Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tagtabazaryň 'amatsyz' mellekleri


Tagtabazaryň mellek ýerleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Tagtabazaryň mellek ýerleri

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Ýaşlyk daýhan birleşiginiň ilaty uzak wagtlardan bäri edip gelen umydyna, arzuwyna gowşup başlady. Ilatynyň aglabasy eklenç üçin oba hojalygyna bil baglaýan bu etrabyň ýaşaýjylarynyň arzuwy mellek ýerli bolmakdy.

Häzirki döwürde takyr ýere hatlar çyzylýar, mellek ýerleriniň bölünişigini görkezýän liniýalar çekilýär, maşgala başyna on iki sotkalyk ýeriň paýlanyp, adamlara mellek ýer berilýändigi aýdylýar. Bu, göräýmäge, obanyň ilatynyň durmuşynda ulakan oňyn täzelik.

Ýöne bir problema bar. Ilat sany 15,000 töweregi diýlip çaklanýan Ýaşlyk daýhan birleşiginiň daýhanlary üçin kesgitlenen ýer obadan 15-25 kilometr uzaklykda ýerleşýän Käriz diýilýän çölüň içinde ýerleşýär. Çölde häzirki wagt suw ýok, togam ýok, hatda ýolam ýok, olar ýakyn wagtda boljaga-da meňzänok.

Amatsyzlyklar

Özüni Myrat diýip tanadan 28 ýaşly ildeşimiz, şeýle ýagdaýlar sebäpli, ýakynda mellek ýeriniň eýesi bolandygyna garamazdan, begenjeginem bilenok, gynanjagynam.

“Mellek obanyň içinden beriläýen halatynda hem gurluşuk üçin 15-20 müň dollar çykdaýjy etmeli bolýar. Berlen mellegiň 25 kilometr uzaklykda, çölüň içinde ýerleşýändigini göz öňünde tutanymyzda, çykdaýjymyz hasam artar” diýip, Myrat Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýdýar.

Oba ýaşaýjylary üçin 20 müň dollar, elbetde, aňsatlyk bilen tapdyrýan pul däl. Emma paýlanan ýerleriň problemasy diňe onuň çölüň içinde ýerleşýändigi bilen çäkli däl. Ýerleşýän ýeriň uzaklygy, transport gatnawnyyň bolmazlygy, hatda kadaly ýoluň hem ýokdugy bökdençlikleri hasam artdyrýar.

“Transport ýok, ýol bolmansoň, çölüň içine gatnajak taksini hem tapmak kyn, haýsydyr bir taksiçi razylyk bildiräýen halatynda hem 50 manat soraýar, bu mellekden daýhanlaryň nähili gazanç etjegini göz öňüne getirmek kyn” diýip, Myrat sözüniň üstüni ýetirýär.

Agyz suwy

Şeýle-de agyz suwunyň ýoklugy ol ýerde gurluşygyň başlanmagyny ýa-da uzagyndan ol ýere göçüp barmak mümkinçiligini hem aradan aýrýar. Ol ýer suw çekilerden uzak, çölüň içinden gazylan guýularyň suwy hem şor.

Häkimligiň öz adynyň agzalmagyny islemedik bir jogapkär işgäri uzagyndan bu ýerleri suw bilen üpjün etmek planynyň bardygyny aýdýar, emma onuň nähili amala aşyryljagy häzirlikçe uly sorag. Sebäbi onsuzam bu etrapda suw gytçylygyny çekýän, hatda häzire çenli-de suw turbalary çekilmedik obalar ozaldanam barmak büküp sanardan köp.

Ýaşlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjylaryna mellek ýerleriniň näme sebäpden çölüň içinden paýlanandygy barada hem resmi düşündiriş bolmansoň, ilat arasynda her hili çaklamalar bar. Olaryň biri hem obanyň ululygy bilen düşündirilip, suwarymly ýerlerde mellek üçin paýlara ýeriň ýetmezçiligi bilen bagly bolup biler diýilýär.

Ýagdaý şeýle bolansoň, bu ýerleriň ýaşamaga amatly boljakdygy barada halk arasynda soraglar köp. Emma, muňa garamazdan, ýer paýlanyşyk prosesi dowam edýär, Kärizde liniýalar çekilýär, işläp ýören ýek-tük resmilere, häkimlik işgärlerine hem duş gelmek bolýar.

XS
SM
MD
LG