Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky türk zamunlary azat edildi


Ahmet Dawutogly
Ahmet Dawutogly

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutogly Yragyň Mosul şäherinde «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri tarapyndan zamun alnan 49 adamyň sag-aman Türkiýä getirilendigini yglan etdi.

Dawutogly 20-nji sentýabrda YD jeňçileri tarapyndan 11-nji iýundan bäri zamunlykda saklanan toparyň agzalarynyň ählisiniň kanagatlanarly ýagdaýdadygyny habar berdi.

Türk konsullygynyň işgärleri «Yslam döwletiniň» jeňçileri Mosul şäherini eýelände zamun alnypdy.

Zamunlaryň arasynda baş konsul Öztürk Ýylmaz, beýleki diplomatlar, esgerler we çagalar hem bardy.

Olar ir säher sagatlary Türkiýäniň Şanlyurfa şäherine getirildi.

Dawutogly azat edilen zamunlar bilen olar Ankara uçmazlaryndan öň, Şanlyurfada duşuşmak üçin, Azerbaýjana resmi saparyny gysgaltdy.

Türk hökümeti olaryň nähili şertlerde boşadylandygy barada diňe çäkli detallary beýan etdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň ýaýradan beýanatynda «öňünden planlaşdyrylan, her bir jikme-jikligi hasaplanan we gijäniň içinde doly gizlinlikde amala aşyrylyp, şu gün irden üstünlikli tamamlanan operasiýa» ýokary baha berildi.

Beýanatda Türkiýäniň «aňtaw gullugynyň bu ýagdaýy turuwbaşdan juda inçelik we sabyrlylyk bilen yzarlap, ahyr netijede üstünlikli halas ediş operasiýasyny geçirendigi» bellenildi.

Dawutogly olaryň aňtaw gulluklarynyň «öz usullary» arkaly azat edilendigini aýtdy.

"Günlere we hepdelere çeken intensiw tagallalardan soň, raýatlarymyz ir säherde bize gowşuryldy we biz olary yzyna, öz ýurdumyza getirdik" diýip, Dawutogly Şanlyurfada žurnalistlere aýtdy.

Garaşsyz gepleşik berýän NTV zamunlary boşatmak üçin töleg tölenmändigini aýtdy. Şeýle-de NTV olary halas etmek operasiýasy geçirilýän wagtynda «Yslam döwletiniň» jeňçileri bilen çaknyşyklaryň bolmandygyny habar berdi.

Habarda Türkiýäniň aňtaw gullugynyň zamunlaryň Yragyň we Siriýanyň içinde 101 güne çeken ýesirlikde ondan-oňa geçirilip, sekiz ýerde saklanyşyny yzarlandygy aýdyldy. Emma NTV öz çeşmelerini aýtmady.

NATO harby ýaranlygynyň agzasy we Birleşen Ştatlaryň regiondaky esasy ýarany bolan Türkiýe, zamunlaryň howpsuzlygyna salgylanyp, YD jeňçilerini ýok etmek üçin döredilen koalisiýa goşulmaga göwünjeň bolmandy.

Bu ekstremist topar, Waşingtonyň Yrakdaky jeňçilere garşy uran howa zarbalaryna jogap hökmünde, iki amerikan žurnalistiniň, britaniýaly kömek işgäriniň kellesini kesdi.

XS
SM
MD
LG