Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Otly gatnawynyň ýatyrylmagyndan kösenýäris'


'Otly gatnawynyň ýatyrylmagyndan kösenýäris'
'Otly gatnawynyň ýatyrylmagyndan kösenýäris'

Aşgabatdan Lebap welaýatynyň Gazojak etrabyna göni gatnaýan otly gatnawynyň ýatyrylmagynyň, bu etraba gatnaýan ýolagçylarda käbir bökdençlikleri döredendigi habar berilýär.

Maglumata görä, mundan bir ýyl ozal Aşgabatdan Gazojak etrabyna gatnaýan otly Türkmenabat şäherinde saklanyp, soňra göni Gazojaga gidýärdi. Häzirki wagtda ýolagçylaryň ilki Türkmenabada bilet alyp, ondan soňra hem Gazojaga bilet satyn almaly bolýandygy, munuň hem dürli amatsyzlyklary döredýändigi bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bu mesele barada Lebap welaýatynyň Birata etrabyndan özüni Ogulgözel diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:05 0:00

XS
SM
MD
LG