Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mali hüjüminde 21 adam öldi


Mali, Radisson oteli, ýaraly zamun alnyp çykylýar. Bamako, 20-nji noýabr, 2015
Mali, Radisson oteli, ýaraly zamun alnyp çykylýar. Bamako, 20-nji noýabr, 2015

Maliniň prezidenti yslamçy jeňçileriň paýtagtda myhmanhana eden hüjüminde 21 adam öldürildi diýýär.

Maliniň howpsuzlyk güýçleriniň myhmanhana zabt etmegi netijesinde zamunlar azat edildi. Ölenleriň arasynda iki sany jeňçi hem bar.

Prezident Ibrahim Bubakar Kita radikal musulman toparlarynyň hüjüminden bez bolan ozalky fransuz koloniýasynda adatdan daşary ýagdaý düzgünini hem yglan etdi.

Paýtagt Bamakodaky Radisson Blu myhmanhanasynda, jeňçileriň binany ele geçirmegi esasynda, 100-den gowrak adam birnäçe sagatlap zamun alyndy.

Hüjümiň jogapkärçiligini ozalky «Al-Kaýda» komandiriniň ýolbaşçylygyndaky ekstremist topar öz üstüne aldy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi 21-nji noýabrda pidalaryň arasynda rus raýatlarynyň hem bardygyny aýtdy.

Orsýetiň Ulýanowsk şäher häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Mali hüjüminde öldürilenleriň arasynda Ulýanowsk şäherinde ýerleşýän Wolgo-Dnepr howaýollarynyň alty işgäri bar.

Bu şäher 23-nji noýabry ýas güni diýip yglan etdi.

Orsýetiň DIM-i bu hadysada Orsýetden ölenleriň diňe şolardygyny aýtdy. Bir gün ozal rus prezidenti Wladimir Putin Maliniň prezidenti Kita gynanç telegrammasyny ýollapdy.

Hytaýň prezidenti Si Jinpin hem şol gün Pekiniň Malidäki hüjümi «berk ýazgarýandygyny» aýtdy. Bu hüjümde Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki demirýol kompaniýasynyň üç ýolbaşçysy öldürildi.

Halas edilenleriň arasynda dört sany hytaý raýaty hem bar diýip, Hytaýyň DIM-i aýtdy.

Öldürilenleriň arasynda Birleşen Ştatlaryň Parahatçylyk korpusynyň meýletinçisi Anita Aşok Datar hem bar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti aýtdy.

"Biz amerikaly Anita Dataryň we Mali hüjümindäki pidalaryň ählisiniň ýasyny tutýarys» diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary öz twitter sahypasynda ýazdy.

Bu hüjümiň geçen hepde Parižde amala aşyrylan aýylganç hüjümler bilen nähilidir baglanyşygynyň bolup-bolmandygy aýdyň däl. Emma Fransiýada köpler muny öz ýurtlarynyň bähbitlerine edilen ýene bir hüjüm diýip hasaplady. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Mali bilen raýdaşlyga çagyrdy.

Goşun komandiri Modibo Nama Traoreniň sözlerine salgylanyp, Maliniň bir howpsuzlyk ofiseriniň hem ölendigi, bäş adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.

Başdaky habarlarda hüjümçileriň 10 çemesi bolandygy aýdyldy, emma Traore soň ol ýerde diňe iki sany ýaragly adamyň bolan bolmagynyň ahmaldygyny, olaryň ikisiniň hem öldürilendigini aýtdy.

Trarore hüjümiň arap dilinde «Alla beýik» diýen gykylyk bilen başlanyp, myhmanhana sakçylaryna ot açylandygyny aýtdy.

Başda 170 töweregi myhman we otel işgäri zamun alyndy, emma olaryň käbiri daşary ýurt turistleriniň köp gelýän myhmanhanasyndan gaçyp gutuldy ýa-da onuň içinde gizlendi.

Maliniň esgerleri soň myhmanhana gatma-gat aýlanyp, arasynda hüjümçiler bilen atyşyp, zamunlaryň käbirini howpsuz ýere çykardylar.

Traore azyndan bir myhmanyň hüjümçiler goýbermezden öň, «musulmandygymy subut etmegim üçin, Kurandan aýat aýtdyrdylar» diýendigini gürrüň berdi.

2013-nji ýylda yslamçy ekstremistler ýurduň demirgazyk ýarymyny ele geçirip, merkezi hökümete wehim salanlaryndan soň, Fransiýa bu ýurda öz esgerleriniň saldamly bir kontingentini ýerleşdirdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG