Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetden Türkmenistanyň enjamlary 'alyndy'


Türkmenistanly serhetçiler
Türkmenistanly serhetçiler

Türkmen-owgan serhedinini berkitmek maksady bilen serhetde garym gazyp, simagaç dikýän türkmenistanly toparyň gurluşyk enjamlarynyň nämälim adamlar tarapyndan alnyp gidilendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Bu wakanyň soňky iki günlükde Jowzjan welaýatynyň Hamýab etrabynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Çöpli Depe obasynda bolandygy aýdylýar we alnyp gaýdylan enjamlaryň arasynda sim, dürli demir predmetler, abzallar bilen bilelikde traktor ýaly has uly tehniki enjamlaryň hem bardygy aýdylýar. Şol gurluşuk enjamlarynyň Owganystan tarapyna alnyp gidilendigi hakda gürrüňler bar.

Bu barada ýokary derejeli owgan resmileri tarapyndan henize çenli hiç hili maglumat berilmedi, Türkmenistan tarapyndan hem bu mesele bilen baglylykda henize çenli hiç hili resmi maglumat ýok. Emma bu habary Jowzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Abdyl Kadyr Maliýe tassyklady.

“Hamýapda olaryň birazrak simlerini-zadyny alyp gaýdypdyrlar, yzyna eltip bermändirler” diýip, owganystanly resmi Maliýe Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Serhetde garym gazmak bilen meşgullanýan türkmen toparyna degişli we alnyp gidilen şol gurluşyk enjamlarynyň takyk sany, möçberi we nähili enjamlardan ybaratdygy hakda hem henize çenli jikme-jik maglumat berlenok.

Ýerli ilat tassyklady

Emma wakanyň bolandygy baradaky habar deputat Maliýe bilen bir hatarda Hamýabyň ýaşaýjylarynyň we il ýaşulularynyň ençemesi tarapyndan tassyklandy. Şeýle-de wakanyň nähili ýagdaýda we günüň haýsý sagatlarynda bolandygy hakda hem resmi bolmadyk dürli maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen-owgan serhedinde garym gazmak bilen meşgullanýan topar bilen baglanyşyklydygy aýdylýan bu waka, soňky döwürlerde serhediň owgan tarapynda ýaşaýan adamlaryň, Türkmenistanyň gazýan garymynyň we dikýän simagaçlarynyň käbir ýerlerde Owgan topragyndan geçýändigi barada bildirilen garşylykly pikirleriniň yz ýany bolup geçdi.

Geçen hepde käbir ýerli owgan resmileri, Türkmenistanyň serhetde alyp barýan garym gazmak işlerine garşylyk bildirip, bu barada ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylary bilen gepleşiljekdigini aýdypdylar.

Maliýe bu barada geçen hepde Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Türkmenistanyň sim çekýän territoriýasyndan käbir bölekleriniň owgan topragyny öz içine alýandygyny we bu meselede Mazary-Şerifdäki Türkmen konsullugy bilen habarlaşylandygyny aýdypdy.

Gepleşikler

Owgan deputaty Maliýe bu barada şeýle diýýär: “Türkmenistan birnäçe wagtdan bäri garym gazýar, derýa alyp, biziň jaýlarymyz aňyrda galan. Iki hökümetiň arasynda protokol diýen bir zat bolýar, garym gazýanlyklary barada bizem gepleşip gördük. Türkmen konsuly bilen gepleşip gördük, olaram bizler göreris diýýär”.

Jowzjan welaýatynyň Garkyn etrabynyň ýerine ýetiriji häkimi Muhammet Sahy Yhsan Türkmenistanyň garym gazýan käbir etraplarynyň ençeme kilometere çenli Owganystanyň territoriýasyna aralaşandygyny we Aşgabadyň bu hereketini owgan resmileri bilen ylalaşmazdan amala aşyrýandygyny gürrüň beripdi: "Türkmenistanyň garym gazýan ýerleri garkyn halkynyň mirasy ýerleri. Olaryň serhedi häzirki döwürde garym gazylýan ýerden 15 kilometr aňyrda ýerleşýär. Türkmenistanyň edýän işi bize nusga edip dur. O taýda biziň malymyzy goýmasa, ýakar ýaly odunymyzy bermese, bizler nirä gideris, nirä geçeris?“.

Aşgabat türkmen-owgan serrhedinde garym gazmak we sim çekmek işine mundan ençeme aý ozal başlapdy, bu ädim Owganystanda ýerleşýän söweşijiler toparlarynyň şu ýylyň dowamynda iki gezek serhetden geçip, Türkmenistanyň teritoriýasynda alty sany türkmen serhetçisini atyp öldürmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan serhetçileriň ölümi, owgan serhedinde garym gazýandygy baradaky habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär. Bu wakalaryň ählisi demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşýan pursatynda bolup geçýär.

Ýatladyp geçsek, bu ýyl Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek üçin iş alyp barýan halkara güýçleriniň aglaba bölegi Owganystany terk edýärler.

XS
SM
MD
LG