Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tigir söwdasy gyzyşýar


Türkmen döwlet habarlar gullugy 1-nji sentýabrda ählihalk tigir sürüşliginiň geçiriljekdigini habar berensoň, şu günler Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabatda hem tigir söwdasy barha gyzgalaňly gidýär.

Bu ýagdaýdan türkmenabatly telekeçi Daýanç gaty razy.

“Esasan bahasy 300 manat bolan sport tigirini satyn alýarlar. Öňler bir günde 5-10 sany tigir satan bolsam, şu günler 20-25 tigir satýan mahalym hem bolýar. Meniň dükanym kiçi, köplenç alyjylaryň isleýän görnüşi gutaryp galýar. Beýleki käbir söwdagärler has köprägem satýar” diýip, özüni Daýanç diýip tanadan tigir söwdagäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Türkmenabadyň bazarlarynda satuwa goýlan tigirleriň aglabasy Hytaýdan getirilen, olaryň iň arzanynyň bahasy 300 manat, biraz gymmadragynyň bolsa 500 manatdygyny telekeçiler aýdýarlar. Tigire bolan talap birden artansoň, olaryň bahasynyň hem ortaça 40-50 manat ýokarlanandygy aýdylýar.

1-nji sentýabra taýýarlyk diňe tigirlere talaby artdyrman, sport egin-eşiklerine-de isleg ýokarlandy. Tigir satyn alan bir kişi, umuman aýdylanda, sport papagyny, sport egin-eşigini, sport köwşüni-de satyn alýar.

“400 manat çykdaýjy”

Adynyň agzalmagyny islemedik söwdagär, bu esbaplaryň jeminiň ortaça bahadan näçe manat bolýandygyny şeýle hasaplady: “Sport köwüşleri 70 manat, tigir 300 manat, sport eşigi 40 manat, sport papagy 6-10 manat, diýmek, tigir sürüşlik kampaniýasyna gatnaşan bir adamyň çykdayjysy 400 manatdan geçer”.

Türkmenistanda ortaça aýlyk bolsa 300-400 manat aralygynda.

Sport eşiklerine Türkmenistanda her ýyl hem awgust aýynda isleg artýar. Ol esasan hem mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň okuwa başlamagy bilen bagly, sebäbi okuw bilen bir hatarda dürli sport çärelerine gatnaşmagy üçin okuwçylardan sport eşikleriniň bolmagy talap edilýär.

Bu ýylky 1-nji sentýabr ilkinji gezek geçiriljek ählihalk tigir sürüşlik kampaniýasyna gabat gelensoň, sport esbaplarynyň alyjylarynyň arasynda ýaşulylary hem görmek bolýar.

Geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl tigir sürüşlik kampaniýasyna döwlet edaralarynyň işgärleri hem gatnaşdyrylar. Netijede käbir edara ýolbaşçylarynyň öz işgärlerinden tigir satyn almak üçin pul soraýandygy barada hem maglumatlar gelip gowuşýar.

Sport enjamlarynyň aglabasy daşary ýurtlardan getirilýär, olaryň arasynda Hytaýda öndürilen harytlaryň sany agdyklyk edýär. Türkmenistana getirilýän Hytaý harytlarynyň bolsa, umuman aýdylanda, ömri gysga bolup, olary tiz wagtdan täzeläp durmaly bolýar.
XS
SM
MD
LG