Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolagçy transporty gymmatlaýar


Paýtagtdaky demirýol wokzalynyň sorag-jogap bölüminde aýdylyşy ýaly, otly biletleriniň bahasy 100% töweregi ýokary galdyrylypdyr.
Paýtagtdaky demirýol wokzalynyň sorag-jogap bölüminde aýdylyşy ýaly, otly biletleriniň bahasy 100% töweregi ýokary galdyrylypdyr.

1-nji noýabrdan demirýol ýolagçy gatnawynyň ýol kireýiniň nyrhy ýokary galdyryldy. Paýtagtdaky demirýol wokzalynyň sorag-jogap bölüminde aýdylyşy ýaly, otly biletleriniň bahasy 60-70% töweregi ýokary galdyrylypdyr.

Mysal üçin, Türkmenbaşa çenli kupe bilediniň bahasy ozal 13 manat bolan bolsa, indi 21 manat 71 teňňe, ol şähere plaskart wagonynda gitmek üçin öň 9 manat tölenen bolsa, indi 12 manat 10 teňňe tölemeli. Türkmenabada bolsa indi kupe wagonda 24 manada, plaskartda bolsa 13 manat 50 teňňä gidip bolýar.

Aşgabat-Mary aralygynyň plaskart wagona bilediniň ozal 7 manat bolandygyny, häzir bolsa 10 manada galdyrlandygny, kupe wagonlaryň ozal 9 manat bolsa, indi 17 manat bolandygy baradaky maglumaty paýtagtyň demirýol wokzalynyň sorag-jogap bölüminden alyp bolýar.

Mundan başga-da şu aýdan şäherara gatnaýan awtobuslaryň hem ýol kireýi ýokary galdyryldy. Paýtagtda täze açylan awtoterminalda berlen maglumata görä, bu hili awtobus gatnawynyň biletleriniň nyrhlary 50% ýokary galdyrylypdyr.

Mysal üçin, öň Türkmenbaşa bilediň bahasy 20 manat bolan bolsa, indi 31 manat bolupdyr. Türkmenabada gitmek üçin ozal 21 manat tölenen bolsa indi 32 manat tölemeli. Daşoguza bolsa 31 manada gidip bolýar.

Häzirlikçe otly we awtobus nyrhlarynyň ýokary galdyrylandygy barada köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili habar ýa-da düşündiriş berilmedi.

Biletleriň nyrhlarynyň ýokary galdyrylandygy barada ýörite bildirişler ne paýtagtyň demir ýol wokzalynda, ne-de otly biletleri satylýan Halkara awtobus terminalyndaky kassalarda asylypdyr. Şonuň ýaly-da şäherara awtobus gatnawynyň ýol kireýiniň nyrhlarynyň galdyrylandygy baradaky bildirişler hem göze ilmeýär.

Nyrhlaryň ýokary galdyrylandygyny ýolagçylar bilet satylýan kassalaryň işgärlerinden bilýärler. Ýol biletleriniň gymmatlamagynyň sebäplerini düşündirmeklerini haýyş edýän ýolagçylara bolsa kassalardaky bilet satyjylar “bilemzok” diýip jogap berýärler.

Otly we şäherara awtobus gatnawynyň ýol kireýiniň gymmatlaşygy häkimiýetleriň ýolagçy transport gatnawynda girizen gymmatlaşyklarynyň diňe biri. Ýatlap geçsek, 1-nji oktýabrdan şäher içi awtobuslaryň hem bir ugra ýol kireýiniň nyrhy 30 teňňe möçberde ýokary galdyrylypdy. Ýogsa, ol öň 20 teňňedi.

Şeýle-de bir aýlyk umumy ýolgaçy ýol peteginiň bahasy hem 8 manatdan 20 manada çenli ýokary galdyryldy.

Häkimiýetler tarapyndan şäher içi awtobus gatnawynyň ýol kireýiniň ýokary galdyrylmagynyň sebäpleri hem häzire çenli resmi taýdan düşündirilmedi.

Otly kassalary göçürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:41 0:00

Bu aralykda, paýtagtyň Çoganly obasynda gurlan Halkara awtobus terminaly açylandan soň, ýolagçylar otly biletlerini şol ýerdäki kassalardan satyn almaly edildi.

Oktýabr aýynyň 6-synda girizilen bu düzgün boýunça otla 5 gün öňünden gidiş biletleri paýtagtyň demirýol wokzalyndan takmynan 15 kilometr uzaklykdaky Halkara awtobus terminalynda satylyp başlandy. Paýtagtyň wokzalyndan bolsa indi diňe otlynyň ugrajak gününe biletler satylýar. Biletler çalşyryljak ýa-da yzyna tabşyryljak bolsa-da, ýolagçy 15 kilometr uzaklykdaky şol Halkara awtobus terminalyna barmaly.

XS
SM
MD
LG