Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň topary rus häkiminiň Amerikadaky jaýlarynyň üstüni açdy


Nawalnynyň topary
Nawalnynyň topary

Orsýetiň korrupsiýa garşy göreş alyp barýan aktiwisti Alekseý Nawalnynyň derňewçiler topary Maýamide Orsýetiň bäşinji orundaky uly şäheriniň häkimine degişlidigi aýdylýan gymmatbaha kwartiralaryň iki sanysynyň üstüni açdy.

21-nji dekabrda çap edilen hasabatdaky tapyndylar ýurist, oppozisiýa lideri we indi prezidentlige kandidat hem Kremliň böwrüne sanjy bolan Nawalnynyň alyp barýan derňew işleriniň diňe soňky netijesidir.

Floridanyň gozganmaýan emläk ýazgylaryny we Orsýetiň girdeji jarnamalary boýunça resmi maglumatlaryny ulanmak bilen, Nawalnynyň topary bahasy iki million dollardan aşýan kenarýaka emläkleriň üstüni açdy.

Nawalnynyň «Korrupsiýa garşy fond» diýip bilinýän guramasy bu kwartiralaryň 2013-nji ýylyň dekabrynda we 2014-nji ýylyň iýulynda satyn alnandygyny aýdýar. Olaryň biri Nižnyý Nowgorodyň häkimi Iwan Karniliniň aýaly Albina Karnilinanyň adynda dur. Beýleki kwartira bolsa, olaryň gyzy Irina Owçinnikowa degişli.

Derňewçiler Karniliniň girdeji jarnamasyny hem el saldylar. Bu hili jarnama doldurmak rus resmileriniň borjy bolup durýar. Emma ol jarnamada Birleşen Ştatlardaky gozganmaýan emläkler asla agzalmaýar diýip, Nawalnynyň derňewçi topary aýdýar.

Emma muňa garamazdan, hasabatda aýdylmagyna görä, ABŞ-dan tapylan ýazgylar Maýamidäki emläkler üçin 2015-nji ýylda $26,281 möçberinde emläk salgydynyň tölenendigini görkezýär. Bu Karniliniň 4.7 million rubl ($77,000) bolan resmi aýlygynyň üçden birine golaý serişde bolýar.

Emma orsýetli şäher häkiminiň girdejileri barada beren jarnamasynda Birleşen Ştatlardaky emläkleri ýa-da aýalynyň girdejileri barada hiç zat aýdylmaýar.
Karniliniň 2015-nji ýyldaky resmi girdejisi 4.7 million rubl we ol 2014-nji we 2016-njy ýyllar aralygynda 5 million rubla golaý amerikan salgydyny töläpdir.

2015-nji ýylda şäher häkimi bolmazyndan öň şäher geňeşiniň başlygy bolan Karnilin Birleşen Ştatlarda satyn alan emlägini şol wagty akylly maýa ýatyryş hökmünde goramaga çalyşdy. Onuň sözlerine görä, dollar o mahal rublyň garşylygynda biraz gowşak bolupdyr.

Ol ýerli media bilen söhbetdeşlikde özüniň aýaly bilen 2015-nji ýylyň martynda aýrylyşandygyny aýtdy. Emma Nawalnynyň derňewçileri onuň bu diýilýän seneden soň hem aýrylyşmandygyny aýdýan söhbetdeşliklerini mysal getirdiler.

Derňewçi topar Owçinnikowanyň Orsýetdäki sosial media ulgamlaryndaky sahypasyndan hem emläk suratlaryny we beýleki suratlandyrmalary tapdylar. Emma bu materiallar hasabat çap edilen badyna ýitirim boldy.

Karnilin Birleşen Russiýanyň, rus syýasatynda agalyk edýän syýasy partiýanyň agzasy bolup durýar we Kreml bilen ilteşikli diýip hasaplanylýar.

Nawalnyý oppozisiýanyň 2011-nji ýylda milli saýlawlar bilen bagly geçiren ýygnanyşygynda Birleşen Russiýa partiýasyny «Ogry-jümrileriň partiýasy» diýip atlandyrypdy we bu ýarlyk köp orsýetli tarapyndan alnyp göterildi.

Nawalnynyň özi hem bir topar jenaýat derňewiniň obýekti boldy, emma onuň goldawçylary munuň aktiwistiň alyp barýan paş ediş işlerinden öç almak üçin edilýän synanyşykdygyny aýdýarlar. Kirowyň regional sudy golaýda onuň aýdylýan maliýe jenaýatlary bilen baglylykda gaýtadan sud edilmegini buýurdy.

Nawalnyý şu aýyň başynda özüniň prezidentlige dalaşgär bolmak niýetini jar etdi.

Nawalnynyň topary mundan öň premýer-ministr Dmitriý Medwedew bilen baglanyşykly gizlin daçanyň, Kremliň baş sözçüsiniň gymmatbaha sagadynyň, Orsýetiň goranmak ministriniň 18 million dollarlyk köşgüniň hem üstüni açypdy.

XS
SM
MD
LG