Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylaryň pul geçirmek horlugy


Nobata duran ýaşaýjylar.
Nobata duran ýaşaýjylar.

Türkmenabadyň Senagat we Garagum banklarynyň öňi şu günler uly toý märekesini ýatladýar. Her gün 100-lerçe adam banklaryň öňünde nobata durýar, olaryň aglabasy daşary ýurtlara pul ibermekçi bolýan adamlar.

Beýle ýagdaýlara öňem duş gelnerdi, emma adamlaryň sany boýunça, häzirki nobatlar adaty bolmadyk ýagdaý. Bu indi ençeme günden bäri dowam edýär.

Bu nobatlaryň emele gelmeginiň sebäpleri barada resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili takyk maglumat berlenok. Emma nobata duran adamlaryň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, edil şu günki gün daşary ýurtlara pul ugratmaklygyň köpelen wagty. Sebäbi edil şu günlerde daşary ýurtlarda okaýan talyplar dynç alşa çykyp, öýlerine gaýdýarlar.

Nobatlardaky adamlaryň sany

Şol banklaryň öňündäki nobatlaryň günüň dowamynda 200 adama çenli baryp ýetýän wagtlarynyň bolýandygyny şol ýere ýygnanyşan adamlar aýdýarlar. Pul şol banklarda ýerleşýän Western Union arkaly ugradylýar.

Adynyň agzalmagyny islemedik bank işgäri, Western Union bilen pul geçirmekligiň häzirki pursatda öňküden birneme kynlaşandygyny aýtdy. Emma, “munuň sebäbi näme?” diýilen soraga ol hem jogap berip bilmedi ýa jogap bermek islemedi.

Döreýän problemalar

Sebäbiniň nämedigine garamazdan, bu nobatlaryň indi ençeme günden bäri dowam etmegi, dürli problemalaryň döremegine sebäp bolýar. Adamlar nobaty ýetýänçä azyndan ençeme sagat aýak üstünde garaşmaly bolýarlar. Howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusa çenli baryp ýetýän häzirki günlerinde, bu käbir halatlarda pajygaly ýagdaýlara hem getirýär.

Ençeme gezek nobat kynçylygyny başdan geçiren, häzirem nobata duran we özüni Jennet diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly gelin, şaýady bolan bir wakasy barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Ýakyn günlerde, nobata garaşyp durkak, orta ýaşlaryndaky bir adam yssa çydap bilmän, özünden gitdi. Şeýle-de kimdir biriniň ýany bilen gelen oglanjyk hem gaýtaryp başlansoň, doktora alnyp gidildi, şeýle ýagdaýlar her gün diýen ýaly ýüze çykýar”.

“Pursatçylar”

Howanyň gyzgynlygy mundan beýläk barha artar, şeýle gyzgyn howada nobata durýanlar garaşar ýaly kölegeli ýer hem döredilmändir. Şeýlelikde bu ýagdaý käbir “pursatçylar”, ýagny peýdakeşler üçin pul gazanmak mümkinçiligini hem döredýär.

Meselem, käbir adamlar ýörite nobata durup, öz nobatlaryny pula satýarlar, şeýlelikde pullurak adamlar gelýärler-de, öz nobatyna garaşman, banka girýärler.

Nobata duran adamlaryň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňlerinden çen tutulsa, bu ýagdaýa, bu bidüzgünçiligi edýän adamlaryň “towugyna tok” diýýän ýok.

Bankyň garawullary

Ondan başga-da, bankyň garawullary-da käte, para alyp, adamlary banka binobat salýarlar. Garaz kösençlik bilen bir hatarda, il arasynda dürli myş-myşlaram kän. Resmi häkimiýetler bolsa bu meselä baş galdyrmaýarlar.

Etraplardan gelýän adamlary göz öňünde tutup aýdanymyzda, bu ýagdaý olara hasam erbet täsir edýär. Olar, öz etraplarynda daşary ýurtlara pul ibermek mümkinçiligi bolmansoň, şu maksat bilen Türkmenabada gelýärler. Öz ogul-gyzlaryna pul ibermek üçin adamlar gaty uzak ýollary geçmäge mejbur bolýarlar. Çünki käbir etraplar Türkmenabat şäherinden 200-250 kilometer uzaklykda ýerleşýär.

Şeýlelikde etrapdan gelen bir adamynyň pul ibermek üçin bir günden artyk wagt sarp etmeli bolýan gezekleri-de seýrek däl. Bu ýagdaý ýylyň-ýylyna şeýle, özi-de etrap ýolbaşçylarynyň gözüniň öňünde bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG