Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ortaça aýlyk näme?


Türkmen manady
Türkmen manady

Türkmenistanda ortaça aýlyklaryň bir müň amerikan dollaryndan ýokarydygy barada resmi habar berildi. Türkmen hökümetiniň “Altyn asyr” internet saýtynyň maglumatynda ilata mugt berilýän tebigy gazyň, elektroenergiýanyň, suwuň, duzuň, şeýle-de göz öňünde tutulýan käbir ýeňillikler hasaba alynsa, tutuş ýurt boýunça ortaça aýlygyň 1 000 amerikan dollaryndan ýokarydygy aýdylýar. Azatlyk Radiosy ortaça aýlyk diýilýän ykdysady görkezijiniň hasaplanyş aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, Orsýetiň “RBС” ykdysady agentliginiň bilermeni Aleksandr Ýakowlew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr, ortaça aýlyk diýlende, näme göz öňünde tutulýar? Ortaça aýlyk nädip hasaplanýar?

Aleksandr Ýakowlew: Ortaça aýlyklaryň birnäçe hasaplanyş usuly bar. Adatça, bu ýurt boýunça hasaplanylýar we ilatyň satyn alyjylyk ukyby esasynda kesgitlenýär. Bu ortaça aýlyga degişli statistika düzgünleri babatynda aýdylanda şeýle. Metodologiýa, ýagny hasaplaýyş usullary barada aýdylanda, olaryň ençemesi bar. Esasy usul Halkara zähmet guramasy tarapyndan teklip edilýär. Köp ýurtlar şol usuldan peýdalanyp, ortaça aýlygy ilatyň satyn alyjylyk ukyby esasynda kesgitleýärler.

Ykdysady ösüş boýunça guramanyň hem öz usullary bar. Umumy içerki önümçilik derejesine esaslanýan hasaplaýyş usullary hem bar. Umuman aýdylanda, sarp edijilik sebedi diýlen düşünje we bahalaryň indeksi ýaly görkezijiler hasaba alynýar. Bu ýerde mesele adamlaryň gazanjynyň möçberinde däl-de, şol pula näme satyn alyp bolýanlygynda. Ýagny, harytlaryň bahasy näçe we şol aýlyga harytlaryň näçesini satyn alyp bolýar?

Azatlyk Radiosy: Ortaça aýlyk diýlip kesgitlenen görkezijiniň we aýlyklaryň hakyky möçberiniň arasynda tapawudyň uly bolmagy nämeden habar berýär?

Aleksandr Ýakowlew: Bu, birinjiden, harytlaryň we hyzmatlaryň kadaly bazarynyň ýokdugyny, diňe gara bazaryň, has gymmat bahaly gara bazaryň bardygyny görkezýär. Ýagny, resmi derejede kesgitlenen bahalardan iş ýüzünde hiç zady satyn alyp bolmaýandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG