Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Türkmen zenanlary hakda kelam

07.03.2010
Gyz dogulsa, «wiý!» diýgin

Türkmenler ir döwürler gyz perzent dünýä inse, gynanypdyrlar.

Ogul dünýä inende türkmenler öýme-öý aýlanyp, buşlap çykýarlar. Gyz doglanda hatda buşlanmandyr hem. Ogly ýok öýler gussada bolupdyr. Gyz köpräk dogluberse, halaman, yzly-yzyna dünýä inýän gyzlara «Ogulgerek, Doýduk, Bessir, Gyzsoňy» ýaly atlary dakypdyrlar.

Türkmenleriň gyz perzendiň dogulmagyny halamazlyklary olaryň gyzlaryny ýigrenmegi diýip düşünmekligi aňlatmaýar. Munuň aňyrsynda gyz başyna düşýän kynçylyklar, betbagtçylyklar ýatýar.

Gyz doglanda halamasa-da, perzent hökmünde türkmenler gyzlaryny ýürekden gowy görýärler. Birinji, ikinji,üçünji gyzlaryna çenli iň gowy atlary dakýarlar. Olar gyzlaryny güle deňäp, gülleriň atlaryny goýýarlar: Gülälek, Bägül, Akgül, Gyzylgül, Gül…Olar gyzlaryny Aýa deňäp, Aýa ýanap, at dakýarlar: Aýgül, Aýbölek, Aýgözel, Aýjahan, Aýnur, Aýşat, Aýjemal we ş.m. Gymmat bahaly demirlere, daşlara deňäp, Altyn, Kümüş, Merjen, Dürdäne ýaly atlary dakýarlar.

Gadymyýetde türkmen gyzlary durmuşa çykansoň, kyn durmuşda ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Türkmenler köpaýallylyk hojalygyny ýöreden halkdyr. Maşgala eklemäge ýagdaýy bolanlar on iki aýala çenli alypdyrlar. Türkmen gyzlarynyň köpüsine bir erkegiň on iki aýalynyň biri bolup ýaşamak ykbaly ýazylypdyr. Olar köplenç haly dokap, ýüň egrip, keçe basyp, goýun, geçi, sygyr, düýe sagyp, öýüň biş-düşi bilen gümra bolupdyrlar. Süýtden dürli önümler ýasapdyrlar, çörek bişiripdirler, çaga terbiýeläpdirler.

Türkmenler gelin-gyzlaryna agyr iş etdirmändirler. Ýöne bet erkek kişi aýallaryny öldir ýaly ýenjip bilipdir. Gaýynlaryň-da zamunlary gelinlerini urup bilipdir. Ýöne her hili kyn şertde ýaşadylsa-da, türkmeniň durmuşa çykan gyzy aýrylyşyp gelmändir. Ene-ata oňa durmuşa çykaran pursadynda: «Öliň gelsin, diriň gelmesin» diýip sargar eken. Bu söz: «Dirikäň aýrylyşyp geläýme» diýildigidir. Türkmenler aýalyň ärinden diri wagty aýrylmagyny halamandyrlar. Aýal diňe adamsy ölende dul galypdyr. Gyzyny durmuşa çykarýan ene-ata gudalaryna gyzy berip durka: «Eti siziňki, süňki biziňki» diýer eken. Bu bolsa «Gaharyňyz gelende etini kesip alsaňyz hem alyň, ýöne öldürmäň» diýildigidir. «Süňňi - synasy abat dursun» diýildigidir.

Eger gelin ýaşka adamsy ýogalsa, gyzyň hossarlary öz gyzlaryny alyp gaýtmaga hem-de ony ikinji sapar durmuşa çykarmaga hakly bolupdyr. Şonda gelniň birinji adamsyndan bolan çagalary oglanyň öýünde taşlanyp gaýdylypdyr. Hatda süýt emip oturan çagany-da taşlap gaýdypdyrlar. Birinji adamsy ýogalsa-da, ikinji bir kişi bilen durmuş gurmak islemän, birinji adamsynyň öýünden gaýtmajak bolup, özüni alyp gidip, başga birine satmak isleýän hossarlaryna baş bermän, aglaýan gelinleri onuň garşylygyna bakman, zor bilen alyp gaýdar ekenler hem-de zorluk bilen ýene başga kişä berer ekenler. Şeýtmegi türkmenler özleriniň Hudaýyň öňündäki borçlary hasaplapdyrlar. Hudaýyň buýrugyna görä, aýal tä dogurmadan galýança çaga dogurmaly. Eger adamsy ýogalan ýaş gelni hossarlary başga äre bermeseler, hossarlar gelne çaga dogurmaga yş açmanlary üçin Hudaýyň öňünde günäkär hasaplanypdyr. Erkek kişiniň aýaly ýogalanda-da şeýle—hossarlary ony hökman ikinji sapar hem öýermäge Hudaýyň öňünde borçly bolupdyrlar.

Aýallar haçan öýden çykdy?

Türkmeniň gyz doglanyny halamaýanynyň baş sebäbi gyzyň hossarlyk ornuny tutup bilmänligidir. Mysal üçin aýal maşgalalara öýde gündelik sarp edilýän azyklary almak üçin bazarlara çykmak gadagan bolupdyr. Şeýle hem maşgalanyň başyna iş düşende, maşgalany diňe erkek kişi gorap bilipdir. Uruş ýagdaýynda, ýa-da ýagy dökülende, dawa ýüze çykanda erkek kişisi ýok öýlere örän kyn bolupdyr. Geçmişdäki kynçylyklar sebäpli, türkmenler asyrlarboýy ogly arzuwlap, gyz perzent dünýä inende gynanyp gelipdirler.

Türkmenistanyň territoriýasynda sowet häkimiýeti gurlup, kolhozlar, haly artelleri gurlansoň, sowet hökümeti hemmeleri mejbury ýagdaýda kolhozda, artellerde işlemäge borçly etdi. Aýallaryny kollektiwleýin işlere ibermejek bolup çytraşan adamlar sowet hökümeti bilen garpyşmaly bolupdylar. Mugallym bolup orta çykan aýallar öldürilipdi. Türkmenleriň gyzlaryny, aýallaryny başlangyç mekdep okuwlaryna çekmek hem sowet hökümetine iş beripdi. Bu ýagdaýlar müň dokuz ýüz ýigriminji, otuzynjy ýyllaryň wakalaryny teswirleýän eserlerde beýan edilipdi. Gyzlaryny, aýallaryny kolhoz işine, mekdep okuwyna, haly artellerine ibermek islemedik türkmenlere sowet hökümeti rehimsiz darapdy, hökümet olaryň köpüsini ýurtdan çykarypdy we atypdy.

Hökümetiň zory bilen kolhoz işine we mekdeplere eltilse-de, türkmen aýallary barybir bazarlara iberilmändir. Sebäbi aýallar bazarlara - erkek kişileriň köp ýerine barsa, aýyp görlüpdir. Ogulsyz, erkek kişisiz öýe et-ýag, süýji gerek bolsa, ony bazardan getirip bermegi goňşy erkekden haýyş edipdirler.

Ikinji jahan urşy türkmen aýallaryny öýden çykmaga mejbur eden wakalaryň iň ulusydyr. Urşa giden erkekleriň ep-esli bölegi yzyna dolanyp gelmänsoň, ogulsyz hem erkeksiz öýler sanardan kän bolupdyr. Diňe bir öýler däl, eýsem obalar, şäherler erkekden boşap galypdyr. Erkekleriň etmeli işleri aýallaryň boýnuna düşüpdir. Kolhoz işleýänem aýallar bolupdyr, traktor sürýänem, maşyn sürýänem, doktoram aýallar bolupdyr, mugallymam. Merhum jaýlanýan pursatda türkmenler hiç wagt aýal maşgalany gonamçylyga äkitmeýän bolsa-da, ikinji jahan urşy ýyllarynda aýallar merhumy-da jaýlamaly bolupdyrlar. On sekiz ýaşdan 55 ýaşa çenli bolan erkekleriň ählisi urşa gidensoň, tylda galan gojalaryň-da merhum jaýlamaga güýji ýetmänsoň, ýogalýan adamlary ýaş gelinler, on bäş-on alty ýaşly ýetginjekler, ulugyzlar jaýlapdyrlar.

Ikinji jahan urşunda erkekleriň köpüsiniň ýogalyp, ähli işleriň aýallaryň başyna düşmegi hem-de, uruşdan soňky ýyllarda sowet hökümetiniň birneme berkäp, aýallary aşa goraýan kanunlaryň kabul edilmeginiň netijesinde türkmen aýallary islän okuwlarynda okap, islän işlerinde işläp başladylar. Hatda olaryň köpüsi erkek kişiniň üstünden agalyk edýän jynslara öwrüldi.

Türkmenler nähili okuwda okasa-da, nähili işde işlese-de, umuman, erkek kişiniň üstünden agalyk etjek bolýan aýal maşgalany halamaýarlar. Şonuň üçin köp türkmenler ogullarynyň bilimli gyzlara öýlenmegini oňlamaýarlar. Hatda olar edara-kärhana işine gidip, işleýän gelni-de halamaýarlar. Türkmenler agzyna ýaşmak ýaşyp, özüne käýelende-de sesini çykarman, soralan soraga diňe baş atyp, sessiz jogap berip, öýüň işini edip ýören gyzlary gelin edinmegi gowy görýärler. Beýle gelinler atasy öýüne görme-görşe gidende-de hökman gaýyn öýünden rugsat sorap, gaýyn öýünden kimdir biriniň öz ýanyna ýoldaş bolmagy bilen gidip-gelýärler.

Türkmen aýallary hem gahrymançylyk

Türkmenler aýallaryny hiç wagt söweş hereketlerine gatnaşdyrmandyrlar. Olar öz gelin-gyzlarynyň, eneleriniň harby urşyjylara öwrülmegini islemändirler. Ýöne durmuş başlaryna agyr pursatlary salanda türkmen aýal-gyzlarynyň özleri urşa gatnaşypdyr. Eýran basybalyşlaryna degişli ir döwürlerdäki uruşlarda türkmenleriň güýçleriniň asgyn gelen halatynda aýallar eline ilen ýiti zat bilen ýaraglanyp, duşmanyň garşysyna çykyp, erkeklere goltgy berer ekenler.

Gönübegiň Gökdepe urşy hakyndaky kitabynda hem-de W.A. Tugan – Mürze - Baranowskiniň «Ruslar ahaltekede» atly kitabynda ýazyşyna görä, türkmenleriň Gökdepe galasynda bolan uruşda aýal-gyzlar hem duşmanyň garşysyna urşupdyrlar. Gökdepe galasyndaky urşa gatnaşyp, ol urşy öz gözi bilen gören awtor - Baranowskiý rus soldatlarynyň garşysyna ok atyp ýatan ulugyzy hem-de garry kempiri tapyşlary hakda gürrüň berýär. Türkmen aýallary Watan goramaly bolanda diňe duly saklap oturyjylar bolmandyr.

Saçly Dursunowa, Dürjemal Ysmaýylowa ýaly türkmen zenanlary Ikinji jahan urşunyň ýalnyndan doly geçdiler.

Aýallar hem Garaşsyzlyk eýýamy

Türkmenistanyň Garaşsyzlykda ýaşap başlan ýyllary türkmen gelin-gyzlary üçin iň bir betbagt ýyllar boldy diýip, doly aýdyp bolar. Soýuzyň ýykylmagynyň netijesinde ýurtda dörän işsizlik türkmen zenanlarynyň başyndan uly kynçylyklary inderdi. Garaşsyzlykdan öň türkmen zenanlarynyň türmä basylanyny gören-eşiden ýokdur. Işsizlik sebäpli neşe söwdasyna ulaşylma netijesinde türkmen gelin-gyzlarynyň örän köpüsi türmelere düşdüler. Türmä düşmedik aýallaryň ogullary, ýan ýoldaşlary türmä düşdi, neşekeşlere öwrüldi.

Erkekleriň neşekeşlere öwrülmegi türkmen gelin-gyzlaryny diňe öýden däl, hatda ýurtdan çykardy. Bu günki gün haýsy daşary ýurdy görseň, gazanç gözläp ýören türkmen gelin-gyzlaryna duşup bolýar. Eýran, Hytaý, Dubaý, Moskwa, Türkiýe... Olaryň gitmeýän ýeri ýok, baş goşmaýan pişesi ýok. Şundan ýetmiş-segsen ýyl öňem aýallary iýjek çöregini alyp gelmek üçin bazara goýbermegi namys eden ata-babalarymyz özleriniň gelin-gyzlaryny şu günlerde bir synlap görsediler... Bu bolýan zatlary görüp, olaryň ýürekleri megerem, çat açardy! Öňler öýden çykýan gelin-gyzy tapyp bolmadyk bolsa, indi öýde oturýany tapyp bolanok. Öňler işleýän gelni halamadyk türkmenler indi gelnine bir ýerden tam süprüjilik tapylsa-da, begenip, işe iberýärler. «Dokluk näme diýdirmez, açlyk näme iýdirmez!»

Türkmen zenanlary hem harbylyk

Gadymyýetde türkmenler gelin-gyzlaryny harbylyga ýanaşdyrmadyk bolsalar-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda gyzlary harby okuw jaýyna hem-de polisiýa akademiýasyna okuwa kabul edip, olardan harby gullukçylary taýýarlap başladylar.

Ýaşlaryň islän okuwyna girmäge mümkinçiligi bolmansoň, ene-atalar gyzlaryny harby okuw jaýyna salyp bilseler-de begenýärler. Gyzlar bu okuw jaýlarynda okamak bilen, hut oglanlar kimin harby tälimleri geçýärler. Geljekde türkmen harbylarynyň hatary gelin-gyzlaryň hasabyna-da artar.

Kanun goraýjylar

Gelin-gyzlaryň ýokary okuw jaýlarynyň ýuridiki fakultetlerinde bilim alyp, sülçiniň, sudýanyň, prokuroryň hünärini ele almagy sowet döwründe başlanypdy. Häzirki döwürde-de türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda sudýa, prokuror, sülçi, aklawjy, garalawjy hünärleri boýunça işleýänler örän köp. Kanun goraýjy aýallaryň özleriniň kärdeş erkeklerinden örän rehimsizdigini olar bilen iş salşyp görýänler aýdýarlar.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nabelli nireden: istanbul
07.03.2010 01:46
+0 / -0
Garashsyzlygyn peydasyndan kop zyyany bar yaly bolup dur shu zatlary okayan welin :((( Hakykatdanam gelin-gyzlarymyzyn yagdayy gaty agyr, agyr shertlerde ishleyarler , wah halk shona-da razy , yone shu wagt shol agyr ish hem kan tapdyryp baranok. Esasy ish dayhanchylyk bolaymasa , puly yogun okuwa girmage yagdayy yok !!! Okuw hem yetip bolmajak uly bir zada owruldi duruberdi Garashsyzlyk hem-de Galkynysh eyyamynda ! Henizem hername bolsa-da adamlaryn dushunjesi gowy , her edip-hesip edip ogul-gyzyny okatjak bolyan ene-atalar gaty kan. Yakynda bular hem miwelerini berer diyip umyt edaymek galyar !

kimden: Türkmen Ogly
07.03.2010 18:58
+0 / -0
Bu zatlaryn hemmesini Türkmençilik bilen Türkmenler bilen baglanyşdyrmagam dogry dalmika diyyan. Adam bolan adam kim bolsa bolsun, ayal-erkek tapawut etmez, ikisinem adam hökmünde gowy görer, göwnüne degmez, çaga yaly pak yüregi hem arassa wyjdanynyn islegine göre hereket eder, hiç kimi ynjytmaz.Asyl adamyn zandy bolsun-lay bara, adamçylygy, ynsanperwerligi bolsun-da, adamogly asyl musulman bolsun-da bara. Dogry barde bizin - Türkmenlerin geçmişde kabir maşgala-jemgyyet kada-kanunlaryny, kabir yalnyş düzgünlerini, gerekmejek urp-adatlaryny inkar etjek ya aklajak bolamok. Hemme kişi den hukuklydyr we denhukuklam bolmalydyr diyjek bolyan. Hiç kimin hiç kime ayalyn erkege, ya erkegin ayala üstünligi yokdur bolmalam daldir. Yöne maşgalada ayal Allanyn buyruklaryna garşy gelmeyan bolsa erkegin aydan sözünden çykmalam dal. Ayallaryn öyden çykmak meselesi bolsa - elbetde Türkmençilikde in gowusy yanynda bir yakyny bolsa gowy, yöne her iki tarapda-da birek-birege ynam, wepa we yokary ahlak bar bolsa ayallaryn jemgyyetin ahli gatlaklarynda aktiw işlemeginde, hereket etmeginde, köça, bazara ya söwda çykmagynda we erkekler bilen den derejede wezipeler almagynda hiç hili sakynjasy yokmyka diyyan. Bu bir jynsyn başga bir jynsa agalygy dal. Durmuşda, işde ya öyde bu(agalayk) dogram dal. Hemme kişin düşünjesi, ruh dünyasi we dünyagarayyşy doly erkin bolmaly, muna hiç kimin serhet goymaga haky yok. Yöne erkek bilen ayalyn arasynda bar bolan yaradylyş tapawudynam gözden gaçyrmaly dal. Her iki jynsynam ösüşine we jemgyyetdaki aljak orunlaryn aşol nukdaynazardan seredip , şona göra kesgitlemeli. Onsonam Hudayyn bereni, gyz bolsun ogul bolsun, esasy enesine-atasyna, milletine hayyrly perzent bolsun diyip dileg etmeli. Birem Garaşsyzlyk Döwrünin iş gözlap agyr günlere düşen ya neşe belasyna bulaşyp durmuşy bulaşan zenanlary dal-de, olara arka çykmayan we Türkmenin namysyny-aryny mertebesi hakda çynlakay alada etmeyan Döwlet we bigayrat, biynsap hem bidöwlet yoldaşlary(arleri) günakar. Şon üçin bu zatlary Garaşsyzlyk we özbaşdaklyk bilen dal-de adam we onyn durmuşyna biperway garayan we dine özüni bilyan dünyagarayyşdaky adamlar-yolbaşçylar bilen baglanyşdyrsan jay bormyka diyyan. Birem 21-nji Asyrda hazirem jemgyyetimizde şu meseleleri çözüp bilmedik bolsan, muna gaty namys etmeli, utanmaly we in gysga wagtda çözjek bolmaly. Ay, garaz uzyn sözün gysgasy: Ayal-gyzlarymyz, zenanlarymyz bizin yüzümizin tuwagy, Türkmenin namysy-ary, mertebesi. Olaryn edepli-terbiyeli we arassa-pakize bolmagy --- hemme kişin şeyle bolmagy diymek bolya. Türkmen halky Olary hemişe gözünin göreji dey gorap, başyna taç edip gezmeli....

kimden: maral nireden: gokdepe
08.03.2010 02:09
+0 / -0
Hazir turkmenin kop masgalasyny halas edyan zenanlar. Ayallar gazanc edyarler, ayallar hojalygy dollandyryarlar. In tygshytly, in bereketli ayallar - turkmen ayallary. Beyleki milletlrin ayallary yaly ozlerine kop uns bermegi talap etman, sol masgala ojagy barada alada edip gunini geciryarler. Kop halatlarda ozlerine biperway garandyklary ucin, wagtyndan on bu yagty jahan bilen hoslaslasmaly bolyarlar. Olaryn gadyry hem gidenlerinden son bilinyar. Sol Sowet dowri kop gorkezilen multfilimdaki yaly. Kesselap yatan ene cagalaryndan suw sorayar. Emma oyn bilen gara bashyna gay bolan cagalar enan ayanlaryny esitmeyarler. Sonda keselden yana GUSA OWURLIP UCUP GIDEN ENANI GOREN CAGALAR bedrelerine suw dolduryp, ene gitme diyip gygyryp gusun yzyndan ylgayarlar. Emma gic bolyar. Turkmen eneleri hem edil solar yaly. Olaryn kopisinin gadyry oleninden son bilinyar.
Muňa jogap

kimden: Gurbanbibi
08.03.2010 02:29
+0 / -0
Bar bar shu gyzlarymyzdan bar, yurdy yene halas etjek bizmika diyyan, sizden aylanayyn, oglanlarymyza pak cykdy oydyan. :D

kimden: Gayrat
10.03.2010 18:48
+0 / -0
Gurbanbibi jan, oglanlara pak çykdy diydigin name bolyar-ay? Watanyny Milletini söyyan, işennir, dogumly, namysly-mertebeli we edermen, gayratly, salyhatly bir watandaş, adam yaljak adam bolsa heyem bir onyn oglan ya-da gyz tapawudy bormy? Her jynsynam gowusam bar erbedem. Jynsparazlyk edip, bir jynsy beygeldip eylekisini kiçeltmegin name ahmiyeti bar? Ony aytjak bolsan, enesini-atasyny, yoldaşyny, gonşy-golamyny sylaman edenini edip yören zenan maşgalalar yokmy name?!
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil