Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD pul ýygnamak üçin ors ulgamyny ulanýar


YD söweşijisi.
YD söweşijisi.

"Yslam döwleti" toparynyň demirgazyk kawkazly söweşijileri internetiň üsti bilen pul kömegini almak üçin orslaryň "QIWI" atly ýörgünli elektronik pul aýlanşygy ulgamyny ulanýar.

"QIWI gapjyk" atly finans ulgamyny YD-niň hataryndaky ýörite bir topar ýöredýär. Ol ýörite topar onuň ýany bilen propaganda we pul ýygnamak tagallasyny hem alyp barýar. Olar, YD-ň aç-açanlykda Orsýetdäki umumy ulgamyň üsti bilen pul kömegini alyp bilýändigine aýratyn üns çekýärler. Muňa garamazdan, Orsýetde YD-ne pul serişdesi ibermek gadagan hem kanuny bozmak hasaplanýar.

SHAMTODAY

Pul ýygnamak tagallasy YD-ň ors dilli "ShamToday" atly näresmi metbugat topary tarapyndan amala aşyrylýar. Toparyň agzalarynyň aglabasyny YD-ň Siriýa we Yrakda söweşýän demirgazyk kawkazly söweşijileri emele getirýär.

YD-ň Siriýadaky meýdan serkerdesi Umar al-Şişanä ýakyn bolan bir çeşmäniň bildirmegine görä, serkerdeleri çeçenlerden emele gelen "Katibat al-Aksa" harby bölümi bilen "ShamToday" toparynyň gaty içgin arabaglanşygy bar.

"ShamToday" ýazgysyndan bir görnüş.
"ShamToday" ýazgysyndan bir görnüş.

"ShamToday" toparynyň esasy diregi bolan çeçen söweşiji Ilýas Deniýew geçen aý Yrakda Baýji diýen ýerde bolan çaknyşykda öldürilipdir.

Toparyň ýene bir işjeň agzasy bolsa "Facebook" we "Wkontakte" sosýal ulgamlarynda aktiw iş alyp barýan Murat Ataýew atly biri. Onuň işlerini Türkiýede alyp barýandygy çak edilýär.

"ShamToday" topary 2013 ýylda Orsýediň "Wkontakte" sosýal ulgamynda döredilipdir. Topar ilki başda öz hususy sahypasyna eýe bolanam bolsa, sosýal ulgamyň dolandyrylşygy golaýda YD-niň propagandasyny alyp barýandygy sebäpli ony petikläpdir. Ondan soň "ShamToday" topary "Wkontakte" sosýal ulgamdaky dürli sahypalarda we ýörüte heşteg bilen işlerine dowam edipdir. YD-niň beýleki toparlary hem dürli sosýal ulgamlarda edil şeýle tilsim bilen iş alyp barýarlar.

"ShamToday" toparynyň wezipesi, YD-niň Siriýa we Yrakda alyp barýan işleri baradaky habarlary ýaýratmak, Orsýetdäki tarapdarlary bilen aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmak we dini propaganda alyp barmakdyr. Topar, YD-niň ors dilinde audio ýazga geçirilen wagyz-nesihatlaryny ýaýradyp, "Zello" atly programmanyň üsti bilen hem özbaşdak aýratyn kanal gurnap, ol ýerde internet-seminarlar geçirýär.

Dini agitasiýa köpülenç demirgazyk Kawkazly çeçen Mussa Abu Ýusuf Şişani ýaly tanymal ideologlaryň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Ol owal bir wagyz-nesihatynda Ýewropada ýaşaýan çeçenlere ýüzlenip, ýönekeý halka we Umar al-Şişaniniň ýakyn adamy asly garaçaý bolan Abi Jihada hüjüm edilmegi barasynda çagyryş edipdir.

Haýyr-sahawata çagyryş

"ShamToday" toparynyň golaýda ýaýradan bildirişinde adamlar "QIWI gapjyk" atly finans ulgamynyň üsti bilen haýyr-sahawata çagyrylypdyr. Çagyryşda ýygnalýan serişdäniň nähili ulanyljakdygy barada düşündiriş berilmändir. Ýöne "özlerine agzybirlikde hüjüm edýän dinsizlere garşy adamlaryňam agzybirlikde hem jebislikde göreşmelidigi" ündelipdir.

"ShamToday" topary "Zello" programmasyndaky iki kanalyň we "Halyfat täzelikleri" atly metbugat organynyň üsti bilen YD-niň Siriýa bilen Yrakdaky habarlary ýaýradylýar. YD-niň beýleki ors dilli söweşijileri hem pul serişdesini ýygnamak üçin "QIWI" atly ýörgünli elektronik pul aýlanşygy ulgamyny ulanýar. "Wkontakte" atly sosýal ulgamdaky YD-ň Siriýa bilen Yrakdaky täzeliklerini ýaýradýan "Hilafa" atly resmi sahypada çap edilen bildirişde hem, "QIWI gapjyk" arkaly haýyr-sahawata ýagny pul kömegini bermäge çagyryş edilipdir.

"ShamToday" toparynyň söweşijileri, millionlarça ors raýatynyň öz howupsyzlygyny gaýgy edýändigi üçin şahsy maglumatlary we bank hasaby islemeýän "QIWI gapjyk" elektronik pul aýlanşygy ulmayndan peýdalanmagy maslahat berýärler.

YD-niň tarapdarlary çagyryş esasynda "ShamToday" toparyna "QIWI Kiosk" ulgamynyň üsti bilen (2013-nji ýylda Orsýetde 169 müň gezek) ýa-da smartfon arkaly sadaka hem haýyr-sahawatyny geçiripdirler.

"QIWI" ulgamy şeýle-de Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzstan ýaly ýurtlarda hem elýeterli ýagdaýda. Ol ýurtlaryň ulanyjylary daşary ýurtlardaky hasaplara şol bir wagtyň özünde-de "ShamToday" toparynyň hasabynyň ýerleşýän ýurdy diýip çaklanýan Türkiýä hem pul iberip bilýärler.

Bu hasap Orsýediň mobil telefon nomeri bilen sepleşikli. Ol nomeriň atsyz we sim-kartyň yzarlanmagyna ýapyk bolandygy çak edilýär. Haçan-da şol nomere jaň etmek islenen mahaly awtomatiki ýagdaýda bu nomeriň elýeterli ýerde däldigi ýa-da ýapykdygy barada habar berilýär.

Çäreler

"QIWI" atly elektronik töleg ulgamynyň bikanun toparlar tarapyndan ulanylmagy indi täzelik däl. Orsýetiň halk wekilleri ençeme gezek muňa garşy çäre görjek bolup synanşyk edipdirler. 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda "Bütewi Rossiýa" atly partiýadan bir topar (şol sanda Çeçen respublikasynyň owalky içerki aragatnaşyk ministri Şamsail Saraliýew) we LDPR partiýasy terrorçylyga garşy göreş çäginde elektronik töleg kanun esasynyň üýtgedilmegi babatda kanun teklibini hödürläpdirler.

Russiýanyň Dumasy
Russiýanyň Dumasy

Owal başda mukdary bäş müň rubl möçberinden köp bolan atsyz pul tölegleriň gadagan edilmegi islenipdir. Şonda 2014-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda "QIWI" elektronik töleg ulgamynyň gymmatly kagyzlarynyň bahalary ýüzden 19 göterim pese gaçypdyr. Teklibiň 2014-nji ýylyň 5-nji maýdaky ahyrky görnüşinde, adamlaryň öz arasynda diňe mukdary 15 müň rubldan ýokary bolan atsyz tölegler gadagan edilmeli diýlipdir.

Görnüşe görä, Orsýetde ekstremist toparlaryň elektronik töleg arkaly pul serişdesini ýygnamagyna çäre görülmegi barasynda şeýle kanuny üýtgeşiklik ýeterlik bolman ýaly.

Azatlyk Radiosynyň sowalyna "QIWI" ulgamynyň wekillerinden berlen jogapda "ýazgarmak bilen bir hatarda terrorçylyk, ekstremizm we beýleki bikanun işleri goldanylmaýandygy" we "galp puluň aklanmagy, bikanun işleriň hemaýatkärligi we terrorçylyga finans kömeginiň berilmegi babatdaky kanunyň kadalaryna doly eýerilýändigi" aýdylypdyr.

"QIWI" tarapyndan berlen jogapda "Firma kanuna laýyklykda öz hyzmatyna bikanun täsirler bolmaz ýaly elinden gelen çäräni gaýgyrmaýar. Firmanyň işlerinde bar bolan maglumatlara görä, galp puluň aklanmagy we terrorçylygyň hemaýatkärligi riskiniň iň pes derejededigini bildirýäris" diýlipdir.

XS
SM
MD
LG