Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3156
EUR / 
RUB
0,0254
RUB / 
USD
29,822

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

azathabar.com ÜÇIN TEHNIKI KÖMEK

Siziň sahypaňyzda radiony nädip diňläp bilerin?

Web sahypamyzda media çalyjylaryň aglaba köpüsi işleýär. Kompýuteriňiziň konfigurasiýasyna bagly bolmak bilen, biziň MP3 faýllarymyzy dogry gurnalan çalyjylaryň aglaba köpüsi arkaly diňläp bilersiňiz.

Eger kompýuteriňizde Windows kompýuter sistemasyny ulanýan bolsaňyz, Windows Player çalyjysy awtomatiki usulda gurnalan bolmagy mümkin. Windows Media Player çalyjysynyň 9-njy we soňkraky görnüşlerini ulanmagy maslahat berýäris.

Eger siz Real Player çalyjysyny ulanýan bolsaňyz, 10-njy we soňraky görnüşlerini ulanmagy maslahat berýäris.

Eger diňlemek üçin size çalyjy gerek bolsa, Real Player ýa-da Windows Media Player’i degişli sahypalardan kompýuteriňize indirip bilersiňiz. Çalyjylary kompýuteriňize indirmek üçin şol sahypalardaky düzgünleri ýerine ýetiriň.

Saýlan çelgimdäki audio işlemedik ýagdaýynda näme edip bilerin?

Eger audio çalyjyňyz döwrebap bolup, onuň ýeterlik diýapazon geçiriji bilen baglanyşygy bar bolsa, onda siz howpsuzlyk parametrleriňizi medianyň aýlanyşygyny ýola goýmak üçin üýtgedip bilersiňiz. Gynansakda, şular ýaly meseleleri her yagdaýyň diňe öz şertlerine görä çözmek mümkin. Eger iş ýeriňizde bolsaňyz ýa-da internet kafede diňlemek isleseňiz, onda kömek üçin tehniki administratora ýüz tutup bilersiňiz.

Browzerleriň haýsysy goldanylýar?

RFE/RL.org browzerleriň aglaba köpüsini goldaýar, emma sahypamyz Internet Explorer 7.x we Mozilla Firefox 1.x ya-da 2.x üçin sazlanan.

RFE/RL’i nädip baş sahypam edip bilerin?

Windows - Internet Explorer 6 we soňraky görnüşlerini ulanýanlar üçin:
- "Tools" menýusyny aç we "Internet Options"y saýla,
- “General” düwmesinde önden bellenen bolmaly,
- Ýokarky bölekde “Home Page” bölümi görünmeli,
- “Address” diýen ýere www.azathabar.com salgysyny ýaz,
- Penjiräniň aşagynda ýerleşdirilen "Ok" düwmesine bas.

Windows - Firefox 2.x ulanýanlar üçin:
- "Tools" menýusyny aç we "Options"y saýla,
- "Main" düwmesini saýla,
- "Home Page" diýen ýere www.azathabar.com salgysyny yaz,
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.

MacOS X - Firefox 2.x ulanýanlar üçin:
- "Tools" menýusyny aç we "Options"y saýla,
- "Main" düwmesini saýla,
- "Home Page" diýen ýere www.azathabar.com salgysyny yaz,
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.


Eger problema çözülmedik ýagdaýynda bizden kömek soramak üçin email ýazyň.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS