Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Tankytdan" soňky netijeler


Türkmenabatly bir mugallym tälim berýän ýaşlarynyň üstüne gegyrýar.
Türkmenabatly bir mugallym tälim berýän ýaşlarynyň üstüne gegyrýar.
“Gynansak-da, sport mekdepleri talaba laýyk işlemeýär. Sport mekdepleriniň käbirinde sport enjamlary ýetmezçilik edýär. Beýleki mekdeplerde bolsa, birnäçe kemçilikler bar. Ýöne esasy zat, bu sport mekdepleriniň köpüsinde mugallymlar hem-de ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetmezçilik edýär”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 22-nji fewralda eden ýokarky çykyşynyň täsiri welaýatlarda, has takygy, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda eýýam duýlup başlady. Ýagny, prezidentiň agzaýan mekdeplerinden biri bolan 3-nji sport mekdebiniň gapylary ýapyldy.

"Zähmet" stadionynda türgenleşik
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyna degişli Kaksaçan obasynda ýerleşýän şol sport mekdebiniň gapysynyň öňi 25-nji fewralda gum-gukluk boldy. Ilata bu barada, ýokardan berlen buýruga laýyklykda, mekdebe wagtlaýynça hiç kimiň salynmaýandygy habar berildi.

Nämälimlik

Mekdebiň geljekki ykbaly bolsa häzirlikçe nämälimligine galýar. Ykbaly näbelli bolan sport mekdebi diňe bu däl, soňky üç-dört ýylyň dowamynda tutuş ýurt boýunça gurlan ýene-de 90 sany geljegi näbelli sport mekdepleri bar.

Sebäbi ozaldan Türkmenistanyň ähli welaýatdyr etraplarynda sport mekdepleriniň 90 sanysy bar, sport desgalaryny gurmak kampaniýasynyň çäginde ýene-de 121 sany sport desgasy-da ulanylmaga tabşyrylypdyr. Prezident şeýle desgalaryň gurluşygynyň togtadylýandygyny aýdanda, ozal gurlup, eýýäm ulanmaga berlen mekdepleriň ykbaly barada takyk zat aýtmady.

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda gurlan sport mekdepleri baradaky maglumata gaýdyp gelsek, etrapda jemi üç sany sport mekdebi işleýär. Olaryň ikisi etrap merkezinde bolup, üçünjisi Watan daýhan birleşiginiň Kaksaçan obasynda ýerleşýär.

Bu sport mekdepleriniň arhitekturasy, meýdany birmeňzeş. Mekdepleriň çäginde kiçi futbol, gandbol oýnamaga niýetlenen meýdança, basketbol oýny üçin uly zal we sambo, dzýu-do, boks bilen meşgullanmaga niýetlenen ýerler bar.

"Geň galdyrmadyk" ädim

Häzirki wagtda şol mekdeplerden diňe biri, ýagny 2-nji sport mekdebi işledilýär, etrapdaky 1-nji sport mekdebi bolsa indi ep-esli wagtdan bäri doly güýjünde işlänok. Kaksaçan obasynda ýerleşýän mekdebiň bolsa, türgenlere gapysyny ýapmagy käbir adamlary o diýen geňem galdyrmadyga meňzeýär.

“1996-njy ýylda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdiniň adyny göterýän mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakulteti we häzirki Türkmenbaşy şäherinde ýerleşen bedenterbiýe mugallymlaryny taýýarlaýan ýörite tehnikum ýapyldy. Şeýlelikde şu günler sportçy kadrlarynyň ýetmezçiligi geň zat däl” diýip, özüni Sünnet diýip tanadan bedenterbiýe mugallymy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sünnet sport mekdepleri bilen bagly bu ýagdaýyň düýp sebäbiniň proýektleriň “Ýedi ölçäp, bir kes” pähimine eýerilmän amala aşyrylýanlygyndan diýip hasaplaýar. Onuň aýtmagyna görä, “obýektler gurulmazdan ozal ol ýerde işlejek tälimçileriň sanyna göz aýlanan bolsa, gowy bolardy”.

Berdimuhamedow bu mekdepleriň gurluşygynyň togtadylýandygyny yglan edende, gurlup ulanmaga berlen sport mekdepleriniň ykbaly hakda gürrüň etmedi, emma başga planynyň bardygyny yglan edip, mundan beýläk guruljak sport mekdeplriniň binalarynyň içinde sport zallarynyň göz öňünde tutuljakdygyny aýtdy.

Biz sport mekdepleri boýunça alyp barýan işlerimizi wagtlaýyn möhlet boýunça togtadýarys. Ýöne, muňa garamazdan, biz geljekde ähli orta mekdepleri sporty ösdürmegi göz öňünde tutup gurarys. Orta mekdepleriň ählisinde döwrebap sport zallarynyň we sport meýdançalarynyň bolmagyna hem aýratyn üns bereris” diýip, Berdimuhamedow 22-nji fewralda eden çykyşynda belledi.

Täze planyň näderejede öwrenilendigi babatda bolsa agzalýan ýygnakda jikme-jik maglumat berilmedi. Netijede edil häzirki döwürde hereket edýän mekdepler gürrüňi edilen zallardan mahrum edilermi diýlen sorag ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG