Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý: Putin hiç zatdan gaýtmaz


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Russiýanyň oppozision liderleriniň biri Alekseý Nawalnyý prezident Wladimir Putiniň öz “häkimiýet monopoliýasyny” berkitmek üçin hiç zatdan gaýtmajakdygyny aýtdy. Şeýle-de Nawalnyý Putiniň özüni we öz ýaranlaryny baýlaşdyrmak maksady bilen Ukraina garşy urşa başlandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy we “Amerikanyň Sesi” tele-radio korporasiýasynyň bilelikdäki geçiren interwýusynda Nawalnyý: “Men onuň [Putiniň], ölmezinden öň ýadro düwmesine basyp, bütin dünýäni özi bilen gabra äkitmejegine umyt edýärin” diýdi.

28-nji maýda geçirilen söhbetde Nawalnyý: “Emma men onuň Orsýet häkimiýetiniň çür başynda galmak üçin mundan beýlägem elinden gelenini etmezligi üçin ony saklajak hiç hili böwet görmeýärin” diýip nygtady.

Nawalnyý Putini gündogar Ukrainadaky separatistleri goldap, ahlaksyz urşy tutaşdyrmakda aýyplady. Geçen ýylyň aprelinde başlanan konfliktde häzire çenli 6 müň 100 töweregi adam öldi. Nawlnyý Kremliň bu ýaragly konfliktdäki roluny “jenaýat” diýip atlandyrdy.

Nawalnyý “Bu bir syýasy ýalňyş däl. Bu – Russiýa Federasiýasyna we rus adamlaryna garşy edilen jenaýat boldy. Bu halkara derejesindäki etmiş boldy” diýip belledi.

Moskwa Günbataryň we Kiýewiň özüniň gündogar Ukrainadaky separatistleri ýaragdyr esgerler bilen üpjün edýändigi baradaky aýyplamalaryny inkär edip gelýär. Kreml Kiýewiň hökümetine garşy çykýan separatistler bilen birlikde söweşýän russiýalylaryň ol ýere meýletin gidýändikleirini öňe sürýär.

Nawalnyý bu barada şeýle diýdi: “Biz Ukrainadaky urşy kimiň başlandygyny gaty gowy bilýäris. Bu – Putin we onuň töweregi. Ol muny güýç monopoliýasyny saklamak we baýamak üçin etdi”.

Putiniň ýiti tankytçysy Nawalnyý 2011-2012-nji ýyllarda Moskwada geçirilen hökümete garşy protestleri gurnamak ugrunda tagalla edipdi. Ol 2013-nji ýylda Moskwanyň häkiminiň wezipesi ugrundaky saýlawlara gatnaşanda, sesleriň 27%-ni alyp, Kreml tarapyndan goldanylýan Sergeý Sobýaninden ýeňlipdi.

Nawalna ogurlyk aýyplamalary esasynda iki şertli tussaglyk hökümi berildi. Nawalnynyň tarapdarlary aýyplamlaryň esassyzdygyny aýdyp, bularyň Nawalnydan ar almak üçin toslanyp tapylandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG