Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Forum

Habarlarymyz barada nähili teklipleriňiz, bellikleriňiz ýa-da şikaýatlaryňyz bar?

12.12.2009

Internetde çap edilýän, şeýle hem radioda efire berilýän analitiki makalalarymyz we habarlarymyz boýunça nähili teklipleriňiz, bellikleriňiz ýa-da şikaýatlaryňyz bar? Öz pikirleriňizi biziň bilen paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri
Şu foruma teswir ýazyň (51)
 Ozalky   Indiki 
Teswir sahypasy
kimden: ahmet nireden: ewropa
16.12.2009 23:13
men size hat yazdym welin jogap yok
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
16.12.2009 23:43
Hatyňyz hat@azatradio.org salgysyna iberilen bolsa, gysga wagtda jogap beriler. Gijikmeler üçin ötünç soraýarys.

kimden: Халмырат nireden: Швеция
19.12.2009 05:54
Хорматлы редакция!
Канадалы илдешимиз Мухаммедин;-WATAN HABARLAR GEPLESHIGINY DOLY YADA SAYLAMA EDIP MULTIMEDIYA BOLIMDE BERILSE ONGAT BOLARDY диен теклибини мен хем ики эллэп голдаярын.
Биринжиден,эгер шейле мумкинчилик доресе, сизин сайтынызын окужы саны онларча эссе копелжеги икучсыз. Себэп Америка-да, Европа-да ве онки совет республикаларынын аглабасында туркмен теле геплешиклерине сын этмек мумкинчилиги ёк.Диймек,дунйэнин дорт кунжуне яйран онларча мун илдешлеримиз сизин сайтынызын усти билен ата ватанда болуп гечйэн вакалары гунделик середип билерди.
Шейлеликде сизин сайтынызын окужылары "Азатлык" радиосынын чыкышларыны динлемек билен бир хатарда, "Ватан" хабарлар геплешигине-де середип, озлерине герек нетижэни чыкарып билерди.
Менин пикиримче, эгер-де сиз ил-гун учин,демократия учин иннэн пейдалы болуп билжек бу енил болмадык иши гурнамагын хотдесинден гелип билсениз,бу ишин согабы-да,абрайы-да,илдешлеримизин миннетдарлыгы-да, сизин редакциянызын адына языларды.

kimden: Gozeller nireden: North America
21.12.2009 07:56
Umuman saytynyz gowy, yone umuman aydanymyzda gowy. Web saytynyz açylmanka radionyzy dinlamokdym. Hazir dinleyan wagtym bolandan.

Media affairs boyunca US-de okap yoren student hokmunde menem pikirlerimi aýdyp galaýyn (yanymda joralam hem bar):

Birinjiden: Kabir analizlerde awtor yoluny yitiryar. “Mundan urdum gylyjy, arapda shaglar ujy” bolyar. Statyasyny yazyp bashlamaka, onunden skletini çyzsa gowy. Yogsa makalanyn ykbalyny ekspertler çozyar. Sholar name diyse, makalada sho bolyar. Materialyn kontrollugy awtoryn elinde bolmaly. Yone faktlar bilen we her hili argumentler bilen.

Ikinjiden: Habarçylarynyz habar okanda yasama ses bilen dal-de, tebigy ses bilen okasa gulaga yakymly bolyar. “Be as u are” diyyalera, ana sholar yaly. Yogsa “GEPLEYAR AZATLYK RADIOSY” diyip yasama yogyn ses bilen aydyar welin, “WNIMANIYE, WNIMANIYE! GOWORIT MOSKWA!!” diyen yaly bolup yanlanyar. Gaty kone stil, toylarda diktorlar ulanyar bu sesi. Habar okayan mikrofony yatdan çykarmaly (at least bize sheyle owredilyar). Yone ol yashuly adamyn yogyn sesi gowy, sebabi onun tebigy oz sesi. Bashga biri ony etjek bolsa gelishmeyar.

Uçunjiden: Kabir synlarynyz epesli wagt surya, yone gyzykly. Kabirleri gysga, yone dinlan badyna awtor “zeyrenip” bashlasa, “Ufff!” diyenini duyman galyan, awtordan-awtora uytgeyar yone. Adamlar dinlande zeyrenç dinlemek uçin däl-de, “reliable and unbiased information” almak uçin dinleýär. Zeyrenmeli yerinde ozumiz zeyrenyas, kemini goyman .(hehe) Yone jurnalistin muny etmage haky yok. Ashgabada barsam TV-de “owguli” sozlerden yadayan, sizinkide “zeyrencden”. Munyn bir “Золотая середина”-sy yokmuka?!

Dordunjiden: Aktualny gurrunde, awtoryn sesinin dinamikasy bilen saylap alyan sazlary gowy gelishyar. Appreciate it! Yone kabir turkce sozler goshulyar oydyan, not so sure :S

Bashinjiden: Krugly stola gatnashyan kabir syncylarynyzyn getiryan argumentlerini sanasan, barmaklaryn sanyndan gecenok. Name diyjekdigini “Plany soz sizden” diyyar welin, onunden aydyshyp gulushyas gyzlar bolup. Eyyam bilyasda name diyjegini, shooooo bir zat. Menem synçy dal welin, has guyçli argumentler getirip bilerdim. Yone entek yash, gorjegim onumde ;) Gel onda ayt diyip yakamdan yapyshayman. Statyalar hem sheyle, kabirinin awtoryny okamasan hem, kimin yazanyny bilip bolyar aglap bashlasa. Birinden ar aljak bolup yazylana menzeyan statyalara dushyan arasynda, media attack diyilyara…Hehe.

Altynjy: Zapadyn kanallarynda cykysh edyan syncylary dinlesen, yaman manyly we “yokary hilli” pikirler aydyalar. Sebabi kop okayalar. Sizde de cykysh etjek syncylarynyz onunden 15-20 Googling edip bir zatlar okap, son mikrofona gelseler bolanokmy. Dolurak bolsalar, dinleyjada gowyda. Goren eshdenleri bilen sowup bolmaza gyz?!

Yedinji: Anyrdaky habarcylarynyz musordan monjuk gozlap yor oydyan 1-2 sanysy. Nireden tapyalar o habarlary, mena telpek goyardym welin, gyzlar telpek geyenok (hehe). Hemme zady cukura gapgaraymaly dala…, there is always other side of every story – her wakanyn beyleki tarapy hem bar. Mysal ucin, arada kanun barada hunurdedi bir habarcy. Yone adamlaryn kanuna bolan garayshy barada hic zat aytmadam. Aglamadyk caga suyt yok diyse bir sozlemde, bolardy. Yone ministrleri gunakarlap gecdi.

Garaz saytynyz gowy, yone teklip, shikayat sorapsynyz menem aytdym. Ozum arz etmani gowy goregirakda. CNN sorasada aydardym halamayan yerlerimi. Hehe.

Hatyn ashagyndan 3 sany joramyn hem goluny goyyan. Size ustunlikler dileyan.

P.S Kate sho saytynyzda duran nomere jan edyan, alanok, Ya gije ishlanokmy. Non-stop nomeri yokmy webmasterin? Missed calla jan edaysin.

Angels
Muňa jogap

kimden: Atsyz
24.05.2010 00:24
Shu wagt okadym. Sheyle zehinli, aydyng pikirli yash ildeshleriming, egindeshleriming bardygyna guwanyan. teswiri okap ahyrlaberemde, yazanyn gyzdygyny bilmek, has hem hormatymy artdyrdy.
Turkmenistanly (uns bering, dine turkmen dal, ahli rayatlarymyz) yashlarymyzdan, deng-dushlarymdan sheyle zehinlere gabat gelenimde, yurdumyzyn geljeginin yagty boljagyna ynamym has hem berkeyar.
Sayt barada shahsy pikirim we garayshym, dogrusy, 1-2 ay mundan ong sayta ilki girip teswir yazanymdakydan has yumshady :). Sebabi, tankydy, yiti tankydy pikirlerimin senzurasyz chap edilmegi, saytyn destruktiw dal, konstruktiw maksada gulluk edyandigine ynanyp bashlamaga mende esas doretdi.
Watanymyz uchin, halkymyz uchin jinnek yaly hem bolsa bahbitli ish edyan her bir ildeshimize, den-dushuma chaksiz hormat goyyaryn. Sag bolun.

kimden: Watansöyer nireden: MURGAP
22.12.2009 14:20
Türkmenistanda adamlar bilen yüzbe-yüz söhbetdeş bolsanyz has gowy bordy. Hemem olaryn meselelerini yazsanyz. Olaryn atlaryny yazmagynyz hökman dal, meselem Murgaply yaşayyşynyn beryan gürrünleri diyseniz. Watan söygüsi bolan her sada rayatynam aytjak degerli maslahatlary bardyr.

kimden: Juma Murad nireden: Saudi Arabia Jeddah
07.01.2010 21:53
Assalam o alaikum.
Azatlik Radiosing aziz agza lary.
Man siz lary har gun diyn yany internet arkaly dinla yan.
hamisha internetda otrib dinla mak bolan yok. bu yar da Edebiyat wa shhyrlar barada kan gymmatly yatlama lar oni ozima allasim galyor.
Nadib almasin bilam yok. shulary ozainga almak bolyorming ya bolan yok ming?
Allah Siz Larying Maqsadingz Birsin.
Khosh Sag Boling.
Hormat Billan Haji Juma Murad.

kimden: Eziz nireden: Türkmensahra
10.01.2010 06:45
Wax haçan Azatlyk Radysynyn Arap Elipbi-sinde internet arkaly bir site açyljakmykam dyyp sorayaryn, belkem biz ölmamizden ewinçe açylarda, hi?
Açylsyn da 5-6 milyon Eyrandaki ve Owganystandaky Türkmen doganlarynyz da habarlary in dogry suratynda okap bilsinler.
Köp sag bolyn hooow

kimden: Gelgapan nireden: Gunorta-Gunbatar Yewropa
26.01.2010 03:22
Umuman, etjek gurrunim radio bln baglanshykly.
1. elbetde tayyarlanylyan materiallaryn hili pes, ozuniz hem bilyan bolsanyz gerek.
2. jurnalistikada okayan biri materiallarynyn kopusini, pochti hemmesini, bashga bir mediadan tayyar hilinde alynyanlygyny goni biler. yagny, tayyar materialy terjime etmek. bu bolsa eyyam jurnalistika bolmayar, gynansakda!!! ;( (dashary yurt bln baglanshykly makalalar barada gurrun edyan).
3. onden bari ishlap gelyan alypbaryjylaryn habarlarydyr peredachalary has gyzyklyrak gorunyar. meselem, "cheshmeler", hakykatdan hem gyzykly, syyasat hem az we temalar biz uchin aktual.
aytjak zatlarym shular, eger yene bir zat kella uchup girse, hokman siz bln paylasharyn!
assalamu aleykum!
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
26.01.2010 04:38
Bellikleriňiz üçin minnetdar!

1. Halkara meseleler boýunça materiallar başga medialardan göçürilip alynmaýar, diňe gerekli ýagdaýlarda salgylanylýar. Halkara temadaky makalalar we täzelikler Halkara habar agentlikleriniň RFE/RL-ne ýetirýän habarlary we maglumatlary esasynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Habarlar Merkezi tarapyndan taýýarlanýar.

2. Her bir ugur boýunça aýratyn rubrikalar efire berilýär. "Çeşmeler" edebi rubrika bolup, ol syýasy aktual temalary köp halatda öz içine almaýar. RFE/RL-niň missiýasy obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwri üçin zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri we syýasy analizleri halk köpçüligine ýetirýär.

Hormat bilen
Redaktor

kimden: анна nireden: ашгабат
26.01.2010 12:16
Туркменистанда 2010 йыл учин бирначе овадан глянц календарлары чыкарылыпдыр. Шоларын хеммесинде дине президентин хер хили горнушдаки суратлары бар. Шол суратларда президент эдил топ - модель ялы яды озболушлы спер - мен горнушде хер хили эшиклерде хер ерлерде сурата душипдир. Мен душинемок бу енил келлеликми, акмаклыкмы я-да онын башга иши екмыкан? Гелин пикир алышалын!
Muňa jogap

kimden: hakykatçy nireden: türkiye
13.04.2010 18:33
Prezident boldy indi-dünyade başga armany yokdyr-da!Her hili poz berip surata düşüberer.Yanyndakylaram natsin ony götermela!Her yerde suratyny goyarlar,'sen gowy,sen bet' diyerler,garaz...

kimden: Atsyz
26.01.2010 15:44
Siziň Türkmenistandaky habarçylaryňyz ýurdyň içinde bolup geçyän wakalardan köplenç ýagdayda habarsyz ýaly bolup görünýär. Yurdyň içinde bolup geçyän wakalary, iliň içinde orta atylýan pikirlere olaryň makalalarynda gözümiz düşen halatlary gaty seýrek. Olar ýerli metbugata düşen habarlardan alyp şolaryn esasynda tizara materiýal tayynlaýan bolmaly.Tapan halatlarynda hem gaty ownuk meseleleriň üstünden barýarlar we olary bölek büjek kommentirläp tutuş yurt möçberinde ýagdayyň neneňsidigini ýüze çykaryp bilmeyärler. Ikinjiden, Türkmenistandan goýberlen käbir synlarda häkimiyet başynda oturyanlaryň işine düýpli göz gözdirilenok, olaryň eden -etdilikleriniň üsti açylman galýar. Solardan görä size bellikler yazyp gönderýän dinleýjileriniz ýagdaylara has gowy düşünmek bilen baha berip bilýärler. üçünjiden, sizin ýerli habarçylaryňyz häkimiýet başyndaky adamlaryň işlerine düýpli baha bermekden sowulyp we kahalatda hatda ilimiziň düşen ýagdaýynda medeniýet işgärlerini, zhurnalistlary, ýönekeý adamlary ýada halkyň mentalitetini garalaýan ýaly bolup görünýärler. Belkem siziň yerli habarçylaryňyzy jan howpsuzlygynyň aladasy sypjaklyklara mejbur edýändir.Yöne munyň Azatlygyň "obyektiw,
garasyz..,original..düypli analiz...." diyen ýokary hilli standartlary bilen badaşýan ýeri ýok elbetde.
Muňa jogap

kimden: Arkadag nireden: Mary
26.01.2010 22:29
Menin pikirimche Turkmenistanyn oz ichinde Azatlyk uchin habarchy bolup ishlemek - gahrymanlyk derejesindaki bir ish. Ol yerde ishlap, yokarky yolbashchylary goni nyshana alyp material tayyarlamak oz ayagyna paltany ozun urmak bolaymasa. Yokarkylaryn meselesi barada radionyn oz ishgarleri dashary yurtlardan tayyarlasa has yerlikli bormuka diyyan mena.
Onsonam, bu yokarky hatyn Atsyz awtory beyle tankytlary edyan bolsa, oz adyny hem gorkezmeli eken nusga alar yaly. Ozun adyny, yashayan yerini yazmakdan gorkyp otyrkan, oz atlary-familiyalary bilen Turkmenistandan Azatlyga habar iberip bilyan adamlara at dakan bolmak nama gerek diyen sorag doreyar. Ine, bizin halkymyzyn "edermenligi". Birine at dakmaly bolsa iki payly yaly, ish gorkezmeli bolsa zuwwetdin.
Muňa jogap

kimden: Atsyz
27.01.2010 15:44
Arkadag : Atsyz hat ugratmak bolýara, at görkezmek her kimiň öz işi. Hala görkez halada görkezme. "Näbelli" diyen ady alyp görsek, hakyky ady görkezdigi bolyarmy? Gözle näçe atsyz bar saytda. Bä seniň
adyňam üytgeşik. Onsoňam Azatlyk-azat forum dälmi her kimin öz şahsi pikirini beýan etmäge haky bar diyip düşünyärin. Hüjümlere, ýanamalara sezewar etmek gerek däl. "Azatlyk" meniň sözlerim bilen döremeyärem ýyklymaýaram sen boş ýere alada etme. Men habarcylar öz hakyky atlaryny mälim etsinlerem diýemok, ýöne talaba laýyk iş alyp barsynlar ana şony tama edyärin.
Muňa jogap

kimden: Arkadag
27.01.2010 17:46
Atsyz dost, her kimin oz shahsy pikirini beyan etmage elbetde haky bar. Shonun uchin menem oz shahsy pikirimi aytdym-da. Senin "Turkmenistandaky habarchylar talaba layyk ish alyp barsynlar" diyyanin name? Men yene bir gezek aydyan, sana dashyndan seredip akyl satmak ansat. Yone hany sen Turkmenistanyn ichinden Azatlyga oz sesin bilen (adyny hem gizle) yonekeyje bir habar ugratjak bolup gor. Sonda sen bilersin "talaba layyk" ishin namedigini.

kimden: samyrat nireden: kenya
29.01.2010 23:42
salam.
menın sızın saytynyzyn sekli ya da radionyzyn maksady gyzyklandyranok. Meni kabir soraglar gyzyklandyryar : 1.ABŞ nin Owganistanda uzak mohletli galmagynyn maksady name?ABŞ Owganistandan çykma niyeti hakynda hiç gurrun yok...2.ABŞ nin Owganistanda bolamgy Eyrana we Orta Aziya howp salanokmy? Bu barada hiç habar ya da analiz yok..3.Eyranyn nukleer yaraga ya da santrala eye bolmagy namae uçin gonşularyny aladalandyrmayar?Esasan hem Orta Azıyany.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
30.01.2010 01:59
Beren soraglaryňyz üçin minnetdar. Bularyň ählisiniň jogabyny Web sahypamyzyň Halkara bölümindäki çap edilen ýa-da efire berlen habarlarda we analizlerde tapyp bilersiňiz. Olardan käbirleri:
http://www.azathabar.com/content/article/1942172.html
http://www.azathabar.com/content/article/1939308.html
http://www.azathabar.com/content/article/1898437.html
http://www.azathabar.com/content/article/1924226.html
http://www.azathabar.com/content/article/1887685.html
http://www.azathabar.com/content/article/1885802.html
http://www.azathabar.com/content/article/1865490.html
http://www.azathabar.com/content/article/1845825.html
 Ozalky   Indiki 
Teswir sahypasy

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS