Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Bloglar

Millilikden – milletçilige…

05.03.2010

SSSR dargansoň, ozalky sowet respublikalarynyň ýerinde emele gelen garaşsyz döwletlere öz milli däp-dessurlaryna, diline, taryhyna dolanmaga uly mümkinçilikler döredi.

Türkmenistan hem 1990-njy ýylda türkmen diline döwlet statusyny berdi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda sowet döwründe çap edilmedik edebi eserleriň, dessanlaryň okyjylarymyza gowuşmagyny uly şowhun bilen garşylapdyk. Türkmen halysynyň, atynyň, bagşysynyň resmi baýramçylyk gününe öwrülmegi arzuwlarymyza ganat beripdi.

Emma ol ganat bizi has galkyndyrdymy ýa-da ýok, bilmedim, ýöne basym çenden geçilenine düşündim. Günbatarly bir akyldaryň “Millilikden milletçilige bir garyşdyr“ diýip aýdyşy ýaly, biz şol garşy unudyp, häzirki gün milletçilige hem gelip ýetäýdik öýdýän.

Hemme zatda “türkmençilik” bolmaly, gelin-gyzlarymyzyň geýimleri milli, iş ýerlerimiz diňe türkmenleriňki, milleti türkmen bolmasa ýokary okuwa-da, sport oýunlaryna, geçirilän uly çärelerede kabul etmegi gadagan edip, “Myhman ataňdan uly” diýen nakyly unudyp, ýurdumyzda özümizden başga milleti äsgermän ýaşamagymyz bize nämäni ýatladýar? Eýsem, bu sypatlar “biz arassa ariýler” diýip, XX asyryň ortalarynda dünýä jar eden nemes ideologyny ýada salýan-a däldir?

Ýa-da Eýranda 1979-njy ýylda bolup geçen Yslam rewolýusiýasyndan soň, diniň arkasyna bukulyp, hökümet tarapyndan 7-den 70 ýaşa çenli ähli aýal-gyzlaryň gara bürenjek bürenmäge mejbur edilmegi, ol hökümiň hat-da ýurda gelýän myhman aýal-gyzlara-da degişli edilmegi, ynsan hukuklarynyň depelenmegine getirmeýärmi? Eger-de biz aýal maşgalalara gul ýa gyrnak hökmünde garamaýan bolsak, onda bu pikir bilen ylalaşmalydyrys.

Saparmyrat Nyýazowyň höküm süren ýyllary biziň gelin-gyzlarymyzyň geýimlerini millileşdirmek bahanasy bilen çagalar bagyndaky gyzjagazlardan başlap, ýokary okuw jaýlarynda okaýan we olary okadýan mugallym zenanlara çenli hemmesine bir reňkde we nagyşda tahýadyr-ýeňsizleri zorluk bilen geýdirdi. Eger-de kimde-kim ony geýmese, onda okuwyndan ýa-da işinden mahrum bolýardy. Ol döwürler her kim gorkusyna arza-şikaýat hem edip bilmeýärdi.

Gynandyrýan ýeri…

Türkmenistanda täze prezidentiň saýlanmagy bu elhenç, orta asyrlara mahsus zorlukdan dynylar öýdüldi. Emma, gynandyrýan ýeri, bu ýagdaýyň häzirki güne çenli dowam edip gelýänligidir.

Öňler diňe baýramçylik günleri milli egin-eşik geýmegi talap edilýän bolsa, häzir ol adaty günlere öwrüldi. Artistlaryň sahna çykmazyndan öň, hudožnik-grimçiden oturtma saçlary alyp geýşi ýaly, bu günler talyp gyzlaryň aglaba köpüsi dükanlardan emeli saçlary alyp, iki örüp ony mejbury dakynýarlar. Bu mesele barada gyzlary ýekelikde gürledäýseň “daşy jäjek, içi möjekdir“.

Name üçin biziň gyzlarymyza milli geýimleri doly geýdirip, oglanlara bolsa diňe tahýa geýdirip oňýarlar? Hany, bärde deňlik? Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Türkmenistanda erkekler bilen aýallar deň graždanlyk hukuklaryna eýedirler. Deňhukuklygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär”.

Eger-de Türkmenistanda deňhukuklylyk kanuny ýöreýän bolsa, onda oglanlara hem tahýadan başga gyýma balagy, ezme ýaka köýnegi geýdirmeli. Ine, şeýle edilse, iki jynsa hem deň çemeleşildigi bolardy.

Onsoňam bu meseleler hakynda Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara konwensiýalarynyň birnäçesini resmi taýdan tassyklapdy. Meselem, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklanan “Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwensiýasy” we 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklanan “Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky konwensiýa”.

Indi bir ile gülki bolmalyň-a!

Biz öz milliligimiz bilen Türkmenistanda ýaşaýan başga dilli milletleriň hem hukuklaryny depeledik. Bu barada “Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky halkara konwesiýasynyň” 4-nji maddasynda “Gatnaşyjy döwletler bir jynsyň ýa-da etniki asylly adamlaryň artykmaçlygy baradaky pikirlere we taglymatlara esaslanan, ýa bolmasa, jynsy ýigrenji ýa kemsitmäni haýsydyr bir görnüşde aklamaga synanyşýan ýa höweslendirýän islendik wagyz-nesihaty we ähli guramalary ýazgarýar hem-de şonuň ýaly kemsitmelere ýa kemsitme amallaryna islendik öjükdirmeleri doly ýok etmäge gönükdirilen gaýragoýulmasyz we oňyn çäreleri görmäge borçlanýar” diýip, açyk aýdylan hem bolsa, onuň düzgünleri saklanylmaýar.

Rus mekdeplerinde okaýan ýokary klaslaryň gyzlarynyň okuwa barýan ýa okuwdan gelýän wagty olara syn etseň, gözgyny ýagdaýy görýärsiň. Uzyn türkmen köýnegini geýip görmedik rus gyzlary onuň eteginden tä dyzyna çenli ýokary galdyryp ýoremekleri eýsem masgaraçylyk dälmi? Şeýtmek bilen bu ýagdaý biziň milli eşiklerimiziň hem abraýynyň gaçmagyna getirýär. “Gurt çagasyndan ekdi bolmaýşy ýaly” gaýry milletlere öz milliligiňi berip bilmersiň. Hemme zatda erk-islegiň bolşy ýaly milli eşikleri geýmekde-de adamlara erkinlik bermeli.

Türkmen telewideniýesinde taýýarlanylýan gepleşikleri göreniňde, kelläňi ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Okuw jaýlarynda geçirilýän çäreleri görkezenlerinde, bary milli eşikde, deň reňkde geýinen gyzlar, göýä taryhy muzeýlerden getirilen eksponatlar ýaly dim-dik, gymyldaman oturanlary gözüňe ilýär. Käte gyzlary oglanlardan aýry oturdýarlar welin, zalyň bir tarapy gyzyl beýlekisi bolsa gara bolup durandyr. Edil dini mekdepleň düzgünini ýadyňa salýar. Ýa biz indi dini döwlet bolaýdykmykak?

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda şeýle sözler bar. “Türkmenistan – demokratik hukuk we dünýewi döwletidir”. Indi şu biziň dünýewiligimizmi? Eger-de milliligi diňe geýim bilen ölçemeli bolsak, onda biz beýik ispan ýazyjysy Serwantesiň gahrymany Don Kihot ýaly geçmişe tarap, salgyma, ertekiler dünýasine gideris.

Biz haýsy asyryň neslidigimize düşünmeli. Eger-de şoňa düşünmesek, onda biz ösüp barýan däl, eýsem yzagalak döwletleriň hem yzynda bolarys. Indi bir ile gülki bolmalyň-a! Ençeme ýyllap Saparmyrat Nyýazow milletimizi oýnap bildi. Ýaşmakly aýallary häkimlige belläp, olary nusgalyk hökmünde görkezdi. Şol hem bize, indi ýeterlik ahyryn!

Gurbangeldi Töräýew türkmenistanly ykydysady we syýasy analitigiň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
    Indiki 
Teswir sahypasy
kimden: nabelli nireden: istanbul
05.03.2010 20:58
Awtor bilen ylalashamok , Ashgabatda yubkaly gezyanem kan , jalbarly gezyanem !!! Talyplaryn bolsa sheyle geyinmegi gowy zat , yogsam ynha dashary yurtlarda gorup yorus , herhili sypata burenip gelyaler okuwa myrdar bolup !!! Sakal goyberyan haysy , yarym-yalanach gelyan haysy !!! A tahya bilen turkmen koynek bolsa adamy sypayy hem-de salyhatly gorkezyar. Yogsam bizinkilere-de rugsat bersen yalanchlykdan gaytjak dal indiki yashlar , esasan hem Ashgabatda sheyle gyzlar gaty kan , turkmenchilige gelishmeyan eshikler geyyarler .
Muňa jogap

kimden: Marguş
06.03.2010 23:48
Hak aydyan Nabelli dost. Özün-a nabelli welin, aydyan zatlaryn çürt-kesik belli. Türkmene millilikden zyyan gelesi yok. Yogsam hemme zady erkin etsen, ur etsen, öldür etjekler bar jemgyyetde. Name barmyşyn milli egin-eşiklerde mekdepde, öyde, daşarda geyilmesinde nirede geyilsin Türkmenin milli lybaslary?! Nireden çykday bu öz zadyna duşmançylyk?! Allaname gowy zat hemmesem. Hiç kime yamanlygy yok. Biz-a çaksiz buysanyas öz milli lybaslarymyza. Türkmenimiziin ajayyp medeniyetine, köpasyrlyk sungatyna, diline, dinine, dabine-dessuryna. Başgaça düşünyanlere-de şony arzuw edyas. Kyyamata çenli Türkmen Milletinin taryh sahnasynda dili, dini, dabi-dessury, medeniyeti, sungaty we mertebesi bilen dowam etmegi üçin....

kimden: nabelli nireden: istanbul
05.03.2010 21:02
"Eger-de Türkmenistanda deňhukuklylyk kanuny ýöreýän bolsa, onda oglanlara hem tahýadan başga gyýma balagy, ezme ýaka köýnegi geýdirmeli. Ine, şeýle edilse, iki jynsa hem deň çemeleşildigi bolardy. "

Shu setirler bilenem ylalashamok , oglanlar hem kostyum-jalbar geyyarler , name eysem gyzlara balak geydiryalermi ? Dine turkmen koynek bilen tahya geyyarler sholaram. Beyleki yashlaram yazsynlar shu yerde pikirlerini !!!

kimden: Ayhan
05.03.2010 21:31
Türkmenistan demokratik hem dünyewi hukuk Döwletidir. İslan islan eşigini geyibiler, yöne düzgün-tertip diyen bir zat bar: Milli lybaslar, Türkmenin sünnalap asyrlardan aşyryp şu günlere getiren ajayyp lybaslary olar durmuşymyzda möhüm orun eyeleyar we eyelemeli. Millilikden hiç kim zowal gören daldir. Bizi biz edyan bize mahsus gaty gowy zatlar bular. Hemmamiz olara buysanmaly we başymyza taç etmeli MİLLİLİGİMİZİ. Yöne akly başy yerinde wyjdany gowulygy emredyan her bir kişi MİLLETÇİLİGE rugsat bermeli dal. Gözel yaradylan ynsanoglunyn, - adamzadyn hatyrasyna. Taryhda (1991-2010) goyweren yalnyşlarymyzdan ders almaly, sapak çykarybilmeli....
Muňa jogap

kimden: Amaşa
08.03.2010 19:11
Ayhan dogry aydyarsyn dost. Aslynda milliiligem, milletçiligem, milliyetçiligem gerek, yöne milletpaarzlyk, tireparazlyk, taypaparazlyk hetdini aşsa, peydadan köp zyyan getiryar. Bizin - Türkmenin taryhymyzda munyn gaty köp mysallary bar. Bir-birege adam hökmünde we ildeş(rayat) - Türkmen hökmünde sylag-hormat, mahir-söygi we dayanyşma-arkalaşyk gerek. Elbetde milliligem, milletçiligem, milliyetçiligem bolmaly, yöne zor bilen, mejbury ya yasama dal-de, zandy, tebigy we öz-özünden erk-isleg bilen bolmaly. Hemem tutuşlaygyna ynsanperwer, asuda we hoşniyetli yollara esaslanmaly.

kimden: Günhan
05.03.2010 21:52
Welayatlaryn arasynda bir denlik barmy? Tutuş Yurdumyzyn ahli sebitlerinin den derejede ösmegi üçin name iş edilyar? Gaytam ediljek işlere-de kömek edenden-a geçen, ona böwet bolunyar.(parahorlyk, haramlyk we bedinebislik): diyjek bolyanym...

kimden: Serdar
05.03.2010 22:07
Berekella. Yany yakyn Akademian ayallaryna da dine milli eshik geymeklik karar chykdy. Onda erkekler hem gyyma balak, telpek, we yakaly koynek geysinler!!!

kimden: Yyldyzhan
05.03.2010 22:14
Baş welayat baş dogan başisi hem erkana. Başisi hem görkana. Başisi-de baş yerden alkyş aydyar Serdara. Türkmenistanda yekeje adam bar. Ana tutuş Yurdy dine şol ösdüryar. Kollektiw üstünlik, kollektiw ösüş, kollektiw zahmetin üstünliklerine ünsi çekesim gelyar. Şona ünsi çekmeli, esasy gürrün şol bolmaly. Esasy zat ekonomiya, halkyn hal-yagdayy, durmuş derejesi, parahat, asuda hem eşretli durmuşy, işsizlik, ylym-bilim, sowat, hünar, söwda, bolçulyk. Galan zatlar hekaya. Bilelikde agzybir bolup Yurdumyz üçin name ya-da nameler etdik? Haysy zatlary durmuşa geçirdik?Hemmamiz ahli Türkmen halky bolup el-ele gol-gola bile ösdürsek we edilyan işlerin awtory Türkmen halky diyip gürrün etsek her yerde köçede, yolda, TV-de gazet-jurnalda, bazarda, radyada we öz aramyzda Ajap bolmazmy? Aslynda Türkmenistanda milliligem, milletçiligem, milliyetçiligem gadagan. Awtoritar Rejimin, halka sala salman dine öz diyenini gögerdyan Hökümetin yasama milletçilik pelsepesi (prinsipleri) bar. O prinsipler Original, tebigy we ahli halky gujaklayyjy dal...

kimden: Allamyrat nireden: Mary
06.03.2010 21:26
Yildyzhan we Nabelli gaty gorman welin men sizin pikriniz bilen ylalashammok name uchin:

1. Eshik bilen adamyn ichki hasyedini uytgedip bolmaz zannynda bolmasa eshig bilen terbiyelap bilmezsin. Edep terbiye ishlerni has duypden alyp gaytmaly eshik bilen terbiye berip bolmaz.

2. Kollektiwlik, milletchilik, umumy bir adama gulluk etmeklik hemmesem hazir Turkmenistanda bar we bul sonki 20 yilin ichinde dowam edip gelyar we shu Turkmenistana we turkmen jemgiyetine oz hozurini berenok gaytam gun gunden yagdayi beterleshdiryar. Indiwidualizme yol bermeli talantly oglan gyzlaryn ishde okuwda doredijiligine gollag bermeli. Turkmenistanda yashayan bashka milletlerinem wekillerinem gollamaly. Millilik bolmaly yone ol zorluk bilen halka girizmeli dal. Turkmenistanda nache sany gayry milletlerden bolan wekiller bar olar oz ylymy ukyby bilen turkmen jemgiyetine ullakan goshant goshyarlar. Gynansak olaryn sany azalyar sebabi sheyle millilik basgysy olara hem yetdi, indi olar hem olaryn chagalary tahya geymeli. Sheyle zat duybunden nadogry.

3. "Ekanomiya (Yyldyzhandan)" bilen hichhachan hem ekanomikany galdyrmarsyn. Ekanomikanyn osmegi uchin kop pikirlilige we milletlerin diversifikasiya yagny birnache milletlerin wekillerinin bir dowlete gulluk etmekligini upjun etmeli. Gaty gorman welin dowur bireyyam uytgedi, Orta asyrlarynyn milletchilik politikasy indi yoranok. Dine demokratiya, kopmilletlige we kop pikirlilige rugsat berip gollayan dowletler dunyade osyar. Milletchilige unus beryan dowletler gun-gunden chokyar.
4. Galybersede hazir Turkmenistanda milletchilik bilen milliligin arasy yitdi. Belli bolmady indi. Diymeginiz mumkin Turkmenistanyn alyp baryan syyasaty millilik diyip. Menin pikirimche zor bilen butun kopchilige geydirilyan tahyadyr koynekler dine millechiligin haz osen gornushi. Turkmenistan 2000-nji yildan bari milliligi milletchilige owurdi we owurip gelyar.

5. Hususy telekechilik dine talantly rayatdan chykyp biler. Gynansakda bizin hazirki telekechilerimiz dine bashlangych ishler yagny birinden alyp beyleka satmak yali biznesin telekechiligin in primetiw ugrlary bilen meshkullanyarlar. Olara dowlet tarapyndan onumchilik ya-da gurlushyk bilen meshgullanmaga goldaw yenillikli yagday berilenok. Berilmekden beter gaytam basylyp yatyrylyar. Name uchindir turkmenchilik shul yerde ishlanok.Turkmenistan dine gazyn hasabina eklenip otur, yekejede hususy chorba chykjak firma yok Turkmenistanda sonky 20 yilin ichinde. Hani turkmen firmalary we telekechileri. Berda sholarada tenderler, kontraktlar we yenillikli kreditler yurda tahya geydirshin yali beyle milletchil bolsan. Name uchin turkmenistanyn millilik politikasy oz milletini basyar?

Shonun uchin Turkmenistanyn hazirki politikasy millilik bilen ishi yok dine kopchiligi millilik diyip yene bir gezek gysmak koppikirliligin onuni almak halkyn talantly oglan gyzlaryny ezmek. Basharsan turkmeni ylyma, bilime, doredijilige we ishe urukdyr. Erkin bolmadyk millet hich wagytam osmes mumin formulasy gaty aydin milleti duzyan adam adam osmese millet osmez!
Muňa jogap

kimden: Oguzhan
06.03.2010 23:16
Allamyrat jan Nadyan gowumy onatmy obşylar?! Arma-da. Sen menin yazan teswirime doly düşünmansin öydyan.(Tazeden okap göray islesen) - kollektiw hereket, agzybirlik, asudalyk, jebislik, bolçulyk hemem original, tebigy, ahli adamlary gujaklayan MİLLİYETÇİLİK. Üns ber millilik ya milletçilik diyyan daldirin. MİLLİYETÇİLİK diyyan. Bulam agzybirlik we tutuş Yurdun, ahli halkyn ösüşi diymek. Senin yazan zatlaryny okadym, pikirlerini haladym, hakyky ösüş üçin gaty derwayys zatlary yazypsyn.Yöne bu zatlary Türkmenistanda we Türkmenistanyn şertlerinde durmuşa geçirmek gaty kyn-da dost. Onson senem-a Maryly bolsan bu zatlardan - millilikden, milletçilikden hemem MİLLİYETÇİLİKDEN rahatsyz- birahat bolmal-a dal dost?! Oguzhan Atan.
Muňa jogap

kimden: Oguzhanyn agtygy nireden: Gaudan
06.03.2010 23:45
Atam, ol egin eshikler gowy, yone inkubatyrdan çykan yaly hemmeler geydirip yorsenema, bir gun Eyran yaly bolarys. Her kim oz islegine gora geyse gowy damay? Studentler islan eshiklerini geyseler bolmazmy. Elbetde islan eshiklerini diysem shortik ya mini yubka diyemok, yone mysal uçin menin Pierre Cardin koynek geyesim gelyar goyy gok renkde, ustundenem SARAR markaly galstuk geyesim gelya gyzyl, ashagyndanam goyy gonur SUVARI markaly jalbar. Ministrlerimiz yaly 1000 dollarlyk Ermenegildo Zegna geymen how! Men sheyle etsem milliligimiz yityan daldira Atam! Beyleki milli eshiklerimizi bayramcylyklarda gey diyseler geyayjek. Gyzlaram sheyle olaram United Colors of Benetton geyesi gelyandir, owadanja Italiyanski kowushler geyesi gelyandirler, mashyn munmage yagdayy barlar munuberse bolyandyra!
Muňa jogap

kimden: Denizhan
06.03.2010 23:50
:)) Agtyjagym, mashyn dal, at munmeli at, bedew munupdir atalarymyz, TDUnyn gapdalyndan athana acmaly her kim gelip dana yaly, saman beryancileri goymaly, onson nace adama ishem bolar, milliligem guyclener.
Muňa jogap

kimden: Oguzhan
07.03.2010 19:18
Berekella agtyjagym basywer, yolun açyk. İnlis, fransuz we italyan yaşlaryndan kem galayma. Dine polniy periyot öne . Hemme zat eşik bilen bolya-da.?! İl-günün aladasyndan sana name. Özüni bil-da dine. Sawramenniy bol, çakmen, don, telpek zat geyip sen bir yzagalak(molla) bolayma. Oguzhan Atan Sen bilen gurur duyyar, buysanyar Sana!
Muňa jogap

kimden: Agtyk
07.03.2010 19:56
Atam, il gunun aladasy indi studentlere zor bilen "formal" eshik geydirmek daldira. Dunyanin niresinde sheyle praktika bar? Eshik geydirip talyplary adam edip bolmayar, ondan-a bilimlerine seretsinler, indi hemme zat gowy boldy-da, dine resmi zenanlarymyzyn we talyplaryn eshigi problema boldumy, mugallym we beyleki dowlet jaylarynda ishleyan gelinler mashyn munmel dal edildi, mundenlerinde olar jelepcilik edyan daldira.... sizin aklynyz nireday? Beyle konserwatiw bolman how!?

kimden: Türkmen
06.03.2010 23:34
Türkmen mili egin-eşiklerinden, ata-abalarymyzyn göz nury el azaby sinen, gorap saklap şu günki güne getiren ajayyp Türkmen Milli Lybaslaryndan özboluşly ajap sungatymyzdan heyem bir Türkmen ogly Türkmen ya Türkmen gyzy Türkmen, gadym Türkmen Topragynyn Türkmen balasy rahatsyz, birahat ya biynjalyk bolarmy?! Men-a kabir kişilerin kabir sözlerine gaty öykeledim bara. Heyem bir on yalam bir zat bomay?!

kimden: nazar
06.03.2010 23:39
Milliyetcilik we oz tiranden, taypandan ya-da milletinden bolmadyklary yazgarmak, yamanlamak gaty erbet zat. Bullaryn hemmesi dowletin icinde we dasynda agzybirliga we halkara aragatnasyga ziyan yetirip biljek zatlar hasaplanyar. Yone millilik yagny 'kimlik' belli cakler icinde hokmany suratda goranmaly. Onsonam hazirki wagtda Turkmenistanda milletcilik, dowletin basyndaky parahorlaryn elinde ulanyan yaraglarynyn arasyna girdi. Halk arasynda bolsa, tireçilik has meshurdyr(Teke, Yomut..). Yone bu onden gelyan zat we orta cykys maksady gunumuzde ulanylsyndan duybunden basga.
Yone dap-desssurlarymyz we ata-babadan galan milli mirasymyza adaty gurrunler yaly garamaly dal we radikalizm diyip baha bermeli dal. Milliligimizi elimizden alyp adymyzy ocurjek bolyalara-da adymyza layik jogaplary bermeli. Biz hacan-da agzybir bolsak almajak galamyz galmajygy taryhy statiskalar gorkezyar.

kimden: Ayhan
07.03.2010 00:47
Brawo Nazar berekella. İne hakyky Türkmen diyenin şun yaly bolmaly. Teke, yomut, yazyr, göklen, alili, arsary, çowdur hem saryk ili hemmamiz bir bütewi Türkmen bolup Türkmen Suprasynyn - Türkmen saçagynyn daşynda agzybir bolup Türkmenin Milli hem Medeni Mirasyny we Türkmenistan diyilyan tutuş Türkmen Diyaryny ösdürip. Türkmen adynyn gelejek nesillere yetip, abrayymyzyn-mertebamizin mydama belende galmagy üçin bileje üyşüpjik tagalla edeli, işlali, zahmet çekeli, öndüreli, Yurdumyzy gülledemeli, bayadaly, ösdüreli. gelejek nesillere ösern, agzybir, gurply, şany-şöhraty, ady-owazasy bütin Dünya dolan men diyen Türkmenistan Döwletini goyup gideli...Name diyyaniz?! Bolarmy şeytsek?! Bu gaty şerefli hem jowapkarli işde Barmysynyz Yigitler?!
Muňa jogap

kimden: Agtyk
07.03.2010 01:00
Dutar name diyyar, saz name diyyar? Ayhan ata, menin pikirimce bu yerde syncy bashga zat diymek islapdir. Yagny zorluk bilen adamlara haysydyr bir eshigi geydirmegin gowulygyn ustunden barmajakdygyny aydypdyr. Beydip milliligi soydurip bolmayar. Kelleleri tahyaly talyplardan sora, sana gowy edip aydyp bererler, sho zatlary zor bilen geyesler gelyami gelenokmy? Politden bir oglan okuwdan oyune baryarka tahyasy elinde eken, yolda mashynda baryan rektor gorup ony owkudan cykardy, namemishin, oye baryancan kellanden cykmaly dalmishin.. Menin dushunmenyan zadym, siz namanin gurrunini edip otyrsynyzay????? Beydip adamlara erkinlik berip bolmayar, hany sana geydirsinler zor bilen shonda gorersin... Awtor Torayew bashga zat diyipdir, siz teke yomut goklende gezip yorsuniz, shu zatlara dushunmeyan bolsanyz, men siz bilen jedellleshjegem dal...Wagt gorkezer.
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
07.03.2010 01:13
zor bilen geyselerem dine okuw dowri geyyarler , omur boyy geyyan yok !!! Bizem dushunyas zorluk bilen hich zady kabul etdirip bolmajagyna !!! Yone egin-eshik babatda aydanynda, turkmen koynek geydirmekleri gowy zat hem-de gerekli , menin ozum mugallymchylyk okap yorun , praktika gidyan mekdebimde hichili kontrollyk yok , gyzlar dagy yubkalaryny chekibildiginden yokaryk chelyaler , (.....) yorler. Oglanlara-da sheyle zat gerek-da , agyzlaryny suwjardyp seredip otyrlar , sapak bilen ishleri yok.A-how kabir zatlary zorluk bilen etdirmesen bashga chare yok , halkyn arasyna herhili adam bar. Gorenzokmy dashary yurtlarda indi kichijek gyzlar chaga dogrup yor , yashlary biraz kontrollyk etmesen dowur shonun yaly dowur indi.
    Indiki 
Teswir sahypasy

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS