Geljek programmalar



Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Türkmen zenanlary futboly juda gowy görýärlermikä?

01.03.2010

28-nji fewralda paýtagtyň «Olimpiýa» stadionynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň final oýny geçirildi.

Ýaryş tablisalary şeýle bir «ussatlyk» bilen düzülensoň, «A» toparda Aşgabadyň «Altyn asyr» komandasy, «B» toparda Balkanyň «Nebitçi» komandasy birinji orny eýelediler.

Ýarym finalda «Altyn asyr» Gazagystanyň «Okžetpes» komandasy bilen duşuşyp, ony 1:0 hasabynda ýeňen bolsa, «Nebitçi» Türkiýäniň klublar ýygyndysyndan oýundan soňky 11 metrlik urgularda üstün çykyp, ýeňşini baýram etdi.

Final oýny ýerli wagt bilen sagat 17.00-da «Olimpiýa» stadionynda geçirildi. Bir wagtlar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Olimpiýa» stadiony diýlip atlandyrylan bu stadionda «Altyn asyr» komandasy «Nebitçini» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyna hem-de 20 müň amerikan dollaryna mynasyp boldy. Ikinji orny eýelän «Nebitçi» komandasyna 10 müň amerikan dollary gowşuryldy.

«Altyn asyr» bilen «Nebitçiniň» duşuşygyna tomaşa etmäge gelen tomaşaçylardan ýaňa 30 müň orunlyk «Olimpiýa» stadiony hyň berdi. Ýöne stadionda oturan tomaşaçylaryň tas 40 göteriminiň zenan maşgalalardygyna gözüň düşende, olaryň bu ýere janköýerlik etmäge gelmändiklerine anyk göz ýetirýärsiň.

Daşary ýurtlarda futbol oýunlaryna, esasan, erkek kişiler barýarlar. Futbol oýnuna tomaşa etmäge stadiona baran birki zenan operatordyr režissýoryň gözüne dagy düşäýse, olar hökman ekzotika hökmünde teletomaşaçylara görkezilýär. Sebäbi futbol erkek kişileriň halaýan oýny. Aýallaryň bu oýna tomaşa etmäge gelmegi bolsa elmydama geň galdyryjy duýgyny oýarýar. Ir döwürler, hatda bäş-alty ýyl mundan öň hem türkmen zenanyny futbol ýaryşlary geçirilýän stadionda görmek mümkin däldi.

Öňküje endik

Ýyl-ýyldan abraýy pese gaçýan Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşy türkmen futbol janköýerlerinde asla gyzyklanma döretmeýär. Ýogsa bu futbol ýaryşynyň giriş bileti mugt hem. Islän tomaşaçynyň arkaýyn stadiona baryp, islän oturgyjynda oturmaga hukugy bar. Ýöne pes derejeli futbola gyzyklanma-da pes bolýar.

Elbetde, halkara derejesinde geçirilýän futbol ýaryşyny, onda-da Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşyny boş stadionlarda geçirmeklik ony gurnaýjylar üçin juda biabraýçylyk. Şonuň üçin ýaryşy gurnaýjylar öňküje endikleri boýunça hereket edip, býujet edaralarynda işleýän adamlary zorluk bilen stadiondaky futbol duşuşyklaryna sürýärler.

Býujet edaralarynda çärä sürülýänler elmydama talyplardyr bilim ulgamynyň işgärleri. Nirede bir konsert bolsa-da şolar, çäre bolsa-da şolar. Bilim ulgamynda işleýänleriň aglabasy bolsa zenanlardan durýar.

28-nji fewralda paýtagtyň «Olimpiýa» stadionynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşyndaky tomaşaçylaryň tas 40 göteriminiň zenanlar bolmagynyň esasy sebäbi, ine, şundan ybarat.

«Daýza, haýsy komanda janköýerlik edýäň?»

Futbol görmäge getirilýän zenanlar dürli-dürli ýaşda. Olaryň içinde 18 ýaşly talyp gyzlaram bar, 50-60 ýaşly baýry mugallymalar-da. Käbir garagol oglanlar: «Daýza, haýsy komanda janköýerlik edýäň?» diýip, stadionda ýaşuly aýallara degýärler hem. Olar bolsa, göwnübir: «Hol ýaşyl köýneklileriň köýnegi owadan, men-ä şolara janköýerlik edýän» diýip jogap berýärler. Zenanlaryň bu jogaplaryndan çen tutsaň, olaryň futbolyň düzgünlerine, garşydaş komandalara asla düşünmeýändiklerine anyk göz ýetirip bolýar.

Çagalar bagyna ogluny almaga baran atadan terbiýeçiniň «Hany, oglanjygyň ejesi näme bu gün gelmedi, ýa ýaranokmy?» diýen sowalyna erkek kişiniň: «Ýok, aýalym stadiona futbol görmäge gitdi» diýip berýän jogaby türkmen durmuşynda indi adaty zada öwrüldi.

Halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryna halkyň meýletin gelmegini gazanmak mümkinmi ýa türkmenleriň sporta bolan gyzyklanmasy asla ýokmuka?

Türkmenler futboly juda söýýän halk. Ýöne pes derejedäki futbol bilen halky aldap bolmaýar. Halkda sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanmasyny gazanmak üçin ilki bilen ýerli futboly ösdürmek zerur. Ýerli futbol hem çagalar futbol mekdeplerinden başlanylmalydyr. Geçirilýän halkara futbol ýaryşlarynyň bolsa geldi-geçer derejede däl-de, çynlakaý hem düýpli çemeleşilip geçirilmegi zerur.

Şeýle baý döwletde şu gezekki ýaryşa bary-ýogy 35 müň amerikan dollarynyň baýrak goýulmagynyň özi ýokarda oturan çinownikleriň bu ýaryşa biperwaý garandyklarynyň alamatydyr. Göwnüňe bolmasa, bu futbol ýaryşy «Ýaryş geçdimi - geçdi» diýip, kagyza bellijek etmek üçin geçirilen ýaly.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: TURKMEN nireden: MOSKWA
01.03.2010 00:46
+0 / -0
Men mekdepde okayakam, shol yaryshlary gecirman gidip goryadik. 6-njy klasdan bashlap her okuwchy shol gitmeli diyen yere gitmeli bolyardy, gitmedik yagdayynda, ol mekdepde mugallymdan ya-da hut mekdep direktoryndan uly kayinch eshityardi. Onson her 3 gunden okuwcylar charelere gatnashyp yorse, bilim nireden alsynlar? diyen sorag yuze cykyar. Shol gecirilyan chare gyshda -10 gradus sowukda gecirilse-de +35 gradus yssyda gecirilse-de HOKMAN gatnashaymaly!!! Awtoryn yazyan zatlary dogry, birinji bilen yurtda Futbolun derejesini galdyrmaly!!!

kimden: mert nireden: istanbul
01.03.2010 01:33
+0 / -0
Tuweleme ayal gyzlar. Olar siwilizleshen dunyanin medeniyetine gowy dusunyaln bolmaly we wagtlaryny peydaly gecirmegi gowy bilyarler. GLYEBRSEDE OLAR JEMGIYETIN IN AKTIW GATLAGY. MASHGALA EKLEYANEM. CAGALARYNY OKATYANAM SHOALR. Eger olar futbola da ko ptomasha edyan bolsalar, onda yakyn dowurde Turkmen Maradonasy dorar diyip garasyberin! GAyrat edin hormatly zenanlar,!
Siz Turkmenistany ezenigine galdyrmasanam Garriyewler, Sopiyewler Turkmenistany dunya masgara edyarler. Bularyn yerine gahryman zenanalar goyulsa, onda demokratiya juda tiz gelerdi Turkmenistana

kimden: Arsary
01.03.2010 03:56
+0 / -0
Awtor, kop yerde gowy/gerekli info beripsin welin - "olaryň bu ýere janköýerlik etmäge gelmändiklerine anyk göz ýetirýärsiň" yone shu pikirin bilen hich ylalashamok. Hemmesini bir ayakdan surmek nache derejede yerlikli'ka?
Yone "Turkmenin" aydyshy yaly dowletde dine FUDBOLY dal kop sportyn derejesini osdurmeli..Yuwash yuwash bolar hemme zat Inshalla :)
Muňa jogap

kimden: nabelli nireden: istanbul
01.03.2010 19:04
+0 / -0
şol zenanlaryn birem futbol ucin gelenok , munda düşünmez yaly ya-da ylalaşmaz yaly zat yok. Göze görnup dur . Zenanlara futbola gitmanlerinde-de oylerinde işleri yetik. Futbola gidyanlerin kopusi yaş oglanlar.

kimden: Betinden
01.03.2010 19:26
+0 / -0
Adatca uglowoy depilende, hemme jankoyerler uns berip seredyaler. Bu yerdaki surat ulaldyp seretdim welin, bir pahyr cyny bilen top depjek bolup dur, gyzlaryn arasynda ona seredyanlerin sany 10-dan gecenok.:)
Muňa jogap

kimden: gurban
07.03.2010 15:14
+0 / -0
gowy yere uns cekipsin we sozlerin bilen yagdayi doly acyklapsyn. basga zada geregem yok-a bu yagdayi orta goymak ucin. Onsonam tuweleme ayallarymyz futbol seretmage gelende ozaleri ucin yorite toparyn formasyna menzeyan koynegem dikiniipdirler. Hakyky jankoyerler(!)

kimden: Watansöyer
01.03.2010 19:26
+0 / -0
Futboly halka söydürmeli. Ony alyp baryan diktirem gowy alyp barmaly. Ol dine sport hökmünde dal-de dostlugyn we doganlygyn guraly hökmünde halka hyzmat etmeli.

kimden: farhad nireden: türkiye
12.03.2010 03:18
+0 / -0
hemme zat gowyda yone habarlaryn ,tazelklerin yanyna sport bolumini goyaymaly ekenin dostum.atak Turkmenistanda futbola erkeklerin 90% dusunenak zenanlardan name garasyan.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil