Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Zor bilen naharlamak - ilkinji kemsitme sapagydyr’


Çagalar gawun baýramçylygynda, Türkmenistan
Çagalar gawun baýramçylygynda, Türkmenistan

Çaga dünýä inen pursadyndan öz ene-atasyna doly garaşly bolýar. Bu onuň iýmitlenmegine-de degişli. Ene-ata çagasynyň ilkinji deminden başlap ony iýmitlendirmegiň aladasynda başagaý. Köplenç ene-atalar bu ugurdan eserdeňlik görkezip, işdäsi bolmadyk, ýa-da haýsydyr bir azyk önümini iýmäge höwessiz çaga islegine garşy zor bilen iýdirip başlaýarlar.

Şeýle ene-atalar köplenç çaganyň aç galmagyndan, onuň sagdyn ösmegi üçin haýsy-da bolsa bir peýdaly serişdelerden mahrum bolmagyndan howatyrlanýarlar ýa-da maddy mümkinçiligi bolman, garyplykdan çagasyna bar zady iýdirjek bolýarlar.

Emma psihologlar munuň çaga üçin zyýanlydygyny duýdurýarlar. Näme üçin?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu meseläniň ahlak tarapy barada orsýetli psiholog, çagalaryň terbiýesi barada ençeme geçginli kitaplaryň awtory Olga Mahowskaýa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Çaganyň iýmekden ýüz öwürýän naharlaryny iýdirmek oňa psihologiýa taýdan nähili täsir ýetirýär?

Olga Mahowskaýa: Gynansak-da, zor bilen iýmitlendirmek bütin dünýäde duş gelýän ýagdaý. Şu günki gün psihologlar muňa diňe bir fiziologiýa taýdan däl, eýse psihologiýa taýdan hem zorluk hökmünde garaýarlar. Sebäbi munuň bilen çaga öz islegine garşy gelýän bir zady etmäge mejbur bolýar. Zor bilen iýmitlendirmegiň berýän netijeleriniň biri - güýçli negatiwizm, ýagny geljekde islendik bir üýtgeşiklige islegsizlikdir, ondan ýüz öwürmekdir. Şeýle çaga täze bir zady öwrenmekden ýüz öwürýär. Meselem, her sapar täze bir zady öwrenmeli bolanda ýa-da mekdepde täze bir sapagy okamaly bolanda, çaga bilesigelijilik, höwesjeňlik görkezmegiň ýerine bökdenip durýar. Çaga ulalanda öz durmuşynda emosional kynçylyklary başdan geçirýär. Meselem dost, söýgüli saýlamak meselesinde karara gelmeli bolanda öz duýgusyna bil baglaman, köpçülikde ornaşan pikirlerden ugur alýar. Sebäbi ol eýýäm repressiýanyň pidasy. Umuman, iýmit ýaly, göräýmäge ýönekeý bir meselede emosionallygy – indiwiduallygy hem repressiýa edip, ýagny ýekirip, basyp ýatyryp bolýar.

Käbir ýurtlarda, meselem Fransiýada zor bilen iýmitlendirmek meselesi onçakly göze ilmeýär. Meniň pikirimçe, Fransiýada ene-atalar iýmit meselesinde öz çagalaryny dürli ideýalar bilen höweslendirýärler. Ene-atalar ilkibaşdan çaga iýmitlenmegiň dürlüligini, iýmitlenmegiň tomaşadygyny, açyşdygyny öz mysalynda görkezýärler. Bu ýurtda iýmite bolan medeniýete mahsus bir ýagdaý bolup, naharlanmak bilelikdäki oýun, ene-atalar bilen deň paýlaşylýan açyş, dürli reňklerden, öwüşginlerden doly dünýä bolup durýar. Fransiýada iýmitden diňe bir tagam taýdan lezzet alynman, onuň görkünden hem buýsanja uly üns berilýär. Olar iýmit barada nahar başyna geçilmänkä uzak wagt öňünden gepleşip başlaýarlar. Nahar başynda gürrüň etmegiň ähmiýeti-de garny doldurmakdan has uludyr.

Azatlyk Radiosy: Çagalary zor bilen iýmitlendirmek tejribesiniň düýp sebäplerini siz nämede görýärsiňiz?

Olga Mahowskaýa: Biziň iýerarhiýa, basgançyk görnüşli düşünjämiz bar we ol ulularyň diýeninden çykmazlyk dessurlaryna esaslanýar. Bizde ene-atalar özlerini maşgalada esasy adamlar hökmünde duýýarlar, şonuň üçin çagalara has pes derejeli adamlar hökmünde seredýärler. Çagalar buýruklary berjaý etmäge türgenleşdirilýär, ol ýokardakylaryň diýenini etmese, öý ”dedowşinasyna”, ýagny agasyramasyna duçar bolup, berk sapak alýar we çydamagy öwrenýär. Bu ýagdaý iýmit meselesine hem degişli.

Zor bilen iýmitlendirilýän çaga ilkinji kemsitme sapagyny alýar. Çaganyň öz-özüne berýän bahasy peselýär, sebäbi çaga öz islegleriniň, özüni duýşunyň hiç kimi gyzyklandyrmaýandygyna göz ýetirýär. Çaga ene-atanyň näme üçin özlerini şeýle alyp barýandygyna düşünmese-de, uly adamlaryň islegleriniň we ol islegleri berjaý etmegiň möhümdigini kabul etmeli bolýar. Şeýdip çaga ene-atanyň göwnüni tapmaga mejbur bolýar, olaryň isleglerini öňünden aňmaga çalyşýar. Olaryň göwnünden turmakdan başga alajy galmaýar. Şeýlelikde çaganyň özünden has güýçli adamyň peýdasyna öz isleglerinden ýüz öwürmäge taýýarlygy şahsyýetiň maňzyna ornaýar. Azyk metaforasy barada aýdylanda, iýmitde erkinlilige ýeterlik ähmiýet bermezlik bilen biz çaganyň özüni, adamyň şahsyýetini we onuň islegli bolmak hukugyny, aýratynlyklaryny ýok edýäris.

Azatlyk Radiosy: Çagany zor bilen naharlamaga ýykgyn etmek maşgalalaryň maddy mümkinçiliklerine nädereje bagly diýip pikir edýärsiňiz?

Olga Mahowskaýa: Bu ýerde bellemeli zat bar, hatda bolçulyk döwründe ulalan ene-atalar-da öz çagalaryny zor bilen iýmitlendirýärler we bu patriarhal, meniň pikirimçe, hatda wagşyçylykly usuly giňden ulanýarlar. Bu sowet tejribesi-de däl. Bu primitiw gurluşly we iýerarhiýa, ýagny ulynyň, güýçliniň diýenini etmeklige esaslanýan jemgyýetiň önümi. Bu ýagdaý ulynyň çaga özi bilen deň adam hökmünde garamaýan jemgyýetlerine mahsus. Umuman, çaga deň adam, oňa ösýän şahsyýet hökmünde, ilkinji nobatda hormata mynasyp şahsyýet hökmünde garamaga esaslanýan düşünje diňe ýaňy-ýakynlarda giňden orun tutup başlady. Iýmitiň ahlak-medeni gymmatlyklaryň sanawynda iň soňky orunlarda goýulmagy orta asyr düşünjesidir. Çaganyň indiwiduallygy içki dünýäsiniň özboluşlylygy onuň iýmitiň hem dürlüligine düşünmeginden başlanýar. Çaga iýmit arkaly dünýäniň tagamyny dadyp görýär. Meseläniň maddy tarapyna seredenimizde, umuman, garyplyk çaganyň fiziki we psihologiki ösüşi üçin gowy zat däl. Sebäbi iýmitiň ýetmezçiliginde çaganyň aç galmagy bilen bagly töwekgelçilik döreýär. Ýöne men çaganyň iýmitlendirilmegini ilkinji nobatda medeni mesele, ýagny çaga bu durmuşy kabul etmegiň, bagtly bolmagyň usullaryny öwretmegiň meselesi diýip hasap edýärin.

XS
SM
MD
LG