Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

B.Panier: Türkmen resmileri üçin wezipe has wajyp


Türkmen resmileri
Türkmen resmileri

Türkmenistanyň ýerli häkimiýet organlaryna - Halk maslahatlaryna saýlawlara taýýarlyk görülýär. Saýlawlaryň 23-nji noýabrda geçiriljegi yglan edildi. Resmi maglumatlara görä, dalaşgärler paýtagtyň ösüşine ýerli organlaryň goşandyny artdyrmagy maksat edinýärler, dalaşgärleriň ählisi-de döwlet işgärlerinden ybarat.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerlerdäki edaralaryna döwlet işgärleriniň saýlanmagy halkara saýlaw tejribelerine näderejede gabat gelýär?

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Bruсe Panier bilen gecirilen söhbetdeşligi diňläliň.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýerli häkimiýet organlaryna geçiriljek saýlawlarda dalaşgärleriň ählisi diýen ýaly döwlet işgärleri, şeýle ýagdaý beýleki ýurtlarda hem barmy?

Bruсe Panier: Türkmenistan diňe bir ýerli häkimiýet organlaryna geçirilýän saýlawlarda däl, umuman, saýlaw meselesinde halkara standartlaryna eýermeýär. Saýlawlarda wezipä dalaş edýän kandidatlaryň hökümet wekilleri bolmagy manysyz bir zat. Sebäbi bir wagtda hem häkimiýete wekilçilik etmek hem-de häkimiýetden halkyň bähbitlerini talap etmek mümkin däl. Ýagdaýyň gowulanmagy, özgerip başlamagy üçin dürli garaýyşly adamlaryň öňe çykmagyna mümkinçilik döredilmeli, olaryň dürli tejribeleri bolup, olar saýlawly organlara täze ukypdyr-tejribelerini getirmeli.

Azatlyk Radiosy: Beýleki ýurtlarda geçirilýän saýlawlara syn edilende, hökümetde ýa-da dürli derejelerde döwlet işinde işlän adamlaryň hem saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşýandygyny görmek mümkin. Bu ýerde Türkmenistandaky ýagdaýdan tapawut näme?

Bruсe Panier: Hawa, beýleki ýurtlarda-da resmi wezipelerde işlemek tejribesi bolan adamlaryň saýlawlara gatnaşýandygyny görmek mümkin. ABŞ-da şeýle tejribeler bar, emma bu adamlaryň aslyýetinde ýerlerden saýlanyp çykandygyny ýatdan çykarmaly däl. Olaryň halkyň öňünde öz borçlary bar we olar hökümetiň işini kämilleşdirmek ugrunda jan çekmäge borçly bolýarlar. Türkmenistanda bolsa döwletden aýlyk alýan häkimiýet wekilleri öz wezipelerini saklamak üçin Aşgabadyň ähli diýenlerini etmeli bolýarlar, netijede welaýat, etrap ýa oba derejesindäki halk wekilleri adamlaryň şikaýatlaryna ýeterlik derejede üns hem berjek bolmaýarlar, sebäbi öz wezipesini saklamak olar üçin has wajyp iş bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda saýlaw sistemasynyň hiç özgermän galmagyna näme sebäp bolýar diýip pikir edýärsiňiz?

Bruсe Panier: Bu sistema syýasatyň üýtgemezligini üpjün edýär. Şeýle ýagdaýda ýurduň öz ugruny üýtgetmän saklamagyna mümkinçilik döreýär. Bar zat şol bir durkuna galýar we sistemany üýtgemäge mejbur edip biljek ýagdaý döremeýär. Bu gowulyga tarap özgerişlik üçin mümkinçiligi aradan aýryp, çykgynsyz ýagdaý döredýär we saýlawlaryň manysyny gaçyrýar. Türkmenistanda ýyllar boýy geçirilýän saýlawlarda saýlawçylaryň wezipä saýlaýan adamlaryny tanamaýanlygynyň özi-de halk wekilleriniň netijesiz şahsyýetlerden ybarat bolup, olaryň diňe, wezipä eýe bolansoň, wagtynyň köpüsini paýtagtda geçirmek mümkinçiligine eýe bolýan adamlardygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG