Hezreti Omar metjidi

Bu metjit Aşgabat Gaža sebitiniň gündogar-günortasyndaky Možaýskiý köçesiniň ugrunda ýerleşýärdi 1994-95-nji ýyllarda gurlan bu metjidiň ýumrulalanyna bäş ýyl çemesi wagt boldy. Şol döwürde Gaža sebitiniň gündogar-günortasyndaky jaýlary ýykyp, ýerine il içinde “elitka” diýlip atlandyrylýan jaýlary gurmak kampaniýasy başlanypdy. Bu metjidiň ýerinde häzirki wagtda “elitka” diýlip atlandyrylýan jaýlar ýerleşýär. Gurlan bu jaýlaryň ählisi häzirki wagtda Atamyrat Nyýazow prospektine degişli edildi.



Ymam Ryza metjidi

Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 58A jaýydy. Bu metjit eýranly şyga, şaýy biznesmenleriniň maliýe serişdesiniň hasabyna 1995-96-njy ýyllarda bina edildi. Il içinde “şaýylaryň metjidi” diýen at bilen hem tanalýan bu metjit 2013-nji ýylda ýykyldy. Şol döwürde Aşgabadyň gündogar-günortasyndaky jaýlary ýykyp, ýerine il içinde “elitka” diýlip atlandyrylýan jaýlary gurmak kampaniýasy başlanypdy. Bu metjidiň ýerinde häzirki wagtda “elitka” diýlip atlandyrylýan jaýlar ýerleşýär.



Hezreti Aly metjidi

Bu metjit Türkmenistan-Eýran ýolunyň gündogar böleginde, Aşgabat şäherinden ortaça 3 kilometr günortada ýerleşýärdi. Hezreti Aly metjidi kuweýtli işewür Al Baktynyň maliýe serişdesiniň hasabyna 1992-93-nji ýyllarda gurlupdy. Ol Türkmenistandaky ilkinji metjitleriň biridi. Bu metjit 1998-njy ýylda ýumruldy. Onuň näme sebäpden ýykylandygy barada takyk maglumat almak başartmady. Häzirki wagt onuň ýerine agaç nahallary ekilendir.



Ymam Agzyn metjidi

Bu metjit Aşgabadyň öňki “8-nji mart” etrapçasyndaky “Partizan” köçesiniň ugrunda ýerleşýärdi. 1990-njy ýyllaryň aýagynda bu sebitdäki jaýlary ýykmak kampaniýasy başlanypdy. Bu metjit hem şonda 2001-2002-nji ýyllar aralygynda ýykylypdy. Bu metjidiň ýerinde häzirki wagtda “elitka” diýlip atlandyrylýan jaýlar ýerleşýär.



Gurbanmuhammet Ahun adyndaky metjit

Aşgabadyň “Ilerki Garadamak” obasy diýilýän ýaşaýyş massiwinde, Gurbanmuhammet ahun atly köçäniň ugrunda ýerleşýärdi. Bu sebitde “Olimpiýa şäherçesiniň” gurluşygy bilen baglanyşykly ençeme jaýlar ýykyldy. Bu çäräniň çäginde takmynan 1994-95-nji ýyllarda gurlan Gurbanmuhammet ahun metjidi hem ýumruldy. Onuň ýumurmak çäresi 2012-nji ýylda Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň öňýanynda amala aşyryldy. Bu metjit Gurbanmuhammet Ahun köçesiniň 24-nji jaýynda ýerleşýärdi. Häzir bu ýerde Olimpiýa şäherçesiniň myhmanhanalar toplumy gurulýar.

Abadan metjidi

Bu metjit Aşgabadyň demirgazygyndaky “Şor Garadamak” obasynda ýerleşýärdi. Abadan metjidi geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalaryna guruldy. Bu metjit 2009-njy ýylda ýykyldy. Bu metjidiň näme sebäpden ýykylandygy barada takyk maglumat almak başartmady. Bu metjidiň ýerinde henize çenli hiç zat gurulmady.

Çoganly metjidi

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyryna salynan bu metjit Aşgabadyň Çoganly sebitinde ýerleşýärdi. Bu metjit Çoganlynyň merkezi pasýologynda ýaşaýjylar üçin katež jaýlary gurmak çäresi başlanan mahaly, ýagny 2009-2011-nji ýyllar aralygynda ýykyldy. Onuň deregine Polisiýa departamentiniň şahamçasynyň jaýy guruldy. Bu Çoganlyda ýykylan daça jaýlaryndan 4-5 kilometr günortada ýerleşýärdi.

Credits