Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Polisiň derdinden öýden çykyp bolanok"


Türkmenistan, polisiýa ofiserleri iş wagtynda, 2013 ý.
Türkmenistan, polisiýa ofiserleri iş wagtynda, 2013 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy ýanwarda geçiren geçiren hökümet maslahatynda ýurduň baş prokurorynyň beren hasabatyny diňläp, korrupsiýa meselesinde «ýüz görmezden, adamyň haýsy wezipede işleýändigine garamazdan, geljekde hem berk göreş alnyp baryljagyny» aýtdy.

«Bu ugurda günäkär adamlaryň hiç biri temmisiz galaryn ýa-da jogapkärçilikden syparyn öýdüp pikir etmesin» diýip, türkmen lideri Ministrler kabinetiniň agzalaryna, häkimlere we ýolbaşçylara ýüzlenip aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda işleýän türkiýeli işçiler özleriniň we tanyş-bilişleriniň başdan geçirenlerinden mysal alyp, türkmen polisiýasynyň açgözlügi we ýurtda giň ýaýran para-peşgeş medeniýeti zerarly hem daşary ýurtlularyň, hem ýurduň öz ilatynyň uly kösençliklere sezewar bolýandygyny aýdýarlar.

«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň şu tema bagyşlanan ýörite sanyny diňläp, bu ugurdaky pikirleriňizi, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

"Polisiň derdinden öýden çykyp bolanok"
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG