçan şübhe edemok”.

Onuň aýtmagyna görä, maşgala agzalary Dmitriý Greçuhiniň NKWD-de gizlin polisiýada işländigini bilseler-de, ol hakda ýa onuň ykbaly hakda kän gürrüň etmändirler.

Polşada doglan Opyrhal ençeme ýyllap Britaniýada ýaşapdyr. Ol ors dilini bilenok, orsýetdäki garyndaşlary bilen hem aragatnaşygy ýok. Ýöne ol noýabr aýynda AÝ/AR-nyň žurnalistleriniň Sibiriň Tomsk şäheriniň ýaşaýjysy Denis Karagodiniň öz atasynyň 1938-nji ýylda atylyp öldürilendigini we ony atyp öldüren NKWD ofiseriniň adyna-da yzarlap tapandygy barada aýdanlary hakda “The Guardian” gazetinde çap edilen bir makalany okapdyr.

Şondan soňra Opyrhal Karagodine hat ýazyp, ondan Dmitriý Greçuhin hakda bilýän zadynyň bar ýa ýokdugyny sorapdyr. Karagodinden gelen jogaby okamak bolsa oňa gaty agyr degipdir.

Karagodin onuň babasynyň adamlary köpçülikleýin gyran bir ganhordygyny ýazypdyr. Aslynda bolsa, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän topar Memorial tarapyndan stalinçi gizlin polisiýanyň agentleri diýlip öten ýyl inernete berlen maglumatlarda Greçuhiniň hem ady bar.

Greçuhiniň ady we onuň rehimsizligi NKWD-niň henize çenli ýapyk arhiwlerde gizlin saklanýan garaňky dünýäsinde öňe saýlanyp dur. Ol bir daýhan maşgalada 1903-nji ýylda dünýä inip, diňe dört ýyl mekdebe gatnapdyr. Tutulmazyndan öň hem 15 ýyllap “organlarada” işläpdir.

1937-nji ýylda ol Krasnoýarsk ülkesinde NKWD-niň regional bölüminiň başlygy bolupdyr. Onuň ýolbaşçylygynda ýerli NKWD Moskwa hat iberip, döwletiň duşmanlaryna ölüm jezasyny bermek boýunça öz paýyna düşýän kwotanyň artdyrylyp, 750-den 6600-e ýetirilmegini sorapdyr. Bu haýyş hem kabul edilipdir.

Greçuhin Gyzyl Ýyldyz ordeni bilen sylaglanyp, NKWD-niň Ukrainanyň Odessa oblastyndaky bölüminiň başlygy edilipdir. Ondan soňra hem ol Ukrainanyň Kiýewdäki NKWD bölüminiň başlygynyň ýerine ýetiriji orunbasary bolupdyr.

NKWD-niň Ukrainada iş alyp baran jellatlary hakda barlag işlerini alyp barýan ukrain taryhçysy Oleh Bažan şeýle diýýär: “Dmitriý Greçuhin Odessa geleninden birnäçe aý soňra Gazagystan bilen serhetdeş regionlardan bolan ‘islenmeýan elementleriň’ wekillerinden 7691 çemesini üstünlikli aradan aýrandygy hakda Kiýewe raport beripdir”.

Bažanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, şol wagtlarda Stalini has gyzyklandyran zat Ors imperiýasy bilen baglanyşykly we birinji Jahan urşundan soňra elden giden territoriýalardan bolan etnik toparlara, şol sanda rumynlara, polýaklara, latyşlara, litwalylara, estonlara we finlere zulum-sütem etmek bolupdyr.

Greçuhin Odessa regionynda Staliniň repressiýalaryna galp kazyýet bolup hyzmat eden troýka diýilýän üç sany döwlet işgärinden ybarat toparyň agzasy bolupdyr.

“NKWD-niň Odessadaky troýkasyna 1930-njy ýylyň birinji ýarymynda 3 müňden agdyk adama ölüm jezasynyň berilmegi barada ygtyýar beripdir.

Greçuhin 1938-nji ýylyň sentýabrynda Rostow oblastyna geçirilipdir. Onuň soňunyň ýakyndygyny alamatlandyran hem şu hereket bolupdyr. Ol 1920-nji we 1930-njy ýyllarda ýazan eserleri üçin 1965-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanan tanymal ýazyjy Mihail Şolohowy näbelli sebäplere görä, garalamaga synanyşypdyr.

NKWD-niň başlygy Nikolaý Ýežowyň ýolbaşçylygynda ýokary wezipelere ýeten NKWD-niň ençeme jellady ýaly Greçuhin-de 1938-nji ýylyň dekabrynda tutulyp, üç aý çemesi soňra atylyp öldürilipdir. Nikolaý Ýežowyň özi-de 1938-nji ýylda tutulyp, 1940-njy ýylda öldürildi.

“Onuň munça ýaman işleri edenini okanymda endamym sandyrady. Ýöne men ähli zady soňuna çenli bilmek isleýärin. Orsýetdäki garyndaşlarymy tapmak isleýärin” diýip, Agata Opyrhal aýdýar.

Ol soňra hem: “Uly terroryň pidalarynyň we ony gurnanlaryň agtyk-çowluklarynyň geçmiş barada gürlemegine indi wagt gelip ýetdi diýip pikir edýärin” diýip sözüniň üstüne goşýar.

Öz atasynyň atylyp öldürilmegi hakda barlag alyp baran tomskly Denis Karagodin özüniň websaýtyna NKWD-niň agentleriniň neberelerinden köp teswirleriň gelup gowuşýandygyny aýdýar.

Karagodin: “Olar köplenç bularyň hemmesi ýalan, ol, dogrudan, gaty gowy adamdy, ol barada bu ýerde hiç bir zat ýazma diýip ýazýarlar” diýýär.

Ol Opyrhal ýaly adamlar bilen hat alşyp-berişmegiň seýrek duş gelýändigini belleýär.

XS
SM
MD
LG