Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistana sapar edýän Owganystanyň prezidenti bilen türkmen lideriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk, şeýle-de giňeldilen görnüşde bolan gepleşiklerde iki ýuduň özara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada gürrüň edildi.

Türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň üstünde durlup geçilip, öten ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň jemi görkezijisiniň $1 milliarddan hem geçendigi aýdyldy.

Gepleşiklerde energiýa meseleleri barada hem gürrüň edilip, Lebapda we Maryda elektrostansiýalaryň gurlup gutarylmagy bilen, Owgansytana akdyrylýan türkmen elektro-energiýasynyň möçberini 500 megawata çenli ýetirmäge mümkinçilik döreýändigi bellenildi.

Prezident G.Berdimuhamedow ýakyn geljekde Türkmenistanyň hasabyna Owganystanda gurulmagy göz öňünde tutulýan obýektler barada hem söz açdy.

Türkmen prezidenti Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgunly şäherçesinde 20 orunlyk çaga dogrulýan öýi, Jöwüzjan welaýatynyň Şybyrgan şäherinde 300 orunlyk ýetim çagalar üçin öýi, Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akgine ilatly nokadynda 1 müň orunlyk metjidi, Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň ýöriteleşdirilen “Türkmenistan” dükanyny açmak barada hem pikir alşylandygyny aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti Owganystana gumanitar hemaýatyň: azyk önümleriniň we okuw esbaplarynyň hem ugradyljakdygyny yglan etdi.

Proýektler

Türkmen-owgan gepleşikleriniň çäginde gurulmagy göz öňünde tutulýan TOPH, ýagny Türkmenistan-Owgansytan-Paksitan-Hindistan gazgeçirijisiniň proýekti barada hem gürrüň edildi. Taraplaryň ikisi-de onuň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Goňşy iki ýurduň resmileri transport ulgamy barada hem gürrüň edip, planlaşdyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol ulgamy, şeýle-de Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe tranzit gatnawyny ýola goýmak mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.

Türkmen-Owgan gepleşiklerinden soň degişli edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ençemesine gol goýuldy.

Aşraf Ganiniň türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistana geçirýän bu saparynyň çäginde howpsuzlyk meseleleriniň hem maslahat edilendigi habar berilýär.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 21-nji fewralynda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasyndaky serhediň uzynlygy 744 km deňdir.

XS
SM
MD
LG