Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lesiniň 'kellesine ýeten şikesden' ölendigi aýdylýar


Orsýetiň öňki metbugat ministri Mihail Lesin.
Orsýetiň öňki metbugat ministri Mihail Lesin.

Waşingtonyň resmileri Orsýetiň öňki metbugat ministri Mihail Lesiniň kellesine degen kütek urgulardan ölendigini aýdýarlar. Bu kesgitleme prezident Wladimir Putiniň noýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň paýtagtynda bir myhmanhananyň otagynda öli tapylan ýaranynyň öz ajalyna ölmänligini çaklamaga esas döredýär.

Şäheriň baş medisina barlagçysynyň 10-njy martda Azatlyk Radiosyna gowşan beýannamasynda Lesiniň ölümine goşant goşan beýleki faktorlar - onuň boýnuna, göwresine we kellesine hem-de aýaklaryna degen "kütek urgulardan ýeten ýaralar" diýilýär.

"New York Times" gazetiniň ady agzalmadyk bir resmä salgylanyp ýazmagyna görä, Lesin Waşingtonyň "Dupont Circle Hotelindäki" otagyna dolanyp gelmezden öň ýaralanypdyr.

Häzirlikçe beýanat berilmeýär

Waşingtonyň polisiýa departamentiniň sözçüsi Dustin Sternbek ýagdaýyň häzir barlanýandygyny, ýöne medisina barlagçysynyň raporty muňa bir jenaýat iş diýip garalmagyny görkezýärmi ýa ýok, muny aýdyp bilmejekdigini belledi.

Sternbek "Häzirki etapda biz hiç bir zady ýapmakçy däl" diýýär.

Federal derňew býurosy (FBI) hem bu barada häzirlikçe beýanat berenok.

Lesin 5-nji noýabrda myhmanhananyň otagynda öli tapyldy. Ol 59 ýaşyndady.

Şonda Kreml tarapyndan maliýeleşdirilýän media, Lesiniň maşgala agzalaryna salgylanyp, uzak wagtlap Putiniň geňeşçisi bolup islän bu millioneriň tarpa-taýyn ölendigini habar beripdi.

Medisina işgärleriniň gutarnykly hasabatynyň uzaga çekmegi Lesiniň ölümi barada köp çaklamalaryň orta atylmagyna getirdi.

“Maşgala meseleleri”

Bu aralykda Orsýetiň daşary işler ministrliginiň bir sözçüsi ministrligiň Lesiniň ölümi barada barýan barlaglar hakda amerikan häkimiýetlerinden ençeme gezek maglumat sorandygyny aýtdy.

Maria Zaharowa 11-nji martda "Facebookda" şeýle ýazdy: "Orsýetiň ilçihanasy ors raýatynyň ölümi baradaky barlaglarda bolan ilerlemeler hakda diplomatik ýollar bilen öwran-öwran soraglar etdi. Amerikan tarapy bizi düýpli maglumatlar bilen üpjün edenok".

Zaharowa öz ýazgysynda "Biz Waşington tarapyndan aýdyňlyga garaşýarys. Mediada şu gün ýaýradylan maglumatlar tassyklansa, onda ors häkimiýetleri, halkara kanunlary boýunça kömek sorap, amerikan tarapyna bir haýyşnama iberer" diýýär.

1999-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli Putiniň metbugat ministri bolan Lesin Kremliň kontrollygyndaky “Gazprom-Media” ýolbaşçylyk edip, iňlis dilindäki "Russia Today" habar ulgamynyň gurulmagyna gatnaşdy.

Ol 2013-nji ýylda “Gazprom-Media Holdinge” başlyk boldy, ýöne ondan bir ýyl soňra bu wezipeden aýryldy. Şol wagt onuň bu wezipeden çekilmegine sebäp bolan maşgala meseleleri diýildi.

Emläk

2014-nji ýylda bir amerikan senatory Birleşen Ştatlaryň Adalat departamentinden Lesiniň Los-Anjeles etrabyndan ençeme million dollarlyk öý satyn alanda bikanun maliýe serişdelerinden peýdalanandygy ýa-da peýdalanmandygy boýunça barlag işleriniň geçirilmegini sorady.

Umumy emläk registrasiýa edarasy "Dastel" diýip tanalýan bir korporasiýanyň 2011-nji ýylyň awgustynda Bawerli Hillsde 1208 kwadrat metrlik öýi 13.8 million dollara, 2012-nji ýylda hem 985 kwadrat metrlik Brentwood öýüni 9 million dollara satyn alandygyny görkezýär.

Kaliforniýanyň Ýokary sudunyň garamagyna berlen we Azatlyk Radiosyna elýeterli edilen dokumentleriň görkezmegine göre, 2011-nji ýylyň iýul aýynda Kaliforniýada registrasiýa edilen "Dastel" korporasiýasynyň ýeke-täk eýesi Lesin.

Beýleki umumy hasaba alyş we sud dokumentleri Los-Anjeles etrabynda ýene iki sany gymmat bahaly emlägiň Lesiniň ýakyn maşgala agzalaryna degişlidigini görkezýär.

Lesiniň ogly Anton Lessine Hollywood kinolarynyň birnäçesini, şol sanda Woody Allen, Jon Turturro, Arnold Şwarzenegger we Bred Pittiň gatnaşmagyndaky şowly proýektleri maliýeleşdiren adam diýlip tanalýar.

XS
SM
MD
LG