Diňle

Häzir efire gidýär

Habarlar gündeligi, 1-nji bölegi

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3067
EUR / 
RUB
0,0253
RUB / 
USD
30,167

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Bloglar

Şeýle beýannama 20 ýyl garaşdym

02.03.2010

Prezident Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň 18-nji fewralynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze syýasy partiýalaryň döremegini we hasaba alynmagyny kepillendirýän beýannama bilen çykyş etdi.

Men döwlet ýolbaşçysynyň şeýle beýannamasyna bolmanda 20 ýyl bäri garaşylandygyny belläp, ony üç bölege bölüp teswirlemekçi.

Birinji bölek: prezident, Konstitusiýanyň 53-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna Konstitusiýany ornaşdyrmak borjuny ýerine ýetirip, ýurduň raýatlarynyň Konstitusiýanyň 30-njy maddasy bilen kesgitlenen syýasy partiýalary döretmek hukuklaryny ykrar edýär.

Adatça, şeýle hukugy berýän Konstitusiýanyň tassyklanmagy raýatlaryň syýasy partiýalary döretmek hukugyny ykrar edýär. Şondan soň diňe syýasy partiýalary döretmegiň mehanizmini we şertlerini kesgitleýän kanuny döredäýmek hem tassyklaýmak galýar. Şeýle iş Nyýazow döwründe edilipdi, emma kanun işledilmändi. Onuň esasy sebäbi Nyýazowyň syýasy liderlik ukybynyň ýoklugyndady. Ol ilkinji bäsleşikli saýlawda prezidentligini ýitirjegini bilýärdi.

Prezident Berdimuhamedowyň graždanlaryň syýasy partiýalary döretmek hukugyny ykrar etmegi onuň ýeke bir borjuny ýerine ýetirmegi däl-de, belki, onuň özüniň syýasy bäsleşige taýýardygynam aňladýandyr diýip, umyt edesiň gelýär.

Ikinji bölek: prezident döwlet ýolbaşçysy hökmünde oppozision partiýalaryň döremeginiň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm konstruktiw waka boljakdygyny belläp, şeýle partiýalaryň ýurdumyzyň döwrebap ösmegi üçin zerurlykdygyny boýun aldy.

Bir partiýa daýanýan syýasy sistemanyň, özüni nähili atlandyranda-da, awtoritarizme daýanýan diktatorlyk režime öwrülýändigini ozaldan dünýä taryhy-da, Türkmenistanyň entäk 20 ýaşyny-da doldurmadyk täze taryham görkezdi. Şeýle režimde kanun diňe birtaraplaýyn – adamyň garşysyna işleýär; adam ähli hukuklaryndan mahrum edilýär; onuň öýi ýykylýar.

Kanun özüni döreden emeldarlaram sylamaýar, ýönekeý işgärem. Baýramalyň koloniýasy şu aýdylanlaryň şaýady. Diktatorlyk režimde ykdysadyýetem işlemeýär, medeniýetem.

Türkmenistanyň täze taryhynda olaryň kül-peýekun edilendigini diňe öz bähbidine ters gelýän adam görmez. Indi üç ýyl bäri gaýtadan dikeldiljek bolunýan opera we balet sungatam aýdylanlara şaýat bolup biler.

Mundan beýläk ýurduň ykbalyny bir partiýa ynanmagyň barypýatan jenaýatdygyna ýurtda düşünmeýän ýokmuka diýýän.

Üçünji bölek:
prezidentiň öz beýannamasynda ýurtda geçirilýän özgerişlikleri halkyň hüý-häsiýeti bilen baglanyşdyryp, kimdir biriniň bähbidine sosial-syýasy prosesleriň tizleşdirilmejegini aýtmagy döräp biläýjek partiýalaryň atlary mysal getirilende-de, daýhanlar partiýasynyň agzalmagy synçylaryň köpüsinde garaşylýan syýasy özgerişliklere düýpli şübhe döretdi.

Şübhelenmezçe-de däl. Berlen söz bilen edilýän işiň aglaba çapraz gelýändiginiň mysaly bizde öňden ýeterlik.

Köppartiýalylyk bizde emeli däl-de, halkyň öz mertebesini duýmagynyň we ruhy galkynyşynyň netijesinde 1989-90-njy ýyllarda döredi. Emma Nyýazowyň bikanun garşylygy, jenaýatçylykly hereketleri netijesinde olar hasaba alynmady. Olara derek daşardan getirilen kompartiýadan bir pursatda emeli ýasalan dempartiýa hasaba alyndy. Diktator režimi döredildi. Netijede Türkmenistanyň senagaty we oba hojalygy çöküp, azyk hem ilkinji zerur harytlar kartoçkalar bilen paýlandy, çörek ýetmedi; neşekeşlik ýurdy tutdy; käbir ulanylýan çaklamalara görä, 90-njy ýyllaň aglaba böleginde ýylda 400-600 adam atyldy.

Şäher gurmak bahanasy bilen iliň öýi ýykyldy, häzirem ýykylýar. Oba hojalygy entägem aýňalyp bilenok. 90-njy ýyllaň başynda daşardan getirilen emeli partiýanyň deregine halkyň öz ogul-gyzlarynyň döreden partiýalary hasaba alnan bolsady, onda, belki-de, beýle ýykgynçylyklar bolmazdy.

Döwleti dolandyrmakda ulanylýan islendik ideýa, islendik karar diňe köpüň gözegçiliginde öz hakyky many-mazmunyna eýe bolup biler. Şonuň üçin häzirem, «hiçden giç ýagşy» diýlişi ýaly, haýal etmän köppartiýalylyga ýol bermeli. Olaryň döremegi we işlemegi üçin ykrar edilen Konstitusiýanyň talaplaryny ýerine ýetirmeli.

Ilçilikdir, gereklän Daýhanlar partiýasynam ediner. Emma Daýhanlar partiýasy, Işçiler partiýasy, Gullukçylar partiýasy ýa-da Ahal partiýasy, Balkan partiýasy diýip, halkyňy täzeden gapma-garşy syýasy klaslara we tire-taýpalara bölüp ýörmeli dälmikä diýýän. Taryhy inkär etmän, onuň sapaklaryny özleşdirmegimiz gerek.

Nurberdi Nurmämmedow "Agzybirlik" halk hereketiniň egindeş başlygy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Ayhan
02.03.2010 18:06
Esasy zat Berdimuhammedow basdeşlige tayyarmy? Demokrasiya ynanyar-my? Türkmen halkynyn syyasy, medeni we ykdysady taydan ösüşi üçin demokratiyanyn we şon bilen bir hatarda köppartiyalylygyn ahmiyetine düşünyar-mi? Adalatyn önünde Prezidentden tut yönekey rayata çenli hemmelerin dendigine ynanyar-my? Kanunyn adalatly işlemegi üçin tagalla edyar-mi? Umuman Prezident Türkmenistanyn ösmegi, Türkmen halkynyn hal-yagdayynyn we durmuş derejesinin gowulaşmagy üçin basdeşligin, halk kimi saylasa şonyn Baştutan bolmagynyn zerurdygyna düşünyar-mi? Saylawlaryn adalatly we basdeşlik esasynda geçmeginin gerekdigine düşünyar-mi? Ya şöhratparazlygyn we wezipeparazlygyn asyl nusgasyny görkezip Niyazow yaly ömürboyy tagtda galmak isleyar-mi? Olam diktator we zalym diyilip yatlanmak isleyar-mi? Ya-da Türkmenistanda demokrasiya we Türkmen halkynyn geljegi üçin demokratik yoly başlan İl ogly hökmünde yatlanasy gelyar-mi? Umuman 18-indaki maslahatda Demokrasiya we Türkmen halky barada aydan sözleri içi boş sözlerden ybaratmy? Ya demokrasiya yolunda başlanan gowy başlangyçmy?

kimden: aman nireden: ewropa
02.03.2010 19:26
Yasuly 20 yil yene garashmaly borsun.Ine onsong 1nji,tewsirin bolar. gynansagam 2.nji ve 3.nji tewsirleri sening agtyklaryn görer.

kimden: Watansöyer
03.03.2010 17:18
Türkmenistan naçe tiz demokrasiya tarap oylanşykly we akylly reformalar alyp barsa, şonça-da tiz ösüşin taze basgançaklaryna yeter we dogry yola aygytly gadam urar. Türkmen Yolbaşçylaryn demokrasiya dogry düşünmegi gerek. Demokrasiya Yurtda halkyn hökmürowan bolmagy we öz ykbalynyn hut Halkyn özünin kesgitlemegidir. Aslynda demokrasiya sözünin sözlükdaki manysam halkyn erk-islegi diyen yaly manyny beryar. Şon üçin Türkmenistan Türkmen halkynyn erk-islegine we düşünjesine sarpa goyup Ata Watanymyzda demokrasiyanyn ösmegi üçin has gin göwrümli we uly möçberli reformalary durmuşa geçirmeli. Türkmen halkynyn Beyik Geçmişinin we Yagty Geljeginin hatyrasyna...

kimden: Wepa
03.03.2010 18:17
Berdimuhamedow sho wezipede 1000 yyl otursyn, yone adamlara erkinlik bersin, partiyasy bilenem ishimiz yok martiyasy bilenem, yone ishi barlara-da azar bermesin, sholar bilen ishleshsin, olaryn hem pikirini alsyn. Hiç kim ona kursinden git diyenok. Yene bir zat: Honnul-honnul edip yazyanlar bar barde: Ol syyasatçy dal bu syyasatçy dal diyip, hiç kim enesinden dunyan inende syyasatçy yada ekspert bolup dunya inenok.

kimden: Kelgapan nireden: Gunbatar Yewropa
04.03.2010 22:07
Aman dost, orta bir zat diyyanmi, yzynda durmagy bil!!!
Gynansamda yokarky reforma gaty kan byurokratik ishlerden gechmeli bolar! sheyle hem, prezidentin bu reformasy onkileri yaly dine bir formallashdyrylan bir goz aldamasy bolaymasy!

p.s. Nurberdi Aga, size ustunlik arzuw edyan! nesip bolsa Agzybirlik Halk Hereketi doly ishlap bashlar!

kimden: Serdar
05.03.2010 11:54
Aman, aýdýanyň dogry. Gysynma, nesip bolsa hemme zat gowy bolar.

kimden: Hakykatçy nireden: Türkiye
05.03.2010 16:08
Menin pikirimçe guruljak partiyalara welayat ya da belli bir yerin adyny goymaly dal de şol partiyanyn maksadyny anladyp biljek at goyulmaly. Meselem:adalat partiyasy(AP)

kimden: Nazar
05.03.2010 17:09
Narod vi chto? O chem vi dumaete? Vas duriat i vam predlagaiut vmesto partiyi sozdavat profsoiuzy.Dayhan bank, ili Ishchi bank-eto podmena dvijenia profsoiuzov.
Nelzia je but' takimi miagko govoria naivnymi...
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
05.03.2010 18:50
Nazar , turkmenche yazmany ozune namys bilyanmi ???!!!

kimden: Belli nireden: Mary
05.03.2010 21:06
Nazar Türkmençe yazmagy name özüne namys bilyanmi?!...Beytme-da dost...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS