Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel: Russiýa halkara kanunçylygyny bozýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Russiýanyň öz Ukrainadaky hereketleri bilen halkara kanunçylygyny bozýandygyny we Ýewropadaky parahatçylyga howp salýandygyny aýtdy. Merkel bu meseläniň çözgüdini tampak üçin Günbataryň “sabyr-takatly” hereket etmelidigini hem belledi.

Merkel 26-njy noýabrda Germaniýanyň parlamentinde eden çykyşynda “Russiýanyň Krymy basyp almagyna, şeýle-de onuň gönümel ýa-da gytaklaýyn Donetskdäki we Luganksdaky söweşlere gatnaşmagyna hiç hili düşündirişiň ýa-da aklamanyň bolup bilmejekdigini” nygtady.

Bundestagda eden çykyşynda Merkel “Russiýa öz hereketleri bilen Ýewropanyň parahatçylykly durmuşyny sorag astynda goýdy we halkara kanunçylygyny bozdy” diýdi.

Şol bir wagtda-da Germaniýanyň kansleri Russiýanyň döreden problemalarynyň tiz bitjek çözgüdiniň ýokdugyny hem aýtdy. Merkel “Russiýa bilen dialog esasynda diplomatiki çözgütleri tampak üçin” Germanýanyň ähli mümkinçilikleri ulanjakdygyny aýtdy.

Sanksiýalar

Merkel 5-nji sentýabrda gelnen ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, söweşleriň dowam edýändigi sebäpli, Russiýa garşy girizilen ykdysady sanksiýalaryň “üýtgewsiz galjakdygyny”, şol bir wagtda-da “Ukraina ykdysady we syýasy goldawyň beriljekdigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

Russiýanyň we Germaniýanyň ozalky ýakyn biznes gatnaşyklary Ukrainadaky krizisden soň berk sarsdy.

Ýakynda Kiýewe we Moskwa sapar eden Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier aprel aýyndan bäri Ukrainda 4300 adamyň ölümine getiren konfliktiň çözgüdini tapmakda göwün diýerlik öňegidişlik gazanyp bilmändi.

Merkeliň çarşenbe güni eden çykyşyndan bir gün öň ukrain resmileri Orsýetiň gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistleri goldap, olara ýarag ugradýandygy baradaky täze aýyplamalary öňe sürdüler.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ýewhen Perebýinis 24-nji noýabrda Ukrainanyň territoriýasyna agyr tehnikanyň bäş hatarynyň girendigini mälim etdi. Ol: “Rus tarapy Donetskdäki we Luganskdaky terrorçylykly guramalary agyr ýaraglar bilen üpjün etmegini dowam etdirýär” diýdi.

Russiýa, Kiýewiň we NATO-nyň öňe sürýän aýyplamalaryna garamazdan, Ukrainadaky separatistlere gönümel harby goldaw bermeýändigini tekrarlap gelýär.

XS
SM
MD
LG