Penşenbe, Noýabr 27, 2014 Aşgabat wagty 19:04

Blog

«Ruhnama» hakda hakykat

Aslynda türkmenleriň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyndan ýazylan «Ruhnama» kitaby näme maksat bilen ýazylypdy? Ine, şu hakda hiç kim hakyky gürrüňi edenok.

Ruhnama
Ruhnama
Sowet soýuzynyň ähli ýokary okuw jaýlarynda filosofiýa predmeti okadylýardy. «Dialektiki materializm», «Taryhy materializm» atly kitaplardan durýan filosofiki kitaplar sowet hökümetiniň alymlary tarapyndan ýazylanlygy sebäpli, ondaky ähli mysallar Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň göreşleri, planlary, Sowet soýuzyndaky ýaşaýyş baradady. Sowet soýuzynyň dünýä halklaryna berjek bagtly ýaşaýşy, Kommunistik partiýanyň halky kommunizmde ýaşatjak günleri hakdady.

Bu agzalan iki kitapdan soň ýokary okuw jaýlarynda «Ylmy kommunizmiň esaslary» atly kitap hem geçilip, ol hem «Dialektiki materializm» hem-de «Taryhy materializm» kitaplarynyň dowamy bolup durýardy. Garaşsyzlyk döwründe şol kitaplar ýokary okuw jaýlarynda gadagan edildi. Ol kitaplar, dogrusy, döwre jogap berjegem däldi. Sebäbi SSSR ýykylansoň, onuň asla geregem ýokdy. SSSR-iň syýasatyny propagandirleýän ol kitaplary okatmak ýalňyşlygam boljakdy.

Alym filosoflar derrew alaga-da, filosofiýa kitaplaryny Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna görä ýazybam ýetişmediler. Ýa-ha alymlara şeýtmäge rugsat berilmedi, ýa-da Türkmenistanyň alyp gitjek syýasy ýolunyň aýdyň bolmazlygy täze filosofiýa kitaplaryny ýazmaga mümkinçilik bermedi.

Dünýä halklarynyň dogry hasaplap okaýan filosofiýa kitabyny-da terjime edip, talyplara okatmagam barýan syýasy ýoly näbelli bolan ýurtda aňsat däldi. Sebäbi ol ýerde demokratiýa, köp partiýalylyk ýaly gürrünler edilýän bolsa, ol hem türkmen okuw jaýlaryna ýarajak däldi. Şeýle bolansoň, garaz, filosofiýanyň ýerine näme okatmalydygy hakdaky pikirler bir ýere jemlenýänçä pelsepe otarmaga näme-de bolsa, güýmenje boljak kitap hökünde «Ruhnama» kitaby dünýä inderildi. Ol ýokary okuw jaýlarynda okadylmaly filosofiýa kitaplarynyň ýerini tutdy. Rowaýatlardan hem-de ýeňil gürrüňlerden durýan bu kitap orta mekdeplerde hem tebigat ylymlarynyň ýerine okadylyp başlandy.

Kim ýazdy?

Bu kitaby köpler «Türkmenistanyň Golýazmalar institutynyň işgärleri ýazdylar» diýip, gürrüň edýärler. Ýöne bu gürrüňleri dolulygyna dogry hasaplap bolmaz. Golýazmalar institutynyň işgärleri rowaýatlary goşup biler hem-de çapa taýýarlap biler. «Ruhnamadaky» köp ýazgylar ýyllaryň dowamynda türkmen metbugatynda çap edilen zatlar. Ol ýerde fizikaçylaryň makalalary-da bar, matematikleriň makalalary-da, derman ösümliklerini taýýarlaýjylaryň makalalary-da bar. Ýurtdaky bir hökümetiň ýykylyp, ikinji bir hökümetiň döreýän döwründe, bir syýasatyň ýok bolup, ikinji bir syýasatyň orta çykan döwründe, belki-de «Ruhnama» ýaly kitabyň zerur hasaplanmagy Nyýazowyňky ýaly, göni demokratik ýola düşüp bilmedik hökümet üçin dogrudyr hem.

«Ruhnamany» ilki, hamala beýleki kitaply halklaryňky ýaly (ýagny, Hudaýdan - asmandan inen kitaplar bolan Injil, Gurhan, Töwrat) mukaddes kitaplaryň ornuna goşmak islediler. Ýöne dünýäniň musulman halklaryndan dünýä metbugatynyň käbirinde käbir reaksiýalaryň bolmagynyň netijesinde oňa «dini kitap däl» diýen teswirleme berildi. Muňa garamazdan, «Ruhnamanyň» ikinji kitabynda türkmeniň ruhy dünýäsine başgaça dini däp-dessurlary ornaşdyrar ýaly, merhum jaýlamak, ýene-de käbir dini ygtykatlary berjaý etmek barada musulman dünýäsinde ýok däp-dessurlar hakda ýazylypdyr.

«Ruhnamanyň» iki kitaby hem dünýäniň köp dillerine terjime edilip çap edildi. Kosmonawtlar tarapyndan kosmosa äkidildi. Aýtmaklaryna görä, kosmosa uçurylan şol kitap ýene bäş ýüz ýyldan Ýere gaçmalymyş.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
Teswir
     
kimden: Agamyrat
12.02.2010 19:53
+0 / -0
Wah "Ruhnama" kitaby bu awtoryn aydyshy yaly "boshlugy doldurmak" uchin yagshy niyet bilen yazylan bolsa, hemmeler chyn yurekden Niyazowa sag bolsun aydardy. Emma onun Niyazowa yaranmak uchin yallakchylar tarapyndan duzulendigini, sonam onun milleti mankurtlashdyrmak uichin ulanylandygyny hemmeler bilyara. Shonun uchin bu bolan ishe beyle "parasatly" many bermek butinley yalnyshlykdyr.

kimden: nazar
12.02.2010 20:23
+0 / -0
-Yoldas Serdaryn makalasy men gownumden turmedy. Realistlik dine yaman tarapyny gormek dal we name zada pikir aksa sol zada ynanmak adamyn ganynda bar. Awtor Ruhnamany nace sapar okadyka?! Doly okamadyk bolsa-a yzyna alsyn. Yazylanlardan-a okamadyga menzeyar. Men belli bir obyektin dal-da azajyk hak payi bolan zadyn tarapyny tutmak. Saparmyrat Niyazow, kop adamdan has koprak isleyan kelleli adamdy. Muna garsy cykjaga yokdur. We yazyjylyk hasiyeti bardyr we ol hasiyetinin ustunde duran sanagly adamlardan wagtynda. Onun dowrunde halk yazmagy yatdan cykardy. Ozunin hem yapik we yeke patiyali rejimi bolany sebapli, kop adam muny halamady. Emma Ruhnamany yazdy we hic hacan Dini kitaplara oz agzy bn denemedi. Basga yallakcylar name etmedi?! Kitapda dine uymayan zatlar bolup biler, yone turkmen medeniyeti Yslam diniden onem bardy. Namazda edilmeli daplern basga kitaby hem bar. Ol hem doly dine uymayar yone dindenem kop cykmayar.
-Saparmyrat Niyazow, millilesdirmek siyasatyny yoretdi. Dunyade dine turkmen. We Ruhnama kitaby hakykatdanam gerekli bir kitap. Halkymyz Orsun dowrunden taze cykan wagty, bary kommunist pikirde. Ors dowri gowudy, garnymyz dokdy diyip yorenler kop boldy. Olar islese-de biz islamizok ol dowuri. Ruhnama bolmadyk yagdayini oylansak, basga-da yazyja yol yok bolsa. Birje kitabam galmazdy.
-Ruhnamanyn yeke ayby diktator hasaplanyan(bizin yeri halkymyz bu sozi ulanmayar) Niyazow tarapyndan yazilmagydyr. Turkmenbasyny halamayan, ony hem halamaly dal diyen zat yok. Sebabi on icinde Turkmen barada yazilan.
-Icında yalan yazylan bolsa, makalanyn dowamyna gosup bilermisiniz? Bizem goreli, bizem sizin perspektiwinizden seredeli.
-Kim yazanlygy barada yazylan zatlaryn icinde anyk fakt yok, hemmesi adamlaryn kellesinde guman peyda etmage yarayan zatlar. Blog diyibem naanyk zatlary yazyp bolmaza. Hem bu awtoryn pikirleri hem dal. Bbasgalaryn suphelerinin bu blogda yri yok-a.
-Dunya dillerine terjime edilmegini, yallakcylaryn pikiri diyip bahalandyryaryn.
-Pygamberlerdn basga adam, ylayta-da siyasy adamlar hemme zady okap orenmegi mejbur. Fizikany, Himiyany we Turkmen taryhyny hemmamizden koprak okan adam beyle kitap yazyp bilmezmi?! We tebigy kanunlary kitap yazmak ucin sen ozun gaytadan oylap tapmak hokman dal. Teoriyalary we kanunlary goni ulanyp bolyar we plagiarizm bolmayar. Taryham seyle. Turkmenler atyz suwarma ulgamyny ele almak ucin ony kimin oylap tapanyny yazmak hokman dal.
-Niyazowy 'Birilerine kitap yazdyryp oz adyna cap etdirer' yaly masgaracylyk etmejegini we oni-sony orta cykjagyny bizem, bizdenem koprak ozi bilyardi. Bey asylsyl pikiri baryp, anyk delilsiz pessimistik oylanyp yormek nama gerek. Eger halka w neslimize cigit yaly peydasy bolsa, bizin ucin tapawudy yok diktator yazdymy, basgasy yazdymy.
-Icındakilere yenil gurrunler diyip bilmek ucin icindaki zatlaryn hemmesini diyen yali bilmek gerek. Sol yuzley diyip hasap edyan zadynyz, Kommunizmden cykan halkymyza ot bn suw yaly gereklidi turkmen bolup ayakda galmak we kopusi bilmeyardi bu yuzley zatlary.
-Mmen ebyle kitaplar hakynda barlag gecirmani, halk arasyndan statistika cykarmany we yillaryn dowamynda orta goyan netijesini gozden gecirman mys-mis-li pikirlerin orta atylmagyny dogry diyip hasaplamayaryn. Biz halkyn peydasy gozlemeli dine. Agzybirligin arkasynda durmaly.
-Eger anyk gollama bolsa, ony orta atmak Turkmenistana yuzuni owuren yeke-tak azat metbugat bolup, sizin borjunyz...Yok bolsa tersi dal.
Muňa jogap

kimden: Agamyrat
13.02.2010 11:05
+0 / -0
Hey Nazar, birinjidena-a 5 sozlemde aydyp boljak pikirini 50 sozlemde aytmagyn geregi yok. Ikinjiden, Niyazow we "Ruhnama" hakynda tutush dynyanin bilyan zadyny tersine subut etjek bolup, ozuni masgaralap oturma. Sen "Niyazow hic hacan Dini kitaplara oz agzy bn denemedi" diyyan. Telewideniyede Niyazow birnache gezek oz dili bilen aytdy, Azatlyk radiosy hem encheme gezek onun sesini berdi: "Ruhnamany men yazmadym, ony Allatagala menin ustum bilen size berdi. Ruhnamany okan adam goni jennete dushyar" diyip hut oz dili bilen aytdy. Shol ses Azatlygyn arhivinde bardyr.
Sen yene "Niyazow birilerine kitap yazdyryp oz adyndan bermezdi" diyyan. Ahow, sen haysy dunyaden geldin. 2004-nji yylda Moskwada yashayan taryhchy alym Muhammet Berdiyew "Ruhnamanyn" 74 sany sahypasynyn sozme-soz Britan taryhchysyndan gochurilendigini subut edip, bu ish barada prokuratura arz edende, ony turkmen agentleri Moskwada urup-urup ozunden gidirdiler oz oyunde. Son ol bende Hollandiya gochup gitmeli boldy. Men "Ruhnama" bilen bagly Niyazowyn hapa we haram oyunlary barada dine kabir mysallary getirdim. Bu hapalygy sanasan sanap oturmaly. Yone senin beyle hapalygy goldap we gorap name isleyanin dushnuksiz. Ya sana sheytsen "bayrak berjek" diydilermi? Hey, dogan, ozuni bir masgara etme beydip!
Muňa jogap

kimden: nazar
13.02.2010 21:26
+0 / -0
Agamyrat. Olar men sahsiy pikirim. sen kimem bolsan ona el goymaga ya-da masgaracylyk diymage hakyn yok. Sebabi men kommentariyada sen yakinlaryna sogmedim. Bir obyekt barada pikirlerimi orta goydum. Sen kim men pikirlerime masgara diyip baha berer yali. Sen bu yazan zatlaryn pikirlerime garsy cykmak dal-de masgaralamak. Onsonam men oz dilimi ulany yazyan, sen ozunkini. Hemme Pyragy bolmaly diyilyan zat yok-a, iki setirde cozer yali. Ona-da gosulmaga sen hakyn yok.
-Onsonam naman namedigini wagt gorkezer. Hemmesi orta cykar ana sonda men nahak bolsam sozlerimi yzyma alaryn. Sen bu zatlaryna men ynanmaly diyilen kanun yok. Bagyslarsyn. Olam bos bolsun, doly bolsun sen sahsiy pikirlerin we gorkezmelerin. Hemme sol bir goz bilen seretse name manysy galyar.
-Senem munun yaly akylly bolsan, basga-basga pikirlere acygrak bol. Son basga biri acsa sana-da agyr duser.
-Men Niyazow bn isim yok. Men meselam Ruhnama. Kim name diyse diysin, esasy zat mazmuny bolup duryar.
Muňa jogap

kimden: Atsyz
13.02.2010 12:30
+0 / -0
bagişlarsiniz velin yazmalimişin diyip yazyaniz oydyan. iller yashaya diyip yashayshili yali :-)
Muňa jogap

kimden: Galtaman nireden: Mary
15.02.2010 02:16
+0 / -0
Nazar sen hakyky shahyr bir adamyn oz yazan goshgusyny okayshyny dinledinmi hi bir gezek? Ve niyazovyn "ozum yazdym" diyen goshgusyny okayshyny dinledinmi bir gezek? Eger jogabyn "havva" bolsa ikisinin ara tapavudyny bilersin. Yer bilen gok yaly. Iru-gich ruhnamany kimin yazanlygy belli bolar diyipsin,dogry pikrine goshulyan azajyk. Yone ruhnamany bir adam yazmady,shonun ucinem hich vagtam belli bolmaz kimin yazanlygy menin pikirimce.
Muňa jogap

kimden: nazar
15.02.2010 14:30
+0 / -0
Galtaman. Eger dunya dursa wagtyn gelmegi bn hemmesi hemmesi aydyn bolar. Eger bu zatlaryn ustuni acyp bilmesek, bizin ozumiz gunakar. Elbetde bu hazirki wagtda bolup bilmejek yaly bolup gozrunse-de, impossible is nothing. Wagt her derde dermandyr. Men seyle ynanyan. Sen ozuni ynandyrypsyn, Ruhnamany bir adam yazmadygyna. Yone her durli netija tayyar bolsan, wagt hemme zady gorkezer.

kimden: Atajan nireden: London
15.02.2010 16:23
+0 / -0

"-Men Niyazow bn isim yok. Men meselam Ruhnama. Kim name diyse diysin, esasy zat mazmuny bolup duryar"
Goshulyan. Kitaby kim yazdy men onu anyk bilemok. Biz Onu Turkmenbashy yazdy diyip bilyas. Yone kitaby kimin yazany dal-de ichinde name barlygy barada gurrun gityan bolsa onda gep bashga. Men ol kitaby okadym . Kitap gownumden turdy. Galamy guchli birinin elinden chykan bir kitap we oz pikirimi aytsam ol kitaby Turkmenbashy yazdy. Sababi ol adamyn filasofyasy oran guychli. Hemde Turkmen halkyny oran gowy tanayar.
Muňa jogap

kimden: Begli
15.02.2010 16:45
+0 / -0
2 sany kece telpek turkmenden bashga butin dunyar bilyar sho kitaby Niyazowyn yazmadygyny, ola bir.

Ikinjidenem Niyazowyn filsofiyasy guycli diyip bashga bir yerde bir diyayme, Zalym diktatorlarda filosofiya bolyan daldir, senin garyndashyn doganyn inilen Nyyazowyn demine dushup turma basylan bolsun, ana shonda bilersin filosofiyasy guyclimi dalmi?!

Dunya boyunca meshhur filosoflaryn kitaplaryny eserlerini okaman, dine Ruhnamany okap guycli filsofiya diyip kelemenlap otursak, omur shu derejamizde de galarys. Wahhhh....

Sen dost Turkmenistanda yayjy tanshyn bar bolsa, sora bu barada yekelikde aydyp bererler. Iki sozun bashyny catyp bilmeyan adam sho kitaby yazdymy ya-da yazanok?!

In sonunda da diyjek zadym, meni o kitaby kimin yazandygy kan gyzyklandyrybam baranok, sebabi icindaki zatlaryn gymmaty yok, bilinyan zatlar, Marsy tapmady. Kabir yazylan zatlar bolsa dereksiz.

Name ucin o kitap 20-nji asyra gelip duryar, Hany Gaygysyz Atabay, Nedirbay Aytakow, Eziz han, Juneyt han o kitapda yok, Sebabi Nyyazow ozuni Turkmenistanyn gurujusy edip gorkezjek boldy, yash nesillerin beynisini yuwjak boldy, yone gornushe gora muny basharypdyram belli bir derejede...




Muňa jogap

kimden: gurban
16.02.2010 15:32
+0 / -0
Niyazowda kelle yok diyen adam gozleg isini dowam etdirsin we bu isin ustune koprak gitsin. Dine bizin gozu sansurlanan watandaslarymyz bilenok. Hickiminem tarapyny calamok weli in bolmanda erkek oglan hakykaty gormerli. Diktatoram bolsa senden kellelidi beglijan. We her bir adimini acyklyk getiren adam. Kabirleri bolsa ony Turkmenistanyn buguni dal-de geljegi ucin hyzmat eden adamdygyny aydyar. Su hakykat, sen perisde adam bolsanam, dunyade hemme adam tarapyndan soyulip bilmersin. Kim bolsa, islesen dunyani halas et. Icındakilere gelsek, sol yonekey zatlar diymage dilin baryan bolsa, mesela azajyk milli goz bilen seretmegini maslahat beryan...
Muňa jogap

kimden: Batyr
16.02.2010 16:15
+0 / -0
Gurbana - Gurban gozleg ishi nirede etmeli, sen yaly akylly adamlardan soramalymy ya-da Googldedan ya-da Turkmenistanyn gazetlerinden? Nireden, google dayy gorer yaly edenok, butin dunya yalnyshyarda, sen yaly 2-3 sany Altyn Nesil yalnyshanok. ha?
Muňa jogap

kimden: Begli
16.02.2010 16:12
+0 / -0
Gurban, men gozlegimi coktan gutardym. Sen shu yere yazsana name ucin ol adamyn "BEYIK" bolandygyny, yone Onjuk Musayew yaly bolman, obyektiwny ayt. Oldurilen, basylan adamlary, yykylan jaylary, any beynisi cuyredilen nesili, yumurylan pullary -- garaz sen bilyan zatlaryny yaz shu yerik, bilmeyan bolsan, onda hic zat yazma.
Muňa jogap

kimden: Gorkak-Batyr
16.02.2010 17:53
+0 / -0
Turkmenistanda milli sirki, kinostudiyany, kino teatrlaryny, milli operany we baleti, milli orkestri, okuw jaylarynyn 80 prosentine golayyny, oba kitaphanalaryny, milli dutar aydym-sazlaryny, milli yazyjylaryn tas hemmesinin kitaplarynyn chap edilmegini, milli gahrymanlaryn atlary dakylan kocheleri, Ylymlar Akademiyasyny, Yazyjylar Birleshigini, Zurnalistler Birleshigini, milli doredijilik konferenciyalaryny, yerli gazetleri we shuna menzesh yene yuzlerche we munlerche milli gymmatlyklary yok edip weyran eden dowlet liderinin halk uchin hyzmat edendigi ya etmandigi kore-de belli kere-de. Gurban inimizin yokardaky aydyan garayyshlary hem hut Niyazowyn yykgynchylykly syyasatynyn yykgynchylykly netijesidir: Tukmenbashynyn bu syyasaty tutush bir neslin beynisini doly yuwup, ony erkin pikirlenmek we seljermek ukybyndan doly mahrum edipdir. Ine, Niyazowyn "beyikligi" namede!!!! Urrraaaaa!!!!
Muňa jogap

kimden: gurban
16.02.2010 22:21
+0 / -0
-Yazma diyen sozun yersiz. Eger sayt senki bolsa kabul etme, ocur. Senki dal bolsa eyelerine goyup, ozleri yazanymy cykaryp cykarmajagyna karar bersinler.
-Onsonam Turkmen hemise anyrsyna cykdym diyen wagty yitirendir. Dali Domrul mysal sana. Ulumsy bolmak gerek dala iki sozlem bilyan bolsan.
-Aydyanlaryn belki dogry bolup biler, yone anyrsyna cykdym diyen adama men nahili ynanayin...hemem COKTAN cykan bolsa..
-Gaytalayan. Hic kimi hemme soymeli, her bir zady hemme kabul etmeli diyen kada-kanun yok. We soyulmedik adam akmak bolya diylen zadam yok. Tersine bolyar koplenc.
-Yone, Turkmenistanda metbugat azatlygy bolmasa, hic bir turkmen(Zadan we kabir kabinetdakiler dasynda) anyk maglumata eye bolup bilmez. Sol sebapden hazirki tahmyny toslamalara, ynanmagyn yerine metbugat erkinligine garasmagy has dogry diyip hasaplayaryn. Yok ol dowur gelmez diyanlerem bu pikirini yitirman saklasynlar...
Muňa jogap

kimden: gowy oglan nireden: istanbul
17.02.2010 22:34
+0 / -0
men uniwesitetde 10 yyl syyasat, hukuk, pelsepe, psihologiya, sosiologiya okadym we nyyazowyn eden ishlerinin masgarachylykdan bashga zatdygyny subut edip bilemok. eger sheyle ishleri demokratiya bolan (kan ösmedik hem bolsa) turkiye-de eden bolayanda ony dardan asardylar.