Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistana ýene hüjüm edilmegi ahmal"


Owgan goşunynyň esgerleri öldürilen jeňçileriň jesediniç ýanynda durlar. Kandahar, 20-nji ýanwar, 2014
Owgan goşunynyň esgerleri öldürilen jeňçileriň jesediniç ýanynda durlar. Kandahar, 20-nji ýanwar, 2014
Golaýda türkmen-owgan serhedinde ýene bir betbagtçylykly hadysanyň bolandygy, jeňçileriň Türkmenistanyň üç serhetçisini atyp öldürilendigi barada habar ýaýrady.

Azatlyk Radiosy demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, Owganystanyň Mejlisiniň Farýab welaýatyndan saýlanan deputaty Başir Ahmad Taýanj bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, soňky birnäçe aýyň dowamynda türkmen serhedine azyndan iki gezek hüjüm edilip, onda ençeme türkmenistanly serhetçi öldürildi. Siz bu ýagdaýlara nähili baha berýäňiz?

Başir Ahmad Taýanj
Başir Ahmad Taýanj
Başir Ahmad Taýanj: Mundan öň Täjigistan bilen Owganystanyň serhedi asuda däldi we Özbegistanyňam serhedini bozmaga synanyşyk edildi. Badgyz we Farýab welaýatynda howpsuzlyk ýagdaýy ýaramaz bolansoň, “talyban” jeňçileriniň Türkmenistana wehim salmagyna mümkinçilik döredi.

Geçen 12 ýylyň dowamynda “Talyban” Türkmenistana hiç bir zyýan ýetirmedi. Emma indi ekstremistler Merkezi Aziýa geçmek üçin Türkmenistanyň ýoluny saýlap alana meňzeýär. Geljekde hem jeňçileriň Türkmenistana hüjüminiň dowam etmegi ahmal. Şol sebäpden, serhedi parahat saklamak üçin, Owganystanyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümeti hyzmatdaşlyk etmelidir.

Azatlyk Radiosy: Kabylda çap edilýän “Messa”atly gazet kiçijik ýaragly toparyň hem Türkmenistana wehim salyp biljekdigini ýazdy. Siz bu garaýyşlara näme diýýärsiňiz?

Başir Ahmad Taýanj: Ýok, men onuň bilen ylalaşmaýaryn. Türkmenistan bitarap ýurtdur. Türkmenistanda öz topragyny goramaga güýç bar. Türkmenistanda nyzam bar, düzgün-tertip bar, Owganystan ýaly çagşan däl.

Türkmenistan öz goňşusynyň içki meselesine goşulmaýar hem-de meseläniň harby ýol bilen çözülmegini islemeýär. Şonuň üçinem käbir taraplar türkmen harbylaryny güýçsüz hasaplaýar, ýöne ol ýalňyşlykdyr. Gerek bolsa, türkmen serhetçileri güýç ulanmakdanam çekinmez.

Azatlyk Radiosy: Öňler Owganystanyň gündogar we günbatar sebitlerinde howpsuzlyk ýagdaýlary ýaramaz diýilýärdi. Häzir bolsa ýurduň demirgazygyndaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň hem barha ýaramazlaşýandygy aýdylýar. Siz munuň sebäplerini nämede görýäňiz?

Başir Ahmad Taýanj: Gynansagam, Owganystanyň ýaragly güýçleri Demirgazykda howpsuzlygy üpjün etmek üçin çäre görmeýär. Biz Milli mejlisiň demirgazyk Owganystandan saýlanan agzalary bolup, ol ýerde ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny resmilere ençeme gezek mälim etdik. Emma üns bermediler. Şol sebäpden häzir ýagdaý şeýle boldy. Howpsuzlyk şertleri mundan hem ýaramazlaşar diýen gorky bar.

Azatlyk Radiosy: Gozgalaňçylaryň arasynda Owganystanda ýaşaýan etniki özbekleriň we etniki türkmenleriň hem bardygy aýdylýar. Bu aýdylýanlar dogrumy?

Başir Ahmad Taýanj: Talyp hereketiniň gazanan iň uly üstünliginiň biri hem olar demirgazykda ýaşaýan özbek we türkmen halkynyň din wekillerini köpçülikleýin özüne çekmegi başardy. Ýaş türkmen we özbek mollalary düşünmän, “talybana” goşulýar. Hususanam, Pakistanyň dini medreselerinde tälim alan özbekdir türkmenleriň ahunlary “talyban” bilen hyzmatdaşlyk edýär. Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşmagynda biziň öz mollalarymyzyň uly roly bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, etniki özbekler we etniki türkmenler “Talyban” hereketine näme üçin goşulýarlar?

Başir Ahmad Taýanj: “Talyban” diýmek bir ideologiýa we bir mekdepdir. “Talyban” yzagalak adamlary özüne çekmek üçin tagalla edýär. Türkmen we özbek ahunlarynyň “Talybana” goşulmagynyň birinji sebäbi şol. Ikinjiden, Owganystanyň hökümetinde hem köp kemçilik bar. Döwlet edaralarynda korrupsiýa möwç alýar. Hökümet howpsuzlygy üpjün edip bilmeýär. Köp adam hökümetden närazy bolup, “Talybana” goşulýar. Käbirleri bolsa gorkup, “Talyban” bilen gatnaşmaga mejbur bolýar.

Azatlyk Radiosy: Demirgazykdaky söweşijiler kim? Olar haýsy toparlardan ybarat?

Başir Ahmad Taýanj: Demirgazykda gozgalaňçylaryň aglabasy özbek we türkmenlerdir. Jeňçileriň komandirlerem özbek we türkmenlerdendir. Uruşýanlaryň aglabasy özbekler we türkmenler bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Şol agzap geçen toparlaryňyzyň arasynda Özbegistanyň Yslam hereketi hem barmy?

Başir Ahmad Taýanj: Özbegistanyň Yslam hereketiniň agzalary demirgazyk Owganystanyň etraplarynda bolýan söweşlere gatnaşýar. Olaryň Demirgazykda hereket edýändigini biz bilýäris. Munuň şeýledigini Owganystanyň Howpsuzlyk gullugy-da tassyklaýar.

Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ahyryna çenli halkara güýçleriniň aglaba bölegi Owganystandan çykarylar. Ondan soňra Owganystanyň demirgazygyndaky howpsuzlyk ýagdaýlary haýsy tarapa üýtgär? Bu barada siziň nähili pikirleriňiz bar?

Başir Ahmad Taýanj: Häzirem halkara güýçleriniň belli bir bölegi Owganystany terk etdi. Howpsuzlyk jogapkärçiligini owgan güýçleri öz üstüne aldy. Emma owgan güýçleriniň ýarag we beýleki enjamlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üpjün edilýär. Meniň pikirimçe, dünýä jemgyýetçiliginiň kömegi dowam etse, ýagdaý kän ýaramazlaşmaz.
XS
SM
MD
LG