Geljek programmalar


Walýuta

USD / 
EUR
1,3156
EUR / 
RUB
0,0254
RUB / 
USD
29,822

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Bloglar

«Türkmenfilm» kinostudijasynyň açylan güni

09.02.2010

Segsen dört ýyl mundan ozal, 1926-njy ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabatda «Türkmenfilm» kinostudiýasy açylypdy.

Kinostudiýa onlarça ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk edip, onuň dabarasyny dag aşyran, režissýor hökmünde «Aýgytly ädim», «Mukamyn syry» ýaly ajaýyp filmleri döredip, tutuş Soýuzyňam, ençeme daşary ýurtly tomaşaçylaryňam gyzgyn söýgüsini gazanan, SSSR-in halk artisti, 1941-de hem 1948-de iki gezek Sowet Soýuzynyň Döwlet Baýragyna (onki Stalin Baýragy) mynasyp bolan Alty Garlyýew o mahallar ýaňy on ýedi ýaşyny dolduran ýetginjekdi.

Durmuşyň täsin hem geň tilsimlerine laýyklykda, kä halat sungat zehiniň önünden çyksa, başga bir öwrümde zehin sungatyň maňlaýyndan çykýar. Şeýlelikde, Tejeniň Babadaýhanyndan çykyp (rowaýatmy ýa çynmy, bilemok, ýöne özümiň-ä şoňa ynanasym gelýär), iki ýuz kilometrden gowrak aralygy pyýada geçip, Aşgabada ýeten Alty Garlyýew 1956-da «Türkmenfilm» kinostudiýasyna direktor bellenýär. Şondan soň uly iliň göz-guwanjy hem buýsanjy bolup oturan bu kärhana «Işiň ilerik!» diýlen ýaly bolýar.

Öz howlusynda iki sany kino surata alynýan pawilony bolan kinostudiýa segseninji ýyllarda «az bolsun – uz bolsun» diýlen parasatly jümlä eýerip, her ýylda üç sany çeper filmi, iki telewizion filmi, ýigrimä golaý dokumental lentalary tomaşaça hödürläpdi.

Merkeziň penjesi egnimizden aýrylansoň, sosialistik realizm diýlen höküm ýatyrylansoň, türkmen aýtmyşlaýyn «öz elim, öz ýakam» bolnsoň, milli sungatymyzyň daragtyna indi neneňsi hazan urup ýör?

Hany olar?

Hany bu gün alaşa tirkelen agaç azalyň yzynda «Aýnam!» diýip gygyrýan Baba Annan, hany bu gün Karkaranyň dutaryny saýradyp, Kör Gojalyny toba getiren Liza Garaýewa, hany bu gün Gulam bagşyny ompa oturdyp, ýesirleri dogduk mekana alyp gaýdan Şükür bagşy, hany «Ykbal», «Keç pelek», «Kärizgenler», «Menin dostum – Meleguş», «Aşyr aganyň mekirligi», «Ýandym»?.. Hany!

«Akylly eşigini çykarýança, samsyk derýadan geçer» diýlişi ýaly, ömrüniň on dokuz ýylyny Staliniň lagerlerinde çüýreden Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany esasynda özbekler köp seriýaly film döredip, esli wagt bäri ilatynyň alkyşyny alyp otyr.

Sözümiziň ahyrynda köre hasa bir hakykaty ýatlasymyz geldi: Edebiýatdyr sungat ussady halkyň göwnünden tursa, ony hökümet halamaz eken. Hökümetiň gözüne gowy görünýän körzehin senetkäri bolsa millet ýigrener eken. Önem birinin jaýdar belleýşi jaly, bir söz-ä az, iki sözem köp, söz ýarymam ýok.




Alty Garlyýewiň režissýorlyk eden “Aýgytly ädim” filminden pursat.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: Goresh
12.02.2010 20:34
Gaty gynandyryar... 1926-njy yylda heniz dowlet gaznasynda kop kopuk yokka turkmenler oz kinostudiyasyny doredip, gozli-bashly kino doredip bashlapdyrlar. Hazirki wagt milliardlarcha dollarlary gerekmejek gurlushyklara sowyan hakimiyetler bolsa "Tukmenfilmi" henizem ozalky pukaraja derejesine hem yetirip bilenoklar, yok, aslynda, yetirmek islanoklar. Yokarkylara-ha ruhy baylyk gerek dal, olar ashakdakylara hem ruhy baylyk bermekden gorkyarlar... Wahhhhhhh....
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS