Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Krym tatarlaryna duýduryş berdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öten ýyl Ukrainadan basylyp alnan Krym ýarymadasynda milli azlyk bolup ýaşaýan krym tatarlaryna aýratyn milli status almak ugrunda çalyşmaň diýip duýduryş berdi.

Yslam dinine uýýan tatarlar Krymyň ilatynyň on prosentden gowragyny düzýär. Ikinji jahan urşunda sowet diktatory Iosif Stalin tarapyndan köpçülikleýin sürgüne sezewar edilenini ýatdan çykarmadyk bu azlyk millet öten ýyl Orsýetiň ýarymadany basyp almagyna garşy çykdy. Krym anneksiýa edilensoň, täze häkimiýetler özara gatnaşyklary düzetmek meselesinde krym tatarlaryna gysyş görkezip başladylar.

Turizm hem ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak üçin üç günlük sapar bilen Kryma baran Putin17-nji awgustda dürli azlyk milletleriň, şol sanda tatarlaryň hem wekilleri bilen duşuşdy.

“Ynjyk mesele”

"Etnigara gatnaşyklar bir ynjyk mesele. Men belli bir millete aýratyn hukuklaryň haýsydyr bir görnüşiniň berilmegi baradaky pikirleri gaty howply hasaplaýaryn" diýip, Putin bu ugurdan öz pikirini öňe sürdi.

Putiniň çaklamasyna görä, çet ýurtlar ýarymadada orslardan we ukrainlerden soňra san taýdan üçünji derejedäki topar bolan krym tatarlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny çişirmek bilen "ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak" üçin hukuk aktiwistlerini maliýeleşdirýärler. Moskwa muňa ýol bermez - diýdi.

"Gürrüňiň kimler barada gidýändigini siz we men gaty gowy bilýäris. Özlerini hukuk ugurda professional göreşiji hasaplaýan adamlar bar" diýip Putin belledi. Ol soňra hem: "Olar daşary ýurtlardan sylag-serpaý alyp, şolar tarapyndan ykrar edilip, öz ambisiýalaryny, şol sanda syýasy ambisiýalaryny-da amala aşyrmak isleýärler" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

“Orsýetiň aýnasy”

Putin "Krym aslynda köp milletli Orsýetiň aýnasy bolup durýar. Orsýetiň ähli ýerinde bolşy ýaly, biz bu ýerde döwlet häkimiýetleriniň we graždan jemgyýetiniň tagallalaryny birikdirmek bilen has uly asudalygy hem agzybirligi döretmäge aňrybaş, üýtgewsiz üns bermeli" diýdi.

"Şol sebäpden men siziň bilen bolan bu duşuşygy juda ähmiýetli hasaplaýaryn" diýip, ol krym tatarlary bilen bolan duşuşykda nygtady.

Tatarlara çemeleşişi sebäpli Orsýet Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Geňeşi, şeýle hem Türkiýe tarapyndan tankytlandy.

Tatarlar 1944-nji ýylda köpçülikleýin sürgün edileli bäri Moskwa ynam edenoklar. Olar Sowet Soýuzy 1991-nji ýylda darganyndan soň topar-topar bolup, Kryma dolanmaga başladylar. Ukrainanyň çäklerinde medeni miraslarynyň gaýtadan dikelip ugramagyna guwandylar.

Telekanaly ýapdy

2014-nji ýylyň mart aýynda bolan anneksiýadan soň Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri tatarlaryň esasy ýygnagy bolan Mejlise hüjüm edip, olary öz resmi binasynda diýdimzorluk bilen çykardy. Orsýet şeýle hem tatarlaryň telekanaly ATR-niň sesini sem etdi.

Ýerli tatar aktiwistleriniň ençemesi öldürildi, urlup-ýenjildi ýa ýitirim boldy diýip habar berilýär. Olaryň iki sany ýokary derejeli liderine Kryma barmak gadagan edildi.

Ýaňy mart aýynda Orsýet ýarymadany basyp alanyndan bir ýyl soň Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti ýarymadada adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, ylaýta-da tatarlaryň esasy erkinliklerden mahrum edilýändigini aýtdy.

Moskwa tatarlary öz tarapyna çekmek üçin käbir barlyşykly hereketleri hem etdi. Ol Staliniň döwründe ejir çeken beýleki milletleriň hatarynda tatarlaryň hem hukugyny dikeltdi. Olaryň diline resmi dil statusyny berdi.

Putin öz saparynda köp wagt bäri Krymda ýaşaýan tatarlara ors raýatlygyny bermegi wada etdi.

Moskwa Kiýewe ygrarly tatarlaryň Krymda iş alyp barmagynyň öňüni almaga synanyşmak bilen birlikde Kreml bilen hyzmatdaşlyga meýilli täze tatar toparyny döredip, ony ösdürmäge çalyşýar.

Görkezilýän gysyşlar bilen berilýän wadalar Orsýete garşy durmalymy ýa onuň bilen oňuşmalymy diýen soragda krym tatarlarynyň arasyna bölünişik salýar.

XS
SM
MD
LG