Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Syýasat hususy eýeçilige böwet salýar'


Oba ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Lebap welaýaty
Oba ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Lebap welaýaty

Türkmenistanda indiki ýylyň bugdaý hasyly üçin ekin ekildi. Resmi maglumatlarda şu ýyl plana ýakyn möçberde hasyl alnyp, onuň 1 million 400 müň tonna ýetendigi aýdyldy.

Emma galla öndürijiler şu ýyl ýetişdiren gallasynyň özlerine az girdeji getirendigini aýdýarlar we munuň esasy sebäbini galla öndürmek üçin daýhanlaryň ýer kärendesiniň we bugdaýyň söwdasy bilen bagly düzgünleriň doly hökümetiň garamagynda bolmagy, şeýle-de bugdaýyň nyrhynyň döwletiň kesgitlemegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ýer önümçiliginde ykdysady erkinlige, hususyýetçilige näme sebäpden ýol bermeýär?

Azatlyk Radiosy bu sowal bilen türkmen ykdysadyýetçisi, öňki wise-premýer, Merkezi bankyň öňki ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazowa ýüzlendi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:24 0:00

XS
SM
MD
LG