Türkmenistanda prezidentiň saparlary, baýramçylyklar, täze binalaryň açylyş dabarlary ýaly çäreleriň tas ählisi diýen ýaly uly şowhun-dabara, köp sanly adamlaryň tans oýnamagy, baýdaklary galgatmagy bilen bellenilýär.Türkmenistanyň döwlet telewideniýesidäki sýužetlerde bu çärelere gatnaşyjylaryň ýüzlerinden şatlyk duýgulary hiç aýrylmaýan bolsa, arka sahnadaky görnüşlerde adamlaryň ysgyndan düşen pursatlaryny synlamak bolýar.