Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3156
EUR / 
RUB
0,0254
RUB / 
USD
29,822

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Forum

Habarlarymyz barada nähili teklipleriňiz, bellikleriňiz ýa-da şikaýatlaryňyz bar?

12.12.2009

Internetde çap edilýän, şeýle hem radioda efire berilýän analitiki makalalarymyz we habarlarymyz boýunça nähili teklipleriňiz, bellikleriňiz ýa-da şikaýatlaryňyz bar? Öz pikirleriňizi biziň bilen paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri
Şu foruma teswir ýazyň (51)
    Indiki 
Teswir sahypasy
kimden: Meret nireden: Istanbul
12.12.2009 07:18
Sahypaňyzyň görnüşini giňeldip bolanokmy, ýagny saga we çepe grafikanyn "resolutiony"? Şonda göze has ýakymly bolýar.
Muňa jogap

kimden: Webmaster nireden: Praga
12.12.2009 07:30
Teklibiňiz üçin minnetdar, bellige alyndy. Iň gysga wagtyň içinde ýola goýlar.

kimden: nazar
12.12.2009 10:39
Habarlaryn yanynda adamlaryn gundelik atiyac duyyan maglumatlaryna-da saytda yer berlip biler. Howa maglumaty yaly. Walyutalarda lira-dollar uytgedilmeyar. Wideo boluminde tazelemeler bolsa gowy boljak.
-Habarlarda 'aydylmagyna gora', 'halk arasyndaky gurrune gora', we beyleki sorag doredyan yuzlenmeler habaryn ygtybaryny dusuryar.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
12.12.2009 15:21
Nazar, bellikleriňiz we howa maglumaty boýunça teklibiňiz hasaba alyndy, gysga wagtda üstünde işlener, köp sag boluň!

kimden: forumçy
12.12.2009 14:43
yorite okyjylar oz-aralarynda pikir alyshar yaly forum achyp bolmazmy? belki azatforum.com diyip bashga sayt acharsynyz?
Muňa jogap

kimden: Webmaster nireden: Praga
12.12.2009 15:23
Teklibiňiz maslahat ediler, minnetdar!

kimden: AYHAN nireden: MARY
12.12.2009 20:43
İnternet Habarlarynyz bilen bagly.Teklibim: Dine Aşgabatdan dal Welayatlardanam köpürak habarlar çap etseniz.Birem meselelere has giniş perspektiwadan seretseniz hil taydan has gowy habarlar çykar diyip pikir edyan. Size üstünlikler arzuw edyan... Ayhan
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
13.12.2009 03:58
Teklibiňiz üçin minnetdar, maslahat ediler.

kimden: Atsyz
12.12.2009 22:20
Habarlarda ullanyan cheshmelerinizi anyk gorkezin. Ine meselem bir makalada Ashgabatda salynyan dengi tayy gorulmedik hotel bahasy 400 milyon dollar duryar diyildi, emma cheshmesi na-anyklygyna galdy. Makalada jemlenen pikirler esasan shol sanlara dayanan hem bolsa, olaryn niyreden gelip cykyanlygyny bilman galdym. Sheyle na-anyklyklara sizin saytynyzda kate gozim dushyar. Sheyle kemchilikleri duzetseniz saytynyz gowulanar.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
13.12.2009 03:52
Otelin bahasy Türkmenistanyň döwlet mediasynda degişli döwürde çap edilen maglumata esaslanýar.

kimden: Рахманберди nireden: Канада
13.12.2009 02:30
Радио геплешиклери кем-кем оз динлейжилерини четлендирйар.Себабини, тайынланян материалларын пес дережилигинден горйан.Ене-де бир зат; Наме учун господин президентин(Г.Бердимухаммедовын), ишинде гойберйан дуйпли кемчиликлери барада айдылмаяр. Эгер ядымызда болса, Ёвшан Аннагурбанов диктрторлар барада йоруте геплешиклер алып барярды. Ханы инди шолар ялы геплешиклер???
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
14.01.2010 20:24
Salam hemmanize, aydanyn dogry. Azatlyk radio, dogrydanam indi adamlaryn habar islegi uytgeyar. Olara reala yakyn faktlar we usti achylan syrlar yaly wakalar gerek. Ine meselem,forumlaryn birinde yashulynyn yegeni barada bir agyz aydybam gechtiler. Ana shon barada we sholaryn nameleri bulashtyryandyklary hakda habarlar gerek. Hemde yenede size aytjak zadym bar. Men ozum aslym lebaply, Mukur obasyndan. Ashgabat encheme yillap sowda edip yoran bir tanyshymyz bar,olam bizin obadash yone ashgabatda yashayar. Ana shonyn hem doganlaryna gelyan wagon ya konteyner yaly yukler Serdar aganyn adyna adyna gelyar. Shol tanyshymyzyn ady Serdar.Obadashlarymyzyn aydyshyna gora shundan 1 ya 2 ay mundan ozal ony prokuratura sebapsiz yere tutuptyr we kop wagtlap saklaptyr. In sonunda onurak sud boluptyr we shotayda chykysh edenlerin biri hichbir gorkusyz gurlaptir. Dine ol dal, yagny her welayatda ady bellirak telekechileri govy edip yzarlapdyrlar we sebapsiz yere tutulanlary bar. Ana shol zatlar barada habar yazyn.
Yone shu azatlyk radiyosunda mana yaran habar dolandyryjylar barada hakykat. Ana shonun forumynda oran kop komentariya bar ekeni. Halky indi sholar yaly habarlar gyzyklandyryar.

kimden: Халмырат nireden: Швеция
13.12.2009 03:12
Хорматлы редакция!
Ватандашымыз Назар "Habarlarda 'aydylmagyna gora', 'halk arasyndaky gurrune gora', we beyleki sorag doredyan yuzlenmeler habaryn ygtybaryny dusuryar."дийип язяр.
Бу элбет-де шейле,йоне метбугат азатлыгынын ёк довлетинде,адамларын конституцион хукуларынын бержай эдилмейэн довлетинде,эдилйэн гурруне субутнама хокмунде анык адамларын адыны тутмак,шол адамларын шахсы азатлыгыны ховп астына гойяр.Хабар чешмеси болуп хызмат эден адама КНБ-нин ишгэрлери тарапындан реал ховпун салынжагы икучсыз болансон,хабарлар "ил ичиндэки гуррунлере горэ"- дийлип, берилйэр. Хер хал ягдайда-да,шейле терзде берилйэн хабарларын анырсында ялан гуррун дэл-де, ажы хакыкат ятыр.

kimden: Çyn Zehin nireden: Maru-Şahu-Jahan
14.12.2009 13:45
Tankytlar bilen bir hatarda ANYK ÇÖZGÜTLER we Türkmen halkynyn hal-yagdayyny gowulaşdyrjak, sosial-medeni ösüşine goldaw berjek YOKARY HİLLİ MAKALALARAM internet sahypanyzdan neşir etseniz has göwnejay bolardy. SİZE ÜSTÜNLİKLER DİLEYAN.
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
14.12.2009 16:52
Teklibiňiz üçin minnetdar. Analitiki makalalarda agzalýan meseläniň çözgüdi barada ekspertleriň pikiri berilýär.

kimden: Atsyz
14.12.2009 18:27
Sonky dowur kommentariyalarda detektiw-intriga hekayalary kopelip gitdi. Olaryn bolsa yagdaylary anyklashdyrmaga peydasy yok.Yagdaylaryn ich yuzuni siz bizden soramagyn deregine bize siz dushundirmage synanshyn

kimden: MUHAMMET nireden: CANADA
15.12.2009 00:12
internet sahipada 1-dunyadaky ing sonky ilmi-tehniky achilishlaring habarlary berilmeyar.
2-sport barada yorite bolim bolsa yrlikly bolardy.
3- gunig ing geng galdirijy suratlary her gun yrleshdirilsa ongat boljak.
4- turkmenistana degishly internet sahipalaring liklery goylsa ongat bolardy.
5-turkmenistanig WATAN HABARLAR GEPLESHIGINY DOLY YADA SAYLAMA EDIP MULTIMEDIYA BOLIMDE BERILSE ONGAT BOLARDY.
6-ing tezeky dunya yada turkmenistana degishly habarlary internet sahipang ing ustinde inygiderli yazilip durilsa ongat bolardy.,<bashhabarlar>
    Indiki 
Teswir sahypasy

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS