Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Orsýetiň resmileri bilen duşuşygy teklip etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan.

Geljekde ýurduň howa giňişliginiň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkiýe Orsýetiň harby resmileri bilen duşuşygy teklip etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Tanju Bilgijiň 7-nji oktýabrda bildirmegine görä, Ankara duşuşygy Orsýetiň harby resmilerine türk howa giňişligine rugsatsyz girmekleriniň sebäplerini düşündirmekleri üçin mümkinçilik bermek maksady bilen teklip edipdir. Şeýle hem bu işiň gaýtalanmazlygy üçin näme çäreleriň göz öňünde tutulýandygy aýdyňlaşdyrylmaly.

Bilgiç hepdäniň soňunda ors uçarlarynyň türk howa serhedini iki gezek bozanlygy barada gürleşmek üçin 6-njy oktýabrda Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowyň üçünji gezek [daşary işler ministrligine] çagyrylandygyny aýtdy.

"Türkiýä hüjüm etmek NATO-a hüjüm etmekdir"

Biligiç ors mediasynyň Türkiýe Siriýadaky işleri Moskwa bilen koordinirlemek üçin "iş toparyny" döretmegi teklip etdi diýýan habaryny inkär etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 7-nji oktýabrda telewideniýede eden çykyşynda özüniň Siriýa konfliktiniň Orsýet bilen NATO-nyň arasynda krizis döretmegini islemeýandigini nygtady.

Dawutoglunyň bellemegine görä, Orsýetiň Siriýada uran 57 howa zarbasynyň diňe ikisinde "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri nyşana alnypdyr. Beýleki zarbalarda nyşana alnanlar Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda prezident Başar al-Assadyň güýçlerine garşy söweşýän aram oppozision toparlar bolupdyr.

Türkiýäniň häkimiýet başyndaky AK partiýasynyň sözçüsi Ömer Çelik 7-nji oktýabrda Orsýetiň geljekde howa giňişligini bozmagyna Ankara "howp" diýip garar diýdi.

Bu aralykda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Siriýanyň serhedinde ors uçarlarynyň türk howa giňişligini bozmagyna öz ýurdunyň "çydap bilmejekdigini" aýdyp, "Türkiýä hüjüm etmek NATO-a hüjüm etmekdir" diýip, duýduryş berdi.

“Orsýet Türkiýe ýaly bir dostuny ýitirse, onda...”

Erdogan 6-njy oktýabrda Brýusselde geçen metbugat ýygnagynda ors harby uçarlarynyň Siriýada alyp barýan howa kampaniýalarynda Türkiýäniň howa serhedini bozmagy barada hem durup geçdi.

Erdogan "Orsýet ençeme mesele boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýän Türkiýe ýaly bir dostuny ýitirse, onda ol köp zady ýitirer, ol muny bilmelidir" diýdi.

Türkiýäniň prezidenti Tähran bilen Moskwany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň "döwlet terroryny" saklap galmak barada iş alyp barýanlykda aýyplady.

Hepdäniň soňunda, Orsýetiň söweş uçarlary türk howa giňişligini iki gezek bozanyndan soň, Türkiýe Orsýetiň Ankaradaky ilçisini iki gezek düşündiriş bermäge çagyrdy.

Orsýet 3-nji oktýabrda bolan waka ýaramaz howa zerarly boldy, ol sanlyja sekunda çekdi diýýär. 4-nji oktýabrda türk howa serhedi ikinji gezek bozuldy diýilýäni hem özüniň häzir derňeýändigini aýdýar.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg 6-njy oktýabrda Orsýetiň Türkiýäniň howa giňişligini bozmagy "tötänden bolan hadysa" meňzänok diýdi.

Stoltenberg "Tötänden bolýan hadysalar howply ýagdaýlary döredip bilýär" diýip, bu meselede NATO-nyň pozisiýasyny bildirdi.

Orsýet 30-njy sentýabrda Siriýada başlan howa kampaniýasynda özüniň "Yslam döwleti" toparyny we beýleki yslamçylary nyşana alýandygyny aýdýar.

NATO bilen ýaran döwletler bolsa Orsýet öz hüjümlerini prezident Assada garşy beýleki toparlara gönükdirýär diýip alada bildirýärler.

XS
SM
MD
LG