Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Vilmer: "Türkmenistandaky hakyky durmuş barada maglumat bermek isledim"


Jean-Baptiste Jeangene Vilmer
Jean-Baptiste Jeangene Vilmer

Ýakyn wagtlarda Türkmenistanda ýaşan žurnalist Jean-Baptiste Jeangene Vilmer Türkmenistan we türkmen halkynyň durmuşy barada kitap ýazdy. Kitabyň Parižde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere onuň bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jean, näme üçin Türkmenistan barada suratlar kitabyny çykarmak kararyna geldiňiz?

Jean Vilmer: Çünki Fransiýada Türkmenistan barada köp maglumat ýok. Ýlaýtada bizde Türkmenistan barada suratlar az. Bize diňe hökümetiň internetde goýan suratlary elýeterli . Olar, hususan, resmi jaýlar barada. Elbetde, olaram gerek. Emma bizde türkmen jemgyýeti dogrusynda hiç bir surat ýok. Adamlar nähili ýaşaýarlar, olar bazarlarda näme bilen meşgullanýarlar, olaryň durmuşy nähili? Bu zatlar fransuzlar üçin gyzykly.

Men 2007-nji we 2009-njy ýyllarda Türkmenistanda ýaşadym. Şonuň üçin-de, men Türkmenistan barada suratlar kitabyny çykaryp, Fransuz dillileri Türkmenistan bilen tanyşdyrmagy karar etdim. Çünki Türkmenistan juda gyzykly ýurt. Şunlukda meniň ilkinji maksadym adamlara maglumat bermek boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, Siz bu kitaby çap edip, öz maksadyňyza ýetdiňizmi?

Jean Vilmer: Men kitaby çap edendigime juda şat. Emma oňa reaksiýalar barada gürrüň ederden entek ir. Çünki ol ýaňyja çap edildi we ähli kitap dükanlara entek ýaýramady. Men Fransuzlaryň Türkmenistan bilen juda gyzyklanýandygyny bilýärin. Meni radio çagyrdylar we köp reaksiýa boljakdygyna ynanýaryn. Men Fransuzlaryň sowallaryna jogap berjekdigime örän şat.

Olaryň adam hukuklary we syýasy ýagdaýlar barada hem soramagy ahmal. Elbetde, bular juda möhüm. Emma, meniň pikirimçe, biz diňe adam hukuklary we syýasy ýagdaýlar barada gürrüň edip, meselem, türkmen medeniýeti, hudožnikleri, heýkelçileri, aktýorlary, ahalteke atlary, edebiýaty dogrusynda söhbet etmeýäris. Yöne bular juda gyzykly.

Şeýlelikde meniň kitaby çap etmegimiň bir maksady – Türkmenistanyň geografiýasy, syýasy durmuşy, jemgyýeti, medeniýeti we diňe Nyýazow däl-de, Berdimuhamedow barada hem Fransuz dillilere doly maglumat bermekdi. Men diňe adam hukuklary we syýasat däl-de, olardan başga-da köp zat barada maglumat bermegi ýüregime düwdüm.

Azatlyk Radiosy: Siz bu kitaby taýýarlamak üçin Türkmenistanda surat alanyňyzda, haýsy-da bolsa bir päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy?

Jean Vilmer: Elbetde. Men Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen sosial durmuşda, bilim pudagynda käbir ösüşleri gördüm. Ol gowy işleri etdi. Emma adam hukuklary, metbugat azatlygy boýunça ösüş bolmady. Şonuň üçin-de, Türkmenistanda surat almakçy bolsaň, saňa şübheli garaýarlar. Näme üçin surat alýarsyň? Sen bu suratlar bilen Türkmenistany gowy edip görkezjekmi ýa-da tankytlamakçymy diýip, menden soradylar.

Meniň maksadym Türkmenistany gowy ýa-da ýaramaz edip görkezmek däldi. Men Türkmenistandaky hakyky durmuş barada maglumat bermek isledim. Şonuň üçin-de men käte gowy zatlaryň suratyny aldym, käte bolsa, belki, ýaramaz zatlaryň. Meselem, kitapda garyplyk ýa-da garyp adamlar barada hem suratlary görüp bilersiňiz. Çünki Türkmenistanda hemmeler baý däl ahyryn. Ilatyň käbir bölegi garyp. Men şolary hem görkezmegi ýüregime düwdüm. Bular durmuşdaky hakykatlar. Esasy päsgelçilik köçede durýan polisler. Sen habardar bolmaly. Sen kiçijik kamera ulanmaly. Iki obýektiň arasynda çalt hereket etmeli.

Eger-de bir binanyň ýanynda köpräk dursaň, onda polisiýanyň ýa-da KNB-çiniň ýanyňa gelip, “sen bu ýerde näme üçin dursuň? Näme işleýärsiň?” diýip soramagy ahmal.

Meniň öz strategiýam boldy we meniň wagtym ýeterlikdi. Türkmenler juda gowy we eli açyk adamlar. Men olar bilen gürrüň etmegi halaýaryn. Olaryň suratyny alanymda hiç bir problema bolmady. Ýönekeý raýatlaryň özleri we durmuşy barada surat alanymda şatlandylar. Çünki olar özleri barada dünýäniň bilmegini isleýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz surat alanyňyzda, nähili anyk problema bilen ýüzbe-ýüz bolduňyz?

Jean Vilmer: Bir gezek men Aşgabadyň otly stansiýasynda surat aldym. Bilýäňizmi, Türkmenistanda otlularyň suratyny almak gadagan. Men munuň anyk sebäbini bilemok. Hatda diňe otlynyň däl-de, onuň ymgyr çöldäki relsiniň suratyny almak hem gadagan. Men gumuň içindäki Derwezede boldum. Şonda otlynyň relsiniň suratyny almak isledim. Bu ýerde yns jyns ýokdy. Diňe kiçijik jaý we otlynyň relsi bardy. Haçanda men relsiň suratyny aljak bolanymda, şol kiçijik jaýdan biri çykyp, bu ýerde surat almak bolanok diýdi.

Başga bir gezegem meni Aşgabatdaky otly stansiýasynda tussag etdiler. Çünki men otlynyň we köne wagonlaryň suratyny aldym. Türkmenistanda Hytaýyň täze wagonlary hem bar. Men olarda öňki Krasnowodskä gitdim. Garaz, meni tussag eden polis ençeme sorag berip, köp saklady. Emma KNB-çi has köp sowal berdi. Olar meniň näme üçin surat alandygymy, kimdigimi we kim üçin işleýändigimi bilmek islediler. Haçanda olar meniň alan suratlarymyň köne jaýlar, wagonlardygyny görenlerinde, meniň näme üçin bularyň suratyny alandygyma düşünmediler. Olar menden ”Eger sen surat almak isleseň, onda näme üçin merkeze gidip, ak mermerden gurlan ajaýyp binalaryň suratyny alaňok? “Siziň “Buig” kompaniýaňyz ajaýyp binalary gurdy. Näme üçin şolaryň suratyny alaňok?” diýdiler.

Olaryň mende galdyran täsiri nämäniň gowudygyny ýa-da ýaramazdygyny sen däl-de, olaryň kesgitleýändigi boldy. Ýagny, “Buigiň” guran binalary juda owadan we olaryň suratlaryny almak bolýar. Emma köne wagonlar gowy däl we olaryň suratyny almak bolanok.

Azatlyk Radiosy: Jean, Siz Türkmenistanda köp ýaşapsyňyz. Eýsem, Siz Türkmenleriň haýsy däp-dessurlaryny has gowy görýärsiňiz?

Jean Vilmer: Men Türkmenleriň birek-birege raýdaşlygyny örän gowy görýärin. Sebäbi türkmenleriň uly maşgalasy bar. Maşgala olar üçin juda mukaddes hasaplanylýar. Eger meniň bir problemam bolsa, on dostum kömege taýýar. Men Türkmenistany terk etmek üçin uçarlar meýdanyna baranymda, ir sagat üç töweregidi. Emma eýýäm sagat dörd-e çenli men on adam bilen dostlaşdym. Bu Fransiýada asla mümkin däl. Bu ajaýyp türkmen däbi diýip oýlanýaryn.

Türkmenler örän myhmansöýer we myhmany mydama güler ýüz bilen garşylaýarlar. Meniň Türkmenistanda dostlarym köp. Men türkmen toýlaryny hem gowy görýärin. Men üç toýa bardym. Haçanda men durmuşa çykýan gyzyň başynda agyr kürtäni görenimde, “serpmeden gaýdan ýaly” boldum.

Belki, durmuşa çykýan gyza jokrama yssyda kürte atynmak has agyr düşýändir diýip oýlanýaryn. Türkmen toýlary uludan tutulýar we hemmeler şatlanýarlar. Daňa çenli tans edýärler, köp wodka, ors, türk we juda gowy türkmen piwosyny içyärler. Türkmen naharlary hem juda tagamly. Men wegetarian bolsam-da, ilkibaşda iki gezek palaw iýdim. Emma soňra restoranlara barsam, çopan saladyny iýmeli boldum. Dogrusy, ondanam ýadadym. Garaz, maňa wegetarian hökmünde nahar saýlamak ýeňil bolmady.

Türkmenleriň çakyry hem gowy diýip eşitdim. Emma restoranlarda gürji we bolgar çakyrlary bar. Yöne bu ugurda Türkmenistana Fransuz spesialistleri uly kömek edip bilerdi. Türkmenistanyň örän gowy üzümleri bar. Ýene-de bir zady aýdasym gelýär. Bize daşary ýurtlulara “Awaza” gerek däl. Bu gowy zat. Yöne biz ony islemeýäris. Bize Türkmenistanda hereket azatlygy gerek. Biz Türkmenistanda islän ýerimiziň suratyny almak we adamlar bilen ine-gana gürrüň etmek isleýäris.
XS
SM
MD
LG