Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: söweşijiler Gunduza hüjüm etdi


Owganystanyň Gunduz welaýatyndaky Owgan howpsuzlyk güýçleri. 28-nji sentýabr. 2015ý.
Owganystanyň Gunduz welaýatyndaky Owgan howpsuzlyk güýçleri. 28-nji sentýabr. 2015ý.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynyň merkezine şu gün, ýagny 28-nji sentýabrda söweşijiler hüjüm etdiler. Bu welaýatyň etraplarynyň 90%-den gowragynyň jeňçileriň kontrollygyndadygyny, ýerli resmiler boýun alýarlar.

Gunduz welaýatynyň merkezine edilen hüjümde söweşijileriň şäheriň ençeme sebitini, şol sanda merkezi döwlet keselhanasyny hem basyp alandygy habar berilýär.

Gunduz welaýatyndaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady ýörite maglumat taýýarlady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:34 0:00

XS
SM
MD
LG