Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow suda berler


"The Long Riders’ Guild" guramasynyň websaýtynyň baş sahypasy
"The Long Riders’ Guild" guramasynyň websaýtynyň baş sahypasy

"The Long Riders' Guild", Halkara atşynaslar birleşigi, tanymal atşynas Geldi Kärizowyň Türkmenistandan goýberilmezligi bilen baglylykda, türkmen prezidentiniň üstünden Haagadaky Halkara jenaýat suduna şikaýat etjegini duýdurýar.

"The Long Riders' Guild" guramasynyň direktory CuChullaine O'Reilly 7-nji sentýabrda Aşgabada, «Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň direktory Ýazgeldi Annaýewe hat iberip, ol hatyň nusgasyny Halkara günä geçiş guramasyna, Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasyna, “Crudeaccountability” guramasyna we Azatlyk radiosyna ýollapdyr.

"Eger Türkmenistan öz kanunlaryny äsgermezlige salyp, ynsanperwerçilik düzgünlerini bozmagyny dowam etdirse, “The Long Riders’ Guild” guramasy Haagadaky Halkara jenaýat suduna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy adam ogurlamak, bikanun bendi etmek we adam hukuklaryny bozmak aýyplamalary esasynda derňemäge çagyrar” diýip, hatda aýdylýar.

Berdimuhamedow "Utanç" tagtasynda goýlar

Şeýle-de bu gurama prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny özüniň “Utanç” tagtasynda ýerleşdirjegini, halkara Ahal-teke atlary jemgyýetçiligini bolsa, Türkmenistany baýkot etmäge, Aşgabatda geçirilýän ýyllyk Türkmen bedewi baýramyna gatnaşmakdan ýüz öwürmäge çagyrjagyny aýdýar.

«The Long Riders’ Guild» guramasynyň direktory özüniň syýasatçy däldigini we şu sebäpden öz kärdeşine, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň direktoryna ýüz tutýandygyny, onuň - Ýazgeldi Annaýewiň ýurduň prezidentiniň Geldi Kärizow baradaky kararyny üýtgetmegine belli bir derejede täsir ýetirmegine umyt baglaýandygyny aýdýar.

Geldi Kärizow
Geldi Kärizow

Golaýda çykan habarlardan mälim bolşuna görä, Geldi Kärizow biraz öň Orsýetiň wizasy bilen Türkmenistandan çykmaga synanypdy, Halkara atşynaslar guramasy ony Şweýsariýada geçýän ýyllyk maslahatyna çagyrypdy.

“Biziň düşünişimize görä, Geldi Kärizowyň we onuň maşgalasynyň ýurtdan çykmagyny gadagan eder ýaly kanuny sebäpler ýok” diýip, hatda aýdylýar.

«Soňky gowşan maglumatlara görä, Kärizow bikanun tussag edilýär. Munuň üstesine, ýurtdan gaýtmakçy bolanlarynda, Kärizowyň maşgala agzalaryna hüjüm edildi we fiziki ýara salyndy» diýip, CuChullaine O'Reilly hatyny dowam etdirýär.

Halkara atşynaslar guramasy türkmen hökümetiniň dünýäniň abraýly adam hukuklary guramalarynyň birnäçesi tarapyndan gaýta-gaýta edilen rehimdarlyk çagyryşlaryna baş galdyrmajagynyň tassyk bolandygyny aýdýar.

Hatda açyk aýdylmagyna görä, türkmen hökümeti Kärizowyň hatyrasyna halkara atşynaslar jemgyýetçiligi, dürli derejelerdäki ilçiler tarapyndan onuň gyssagly medisina bejergisine mätäçdigi barada edilen haýyşlara gulak asmakdan ýüz öwrüpdir.

«The Long Riders' Guild» guramasy golaýda ahal-teke atlarynyň tohumy boýunça giňişleýin ylmy-barlag işleriniň jemlenilip, neşir edilendigini hem habar berýär.

Bu işde Geldi Kärizowyň sowet döwründe ahal-teke atlaryny gorap saklamakda oýnan möhüm roluna hem ençeme sahypa bagyşlanypdyr. Hut şu kitabyň jemlemesinde hem Türkmenistanyň prezidentiniň garşysyna Haagadaky Halkara jenaýat sudunda iş gozgamak şikaýatynyň ediljegi duýdurylýar.

«Eger golaýda Aşgabat tarapdan hiç bir hereket bolmasa, Guild ahal-teke atlaryna halkara atçylyk gabawyny girizmekligi işläp-düzmäge başlar, Türkmenistanyň atlaryny syýasy gulçulygyň simwollary diýip yglan eder we prezident Berdimuhamedowy tussag etdirmegiň çäresini gözlär» diýip, halkara atşynaslar guramasy ýazýar.

«The Long Riders' Guild» dünýäniň dürli ýurtlarynyň iň tanymal atşynaslaryny, uzak aralyga at çapan, baý atşynaslyk tejribeleri bolan abraýly at ekspertlerini özünde jemleýär.

Bu guramanyň dünýäniň 45 ýurdundan agzasy bolup, olaryň arasynda Türkmenistandan Geldi Kärizow hem bar.

XS
SM
MD
LG