Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýrylýan antenna derek näme hödürlenýär?


Aýrylan antenna, Aşgabat, 25-nji fewral, 2015
Aýrylan antenna, Aşgabat, 25-nji fewral, 2015

Häzirki wagtda paýtagtyň birnäçe raýonlarynda çanak antennalary aýrylýar we onuň ýerine adamlara iki mümkinçilik hödürlenýär, ”AşTu-nyň” telefon liniýalary arkaly berilýän telekanallar we ”Türkmentelekomyň” eýeçiliginde tamlaryň üçeklerine oturdylan antennadan çekilen teleýaýlymlar.

Ünsi özüne çekýän esasy ýagdaý bu iki edaranyň hem hökümetiň eýeçiliginde hereket etmegi we şol liniýalardan halk köpçüligine hödürlenýän telekanallaryň, operator, ýagny ony hödürleýiji edara tarapyndan kesgitlenmegi.

Çanak antennalaryň ornuny tutmaly we "Türkmentelekom" tarapyndan hödürlenýän bu hyzmat 2007-08 ýyllarda hödürlenip başlanypdy. Ilkibaşda ”Türkmentelekomyň” bu hyzmaty häzirki ýaly giň gerime eýe bolman, diňe protokol köçeleriň käbir ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýardy.

Kabel telewideniýe

Emma häzirki döwürde Aşgabadyň Parahat-1-2, 6, 5-de we 30-njy mikroraýonda köçeleriň gyralaryndaky ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryndaky we üçeklerindäki çanak antennalary aýryldy. Olaryň deregine “Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň kabel telewideniýe diýip atlandyrylýan hyzmaty hödür edilýär.

Bu kabel telewideniýe ýaşaýyş jaýlaryndaky çanak antennalarynyň sanyny azaldýar. Häzirki döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde kömelek ýaly bolup görünýän ýüzlerçe antennalar, 3-4 sany antenna bilen çalşylyp, şolardan her bir öýe kabel çekilýär.

"Türkmentelekomyň" bu antennalary köplenç ”Yamal 90”, ”Türksat” we ”Hotbird” sputniklerine bakdyrylan. Bu antennalardan, esasan, Türkmenistanyň, Orsýetiň, Türkiýäniň we kabir beýleki daşary ýurtlaryň telekanallaryna tomaşa edip bolýar.

”AşTU-nyň” IPTW-si

Agzalan ”Türkmentelekomyň” kabel diýlip atlandyrylýan hyzmatyndan başga çanak antennalaryň ornuny tutmaly ikinji alternatiw bolsa, Aşgabadyň telefon ulgamy döwlet edarasynyň ýa-da ”AşTU-nyň” IPTW diýlip atlandyrylýan hyzmaty.

2013-nji ýylyň noýabr aýynda girizilen bu hyzmat adaty telefon liniýa arkaly ýaýradylýar. ”AşTU-nyň” bu IPTW hyzmatynyň pleýlistine girizilýän telekanallary operator, ýagny hökümete degişli bolan şol edara kesgitleýär.

”AşTU-nyň” IPTW pleýlistinde 102 sany kanal bolup, şolaryň 4 sanysy Türkmenistanyň radiokanallary. Türkmenistanyň 7 sany telekanalyndan başga IPTW-niň pleýlistindäki telekanallaryň aglabasy Orsýetiň we Türkiýäniň telekanallary.

Bu pleýlistde Ýewronews, BBC, Aljazira ýaly käbir beýleki daşary ýurt telekanallary häzirlikçe görkezilýär, emma Azatlyk Radiosyny diňläp bolmaýar, ol ýörite edilipmi ýa tehniki säwlikmi, bu barada häzirlikçe bir zat diýmek kyn.

Mundan başga-da paýtagtyň köp raýonlarynda bir telefon boýunça bir telewizory ”AşTU-nyň” IPTW hyzmatyna birikdirip bolýar. Ýaňy ýakynda bu kärhana müşderiniň ikinji ýa-da ondanam köp nokatlary ýa-da telewizorlaryny IPTV hyzmatyna birikdirip biljekdigini yglan etse-de, häzirlikçe bu mümkinçilikden diňe “elitka” diýip atlandyrylýan ýaşaýyş jaýlaryň ýaşaýjylarynyň peýdalanyp bilýändiklerini ”AşTU-nyň” adynyň tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar.

“Bu jaýlarda internet kabelleri çekilen. Şol sebäpden olara 5-6 sany dagy IPTV nokadyny çekip bolýar. Beýleki raýonlardaky jaýlarda bolsa kabeller köne” diýip, AşTU-nyň adynyň tutulmagyny islemedik işgäri gürrüň berýär.

”AşTU-nyň” IPTV-siniň signalynyň kesilip durýan mahaly hem seýrek däl. Kämahal 10-15 minutlap signal ýitýän bolsa käwagt ýarym sagatlap signala garaşmaly bolýandygyny müşderileriň käbirleri aýdýarlar.

Emma bu kemçiliklere garamazdan, ”Türkmentelekomyň” kabel telewideniýesi we ”AşTU-nyň” IPTW hyzmatlarynyň paýtagtda ýakyn geljekde çanak antennalaryň ýerini eýelemegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG